Düýn bir dizaýneriñ öýüne bardym,
Hemem sargyt etdim geñiräk köýnek:
-Modasy ýitmeýän, hemmä gelişýän,
Hemem ýeñil düşsün gyş, ýazda geýmek.
Bolsun bahasy-da hemmä amatly,
Şeýle köýnek tikip bolarmy? - diýdim
Soragy bersemem, beripdim welin,
Jogabyna goşup tokmagam iýdim:
-Ol köýnek eýýäm bar, ady hem "kepen¹",
Gerek bolan wagty aýlanaý - diýdi.
Geýmiñ bahasyndan utanan wagtyñ,
Şol hakynda köpräk oýlanaý - diýdi.
1. Kepen - Adam iň soňky ýoluna ugradylanda dolanýan 12 metrlik biz mata.
Kerim Hally
DIZAÝNER BILEN SÖHBETDE
-
Khanture
2 years ago
- Bar s*kdirseney payhasly
-
yyldyz.
2 years ago
- shularam ne gozel blogy zaýalayalar
Khanture 2 years ago- @payhasly Norm bol.
avtor yokarkyny men yazamok. Sayt bulagayy yazdy...