Barýadym kenaryň ýakasyn syryp,
Alňysaýan, howlukýan deý bir zada,
Bolşum meňzäp, birbelalardan dynyp,
Ýeke gezip ýörün çola meýdanda,

Birden peýda boldy duýansyz ýerden,
Yşk düşüp gözlem diýseň gamaşyp,
Ýörän ýolum üýtgäp gidipdir çenden,
Nätanyş ýol... gelsem nätjek azaşyp.

Muny görüp yza dönmek isledim,
Ätdim. peýda boldy bir eýmençli güýç,
Aýagymdan çeken ýaly zemine,
Gorkdym. beýle zada duşmandym öň hiç

Göwräm gitdi nätanyş bir çukura,
Ýagty dünýä gara tüme bürendi,
Urunsam-da, deşik tapman çykara,
Ellem gara ýeri, peşäp sermendi.

Älemi ürküzdim çirkin ses bilen
Elhenç owaz gelip tarsa oýandym,
Gözüm açdym, turdym agyr dem bilen,
Bu zatlaryň düýşligne, begendim.

Gurbanmämmet MEREDOW.

Çeşme: Galamdas.uCoz.Net

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir