Öwüs, ýel!
Gel, göwün derde
dilinmeýän ýere äkit!
Gam nämedir, gaýgy nedir,
Bilinmeýän ýere äkit!

Goýma…
Göter meni alyp,
Göge galyp, galyp, galyp...
Soň yzyňa ýüzüň salyp
gelinmeýän ýere äkit!

Besdir…
Bihuda çisňedim,
Ýagyp-ýagyplar diňsedim...
Aglaşan bolşup, ýeňseden
gülünmeýän ýere äkit!

Al, o ýana
Apar meni,
Gereklänler tapar meni.
Sanalmaýan puluň, demiň –
ölünmeýän ýere äkit!

Meger dogry.
Mümkin telek.
Ýör, gideli!
Ýör, ýa pelek!
Ýüregim bolup ot-elek,
elenmeýän ýere äkit!

Baş aýlansyn!
Bat al sen, bat!
Barybir, men etmerin dat.
Hakdan gaýrysyndan hiç zat
dilenmeýän ýere äkit!


Annamuhammet Kirşen

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir