Gadyrdan, agzalar ýalňyşmasam köpümiz uzak illerde ylym-bilime ýan bermän ylgaşlap ýörendirsiňiz. Her kim agyran ýerini tutar diýipdirler. Soňky 10-11 günüm biri-birini tanamaýan we bu ýa başga sebäpli boş wagty köp kişileriň içinde geçdi. Elkyssa, ol kişilerde dile çeperlik ýada edebiýatymyzda bolan halk döredijiligine garşy birparhlyk barlygy derdime dert goşdy. Biz kiçikäk sanawaç, matal, şorta sözler ýa ýaňyltmaçlar köp bilerdik. Göýä şony bilseň iň akylly boljak ýalydy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen öz tejribämiň we alan bilimimiň ynsanlyga goşan peýdaly ylmy barlaglarynyň netijesinde milli baýlyklar her bir raýata paýhaslylyk hakynda bir zatlar öwretýändigine göz ýetirdim emma bizde olary bir ýere jemleýän portallar az ýada ýetersiz. Bu sebäpli hem unudylyp gitmegi we bizden soňky nesiller we hatda biziň çagalarymyza biziň öwredip biljegimiz gümana. Garaz uzyn gepiň gysgasy bildiklerimiz günlik durmuşumyzda ulanyp dursak bizden gowy raýat, millet, dogan ýa jigi, ene ýa ata bolar diýip umyt etýän.

Täzelikler, Lalehan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir