Endik edip otly bakyşlaryna,
Garaýarka her gün ogryndan-ogryn,
Bu gün aýra düşüp goşgy ýazmaklyk ―
Kyn...
Ýeketäk hasaplap bu giň älemde,
Aýdyp onuň ilden artykmaçlygyn,
Bu gün bolsa kemçiliginem duýmak ―
Kyn...
Şanyna ençeler goşgular goşup,
Isleseň dünýäňde baky galmagyn,
Islegiň ýer tutman, nälaç köremek ―
Kyn...
Düýn haýyş edip yşkyň bagynda
Diňe özüñ üçin saýramaklygyn,
Bu gün özge bagda owazyn eşitmek ―
Kyn...
2013ý.
Sapa HOMMADOW
Kyn...
-
kwazimoda
3 years ago
- +++++goşgymy bu😂menem seniň beren soragy bereýin
-
Dogrudawalla
3 years ago
- Pegas hany gosgy ukyp barlamak zat... yzy yokmy indi ?!
-
Dogrudawalla
3 years ago
- Biza is edinip kelle agyrdan bolyas o setirine, ozem naroshona kyn setir yazypsyn oydyan) shulora kyn dushsin diyip. Arman soñy yokda(
-
ZET-PRO2003
3 years ago
- goşgy ýazmagyň täze-täze stilleri çykypdyr öýtýän :D
Yalnyz_yigit 3 years ago- +++++