Öýke etmäliň
Men size ýüzlenýän eziz halaýyk,
Geliň, bir-birekden öýke etmäliň.
Őýke jan saglygna zyýandyr-zyýan,
Geliň, bir-birekden öýke etmäliň.
Ýagşynyň, ýamanyň içinde hasap,
Belki, bir bijaý söz-tötäni bir zat.
Jogap berjek bolup durmalyň dyzap,
Geliň, bir-birekden öýke etmäliň.
Joralar, boýdaşlar, oglanlar, gyzlar,
Durmuş bilen deň gopmaly köňüller.
Ýanýandyr, sönýändir yşky ýalynlar,
Geliň, bir-birekden öýke etmäliň.
Durmuş bagta bagly, bagtyň getirse,
Ýoluň rowan, ähli zat el ýeterde.
Getirmese welin, ahwal beterde-
Geliň, bir-birekden öýke etmäliň.
Geçirimli bolmak, ýagşylyk etmek,
Öz ýoluňdan ýöräp menzile ýetmek,
Adam bolmak, ynha, iň uly hikmet-
Geliň, bir-birekden öýke etmäliň.
Gülkamar Mämmedowa.
30.07.2021 12:01
Живите дружно
-
Razymy?
3 years ago
- Salam. Sen uly gyzmy ya kici oglan?
-
Xyivenia
3 years ago
- Razymy?
Uly gyza menzeyanmi ya kici oglana siz ucin?
Black Wolf 3 years ago- Elbetde Oyke etmalin,