* * *
― Şundan bir ýüz ýetmiş bäş kilometrlikde edil şular ýaly bir oba bar ― diýip, Roza özüniň uzak bolar öýden, emma juda basym gutaran gürrüňine başlady. ― Elini çen bilen lagere tarap salgady. ― Gapdalynda-da edil şular ýaly lager bar. Men başda şol obada ýaşaýadym. Aslymyz Irkutskili. Men ýaşlygymdan ýetim galdym. Ýeke özüm. Dokuz-on ýaşlarymdadym. Garyndaşlarym hossar çykdylar. Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarydy. Olar ýetimleri gowy görýärdiler. Emma, hossarlarym dindar adamlardy we «hudaýsyzlar» hökmünde sowet hökümetini halamaýardylar. Şonuň üçinem meni çagalar öýüne bermediler. Özleri aldylar. Erbedem saklamadylar. Ýöne, meniň bar arzuwym basymrak ýaşymy dolduryp durmuşa çykmak we özbaşdak öýli bolmakdy.
Şonuň üçinem, mekdebi gutaryşym ýaly, kakabaşragam bolsa, goňşymyzyň Grişa atly ogluna durmuşa çykarman boldum. Hossarlarymam garşy bolup durmadylar. Mekdepde bile okanam bolsak, men Grişany gowy tanamandyryn ýa-da şol gylyk onda maňa öýlenenden soň peýda boldumy, bilemok, kakabaşlygyndan başga ol juda gabanjaňam ekeni. Ol meni hususan-da öz bile tirkeşýän, öýe getiribem oturyp-turuşýan dostlaryndan gabanýardy. Başlan wagtlary gowam ýaly. Niçikmi, aragyň humary beýnisine urýaram welin, şol keseli gozgap ugraýar. ― Roza gözlerini petige dikdi-de, bir zatlary ýadyna saljak bolýan ýaly oýlanyp oturdy. ― Haýsydygy ýadyma düşenok, öz-ä bir baýramçylykdy. Bir klasda okan dostlarynyň biri bilen aşhanada günuzyn içip oturdy. Ahyram sözleri azaşdy. Içki jaýda oturan ýerimde gykylygyň ýene-de özüm hakyndadygyny aňdym. Üznüksiz edilýän şol bir esassyz pikir, içki kitüw, Grişanyň halys beýnisini sürpän bolsa gerek, bir «Oý» sesi çykdy, ylgap barsam dosty aşhananyň ortarasynda gana bulaşyp ýatyr. Ep-esli ululykdaky aş pyçagy o görgüliniň böwründen sokaýan bolsa nätjek. Bahanasam şol bir zat: «Sen gözüňi içki jaýdan aýyraňok», «Ýaňy hajathana çykanyňda-da, Roza seredip gözüňi gypdyň», «Sen şondan hantama...», «Meň ýanyma-da şoň üçin gelýäň...». Men bar zady eşidip otyryn. Dostam özüni aklap halys boldumy, nämemi, içiniň ýangyjyna: «Howwa, dogry şol! Men Rozany gowy görýän. Men mekdepdekä-de gowy görýärin. Duşuşýanam. Nemetýänem. Boldumy? Ynjaldyňmy? Sen şony eşitjek bolduňmy?..» diýip, ulyili bilen gygyryp başlady. Netijesem ana, ýaňky aýdanym.
― Öldümi... ― diýip, Omar howsalaly sorady.
― Şo wagt... Şol wagtyň özünde takga jany çykdy. Doktor gelere-de garaşmady. Grişanyň özi welin «zörledip» şeýle bir aglaýandyr welin, bu göreniň däl. Özem: «Roza! Rozyçka! Meni halas et! Meni gora!..» diýip, arkamda bukulýa. Ilki oňa üýtgändir öýtdüler. Açylyşansoň welin sagdygyny bildiler. Sag adam hökmünde-de basdylar.
― Köp berdilermi?
― Azam däl. On ýedi ýyl. Ýöne, adamyň ömrüni ýyl bilen kesgitläp bolýamy näme? Açylansoň-a ökünýärem welin, nätjek, şeýtanyň ugruna gidýäler-dä. Şü, arakman giden arak gursun. Ahyr bir gün biziň halkymyzyň başyna ýeter şü... ― Ol tarelkada duran ýumşajyk kakdan kesip alyp, agzyna saldy. Çaý owurtlady. ― Ony şo-ol, ýaňky diýýän lagerime iberdiler. Barşy ýalam «gel» diýip, hat yzyna hat iberdi. Dözmedim, bardym. Uruşmazlaryndan öň göwrämde üç-dört aýlyk çaga bardy. Gan görenimdenmi ýa gaty gorkupdyrynmy, o-da düşdi. Soň welin, zat galmady. Şol obada on bäş ýyl ýaşadyk welin, gök dyrnakla gözümiz düşmedi. Şondan soň ol: «Keýp edip gezmek üçin özüň bekledensiň şonyňy» diýip, meni özümden gabanyp ugrady. Boşamagyna iki ýyl galanda-da bir zatlara bulaşyp, lageriň içinde turan gozgalaňmy ýa uly bir özara urşa gatnaşyp, şonda-da öldürildi. Şeýdibem ýeke galdym. Bar azabym köýdi. ― Ol gözüne gelen ýaşyny süýem barmagy bilen sylyp, burnuny çekdi. ― Biz aýallar görgi üçin ýaradylan bor-a çemeli. Oňa çenli ýaşymam durugyşdy. Otuzdan aşdy. Otuz bäşe golaýlaşdy. Bar zatdan beterem ýekeligim. Yzyma, Irkutskä gidesim gelmedi. Çünki, ol ýerde maňa garaşýan ýokdy. Ol obada-da galasym gelmedi. Iň bir owunjak zadam Grişany ýatlatdy durdy. Görsem ýyl-ýyldan gam basyp barýar. Ýerimi üýtgedäýenimi kem görmedim. Şu oba göçüp geldim. Aşpez bolup, lageriň naharhanasyna işe girdim.
Ýaş-ýuş däldigim üçin göze-başa ilerinem öýtmedim. Emma bendi diýeniň näme, suwsan goýun ýaly bir açgöz millet-dä! Ölüp-öçüp barýalar. Derwezeden girenimden gözleri bilen ýalaňaçlaýarlar-da, gözlerini süzüşip, göwün solpularyndan çykýalar. Gaýdanymda-da geýindirip goýberýäler. Maýyny tapyp golaýlaşjak bolýanlaram bar. Ýöne, men ýüz beremok. Şeýle-de bolsa, azmilletlerden biri alyp ýatdy. Çynmy, ýalanmy, bilemok, ýöne ýoldaşlary oňa Çingiz han diýýärdiler. «Basym möhletim dolýar. Ýöne yzyma gidesim gelenok, özüň ýaly özüň ýaly bir maşgala duşsa öýlenjegem, galjagam» diýdi. Aýdyşyna görä ferma müdiri ekeni-de, bäş sany goýun üçin, onda-da nähak ýerden on ýyl beripdirler. O-da ony iňňän ýokuş görüpdir. Başga sebäp bar bolaýmagam mümkin, çünki lagere düşýänleriň arasynda özüni günäkär saýýan ýok. Men welin oňa ynandym. Belki ynanan bolandyryn, bilemok. Geçip barýan ömrüm üçin erkek küýsän bolaýmagymam ahmal. Ol daýanyklydy. Gujurlydy. Düşekde-de ol meniň üçin, Grişa görä kän sapalydy. Şonuň üçinem, men onuň köp zatlaryna göz ýuman bolmagym ahmal. Möhleti gutarandan soň ol hakykatdanam meniň ýanymda galdy. Az wagtlygam bolsa, lezzetli ýaşadyk. Grişa ýaly gaty bir gabanjaň bolmasa-da, lagerdäki işimden welin çykardy. Şu posýologyň içinde hojalyk üçin gap-gaç çykarýan «minizawodjagaz» bar. Şoňa işe girdi. Menem saldy. Bileje gatnap--işläp ýördük. Urşamyzokdyk, sögüşemzokdyk. Ýekeje gezek dagam maňa el galdyran ýeri ýokdur. Meni şeýle bir gowy görýädi welin, ýatanda golumy ýasanyp, saçymy ýüzüne ýapyp ýatardy. Mydama gujaklap, kellesini göwsüme ýaplap oturardy. Men ondan hoşaldym. Meni oňa duşurandygy üçin Hudaýdan müňdebir razydym. ― Rozanyň gözlerine çyg çaýyldy. ― Ýöne, ol birden üýtgedi. Suslandy. «Öýe gidip gelmesem bolmaz» diýmäni, köp wagtlap sessiz-üýnsüz, içini hümledip oturmany çykardy. Öýünden bir habar alandyr öýtsem, ol hiç kim bilen hat alyşmaýardy. Gitse dagy yzyndan bararyn öýdüp gorkýan bor-a çemeli, ol maňa öý salgysyny aýtmaýardy, dokumentlerini görkezmeýärdi. Adynyňam çyn adydygyny ýa lakamydygyny sorasam, «Aý, ol hökman däl» diýip, başdansowma jogap berýärdi. Dogry, men onuň salgysynam, adynam, lagerdäki naçalnikleriň üsti bilen bilip bilerdim. Ýöne, birinjiden-ä ol «basym ýazylyşarys» diýip, arkaýyn edýärdi, ikinjidenem ýarym göwün adam bilen ýaşaşyp, ony özüňe zor bilen ýanýoldaş edip bolmajakdygyna düşünýärdim. Hakykatdanam nähak basylyp, özüni on ýylyň jebrine sezewar eden adamlardan aryny almaga gitjek bolýandyr, diýen pikirem kelläme gelmän duranokdy. Umuman, men ol gitse-de, gitmese-de, gidenden soň dolanyp gelse-de, gelmese-de kaýyldym. Özümi şoňa taýynlaýardym. Onsoňam onuň yzynda garrylary, aýaly, çagalary bolmagam mümkindi. Ýöne, ondan bir nyşanjyk galaýsa welin gowy görjekdim. Bir günem... Bir günem tursam ýanymda ýok. Düşegi entek sowabam ýetişmändir. Men ol gidäýende-de beýdip, hoşlaşman, razylaşman gidiberer öýdemokdym. Şonuň üçinem, iç-daş çykandyr, goňşy-golamlara barandyr, diýdim-de, çaý demledim, ertirlik taýýarladym. Göwünli-göwünsiz iýip-içip oturyşyma oňa garaşdym. Emma bolmady. Gelmedi. Günortandan soň gelmejegine gözüm ýetdi. Şeýle bir erbet boldum. Bir ýyla golaý bir düşekde dalaşyp, bir ýassykda başlaşyp, ysyna, dem alşyna, ýürek damarlarynyň urşuna öwrenişen adamyňdan birdenkä aýra düşmek, adama örän agyr degýän ekeni. Dogry, yzyndan-a ylgamadym, gözläp ýola-da çykmadym, sorag-idegem etmedim, ýöne, şol gün gijesi bilen agladym. Hatjagaz dagy goýmadymyka diýip, öýüň içini gyzyl-dörjük etdim. Ýok!
― Belki dini meselede bir gapma-garşylyk ýüze çykandyr?
Roza azajyk ynjady.
― Beýle bolsa men ony bilerdim ahyry. Ýok! Ýene bir gezek ýok! Menem-ä bir Injili ýassygymyň aşagynda goýup ýatýanlardan, gije-gündiz Isanyň suratyna seredip mynajat okap ýörenlerden däl welin, o-da namaz okap, oraza tutup ýörenlerden däldi. Dogry, gyzyklanan wagtym ol maňa musulmançylygyň düzgün-tertiplerini gürrüň berýärdi, ýöne, şondan aňryk geçenokdy. ― Zenan uludan demini aldy. ― Howwa, gidenine doly gözüm ýetenden soň men köçä çykdym. Obany öýme-öý aýlandym, goh turuzdym, paý-u-pyýada demir ýola gitdim, diýsem ýalançy. Hudaý göwnüme giňlik salandyr-da... ― Ol gyzaryp oturan gyzyna tarap baş atdy. ― Ine, şuň göwrämde galanynam men dogrusy birnäçe günden soň, agzym bitagam bolup başlanda duýdum. Özümem näme üçindir, «gyz bolaýbilseýdir» diýip, dileg etdim. Aýdyşym ýalam boldy. Şol aralykda Çingiz handan iküç sany dagy hat geldi. Emma salgysy ýok. Şonuň üçin menem gyzyň boldy diýip, ýazyp bilemok. Göwnüniň bir ýerinde gelmek höwesi bardyr-da, «bararyn» diýip ýazýa. Ýöne, görşüňiz ýalam gelmedi. Şeýle-de bolsa, men ondan gaty göremok. Bu ýagty ýalançyda her kimiň öz ýüki özüne ýetik ahyryn.
― Roza agyr ýüküň aşagyndan çykan ýaly hopugyp-hopugyp dem aldy. ― Ine, eziz myhmanlar, görşüňiz ýaly men gyzymy size berip biljek däl. Sebäbi siziň ýigitleriňiz ýelýürek. Durumsyz. Bu gün bir zat diýýäler, ertir bolsa özlerini bütinleý başgaça alyp barýalar.
Omar tolgunmakdan ýaňa gorsanjyrap başlady.
― Siz biziň ýigitlerimiziň diňe birini görüpsiňiz. Şoň bilenem hemmesine baha berjek bolýaňyz. Emma beýle bolmaýar ahyry. Onsoňam men aňrymam gizlämok, bärimem. Salgymam bukamok. Öýlenmändigimem, çaga-çugamyň ýokdugyny görüp dursuňyz. Isleseňiz bile gideliň ýa Annuşka pasport alandan soň bile baryň. Hemme zady gözüňiz bilen görüň.
― Не знаю… не знаю… ― Roza näme üçindir aktam bolan ýüzüni iki-baka sypajaklatdy. ― Galanynam görübiris...
― Meň kakam ýok. Ejemem bu ýerleri aşardan ejiz. Ýarty adam. Ýogsam men olary siziň ýanyňyza sawçylyga iberibem bilerdim. Ýene gelmelem bolsa men özüm gelmeli bolýan.
― Oňa zerurlyk ýok-la... Nesibäň çekip geldiň. Gördüň. Tanyşdyk. Muňa nesibe diýerler. Hudaý halasa soňam gowy bor... Ýöne, häzir belli bir zat aýdyp biljek däl.
Dil bilmänsoň Zerkäkil daýysy bilen Rozanyň gürrüňine goşulybilmedi. Özara söhbetiň gudaçylyk barada gidýäninem, Omaryň öz göbegini özi kesip oturandygynam aňdy. Goşulybilmeýänine, kömek edibilmeýänine gynandy. Şeýle-de bolsa, «ýatyp galmazlyk» üçin bir oky iki towşandan çenäp atdy.
― Roza daýza! Siz gudaçylyk, biz gudaçylyk. Siz horoşiý, biz horoşiý. Annuşka haraşo. Omar daýy haraşo. Nit-nit nynada. Da, da nada...
Roza Fýodorowna hezil edip güldi.
― Seniň şeýdip, gül ýaly açylanyňam her zada degýä, gyzym. Belki, ikiňiziňkem birden açylaýady-da.
Annuşka-da baryp ejesiniň arkasyndan gujaklady. Maňlaýyny çignine goýup aglady.
Namys ýesiri-13 (powest)
-
Korolewa
3 years ago
- Henize çenli dik duran garaýagyz, tokgaja zenan degirmen ýaly tes-tegelek syrtyny sowuk ýere «gülçüldedip» urdy.
― Heý-wa-a!... ― diýip, oglunyň ýüzüne jiňkerildi. ― Orusmy-y?..
― Orsam bolsa türkmenden kem däl ol, eje. Ine görersiň... Ynanmasaň Ejeşden soraý.
Ogultokga indi tiňkesini Zerkäkile dikdi. Kinaýaly ýylgyrdy.
― Dek düýnjigem özüň dälmidiň, «Alanam bolsaň taşlap gaýdaý doganym» diýip, obany örüzip ýören, indem ýörite gidip, şo ýerden daýyňa gelinlik getirýäňmi?..
Zerkäkil dodagyny çommaltdy.
― Şo gürrüňi biz şo ýerde-de ýatladyk, daýza. Gözüň bilen görseň bar zat başgaça ekeni...
Omar garaçyny bilen ejesini gyssady.
― Indi bolsa tur eje, öýe git, inim Osmany tap-da çekenä iber, üç-dört sany gurat mal getirsin. ― Soň ol hemmelere ýüzlendi. ― Baryňyzam biziňkä baryň. Üýşüň. Ertir toý diýip, oba ýaýradyň. Men bolsam maşynyň ugruna çykaýyn. Şu gün ugramasak bolmaz. Ertir gitsek, birdenem ýolda maşyn bozulsa, otla ýetişmezligimiz mümkin.
Hemmeler toý ýerine tarap ugradylar. Aksoltan bilen Zerkäkil ikisi söýgetläp, Towşanam alyp gitdiler.
* * *
Ulag sorap bolaýjak adamlardan Omaryň öňi bilen gözüne geleni Handurdy boldy. Ýöne, onuň maşyny ýat obanyň başlygynyňky. Özi göwnäýende-de başlygynyň göwnemezligi mümkin. Tejenem bir golaý ýer-ä däl. Gowşut galadan aýlanyp geçeniňdenem-ä ýüz kilometrden gowrak bardyr. Gowusy öz başlygymyza ýüz tutaýyn. Onsoňam özüňkiň üstünden bökmeklik gelşiksiz.
Golaýda Begli başlygyň ornuna geçen, çep eli tirsegindenem ýoluk, mydama çal kitelli, ak ädikli, «galife» balakly, çyrazy gulakjynly gezýän, orta ýaşlaryndaky, ýüzi mama dişän, burnunyň çep ganaty ýirik, Ýanar ýapaşagam erbet adam däl bolup çykdy. «Ýapaşak» lakamyna ol bir gürläp başlasa, ýapaşak inen ýaly durar ýerde durmaýandygy üçin, has ir, baryp-ha jahyllyk döwürleri alypdy. Ýöne, öz ýagdaýyny bilýä. Hemişe gysga hem manyly geplemäge çalyşýa.
Omaryň näme haýyş bilen gelenini eşidip ol begendi. Maşynyny bermäge göwünjeň boldy. Toý üçinem näme kömek gerek bolsa berjekdigini aýtdy. Oturan ýerinden sary ýagy, uny we kolhozyň ammaryndan bitirip boljak başga-da birnäçe azyk-önümlerine, kassadan almak üçin awans pula hat berdi. Toý üçin guma oduna gider ýaly ulag, adam berdi. Özüň beýläk gitjek bolsaň, haty Osmana beräý, şol alar, odunly meseläni men özüm çözerin, ugradaryn diýdi.
Başlygyň ýanyndaky partorg Medet aga guş bolup uçaýarly göründi.
― Ýanar, dogry edýäň, şu, ýaman intiriski zat şü. Seredip otyryn weli, şular ýaly «internasional» maşgala entek obamyzda ýa raýonymyzda-ha däl, asyl oblastymyzda-da ýokmuka diýýän.
Ýanar ýapaşak «ýyrş» edende burnunyň abat ganaty ýellenip gitdi.
― Aşgabatda Mämmet ba diýäýmeseň...
― Ol Aşgabatda. Ol respublikan möçberine girýär. Biziňki bolsa oba ýeri. Onda-da gelniň özi öz aýagy bilen gelýä... ― Ol Omaryň ýanyna geldi-de, elini egnine goýdy. ― Biz barymyz dik durarys, inim, a-arkaý-yn bol. Henize çenli görlüp-eşidilmedik toý tutarys.
Başlyk Medet aga:
― Sen meň şopurymy tap-da, bu ýigidi ugrat. ― Ol ýerinden turup bardy-da, ýapyk äpişgeden daşaryk äňetdi. ― Öz-ä şu töwereklerde bolmaly...
Sürüjini basym tapdylar. Sähel wagtyň içinde «ýollanma-da» ýazyp berdiler. Ýöne, ol Omara her niçik hem bolsa gije ýöremezligi, ertir irden ugramaklygy maslahat berdi. Onuň aýdyşyna görä bir-ä çyrasy gowy dälmişin, birem gije ukudan galsa adam pahyr ertesi bulamaga dönäýýärmişin. Gijäň bir wagtlary baryp bir ýerlerden myhman ýer gözlemeli, olary turuzmaly. Galanynam özüň bil, gideli diýseň gidiber...
― Ertir ugrap, birden ýetişmän durmasak bolýa.
― Ony men boýnuma alýan.
...Ertesi irden Zerkäkil bilen Ogultokganam alyp ýola düşdüler.
Etrap merkeziniň içinden geçip barýarkalar, «Raýkomyň» jaýynyň öňünde Handurdynyň öz maşynyna güýmenip durandygy Omaryň gözüne kaklyşdy. «Sakla» diýip, sürüji Baýhana yşarat etdi. Düşüp baryp salamlaşdy. Ýersiz-ýere «ýyrş-ýyrş» edip durşuna:
― Bagyşla akga, men gyssag. Ertir, gowusy şu gün agşam öýe bar... ― diýdi.
― Hä, näme... Näm ba?.. ― diýip, bir zatlary süňňi syzan Handurdy howlukmaç gepledi.
Omar «hyňk» edip aşak bakdy. Oňa derek yzky oturgyçdan, Zerkäkiliň sesi eşidildi.
― Ol öýlenýä, öýlenýä... Häzirem gelin almaga barýa. Şu maşynam gelnaljy.
― Beh... Ol-a bolaýypdyr. ― Ol «lökgäň» içine kellesini sokup, Ogultokga ýüzlendi.
― Gutly bolsun. Gazygynda garrasyn...
― Taňryýalkasyn.
...Ýolda ýykylman-sürüşmän geldiler. Onda-da üç sagat gowrak ir geldiler. Wokzalyň naharhanasyna baryp nahar iýdiler. Çaý içdiler. Wagt golaýladygysaýy Omaryň ýüreginiň urgusy artyp başlady. Onuňam sebäbi ejesi Annuşka üçin gelin köýnek, don, gülli jorap alyp gaýdypdy. «Şony şu ýerde geýdirmelimi ýa oba ýetiberende geýdirmelimi? Asyl-ha Annuşka oňa razy bolarmy? Ýa şo zatlardan howy basylyp göni yzyna gidiberermi? Ony howpurgadýan zatlar ana şol. Çünki, Sibirdekäde olar o zatlar barada gürleşmändiler. Asla olar ýaly ownuk-uşak zatlar ýada-da düşmändi. O wagtlar bar zat söýginiň howry, yşkyň möwji, ýüregiň emri bilen çözülýärdi.
Ine-de adamlar iki-baka «zowzullaşyp» ugradylar. «Gelýä-de-gelýä» boluşdylar. Bu ýerde reproduktor ýok. Perronam bir. Otlynyň gelenini, duranyny görmän, bilmän galjak gümanyň ýok.
Ine-de şol otly. Tiz ýöreýän «Aşgabat ― Moskwa» otlusy.
«Gürs-gürs-gürs...»
«Şak-şak-şak...»
«Pts-s-s...»
Omar telegramada görkezilen wagonyň öňüne bardy. Barşy ýalam dik depesinde tanyş, aýal sesi ýaňlandy.
― Ama-a-ar!..
Ol ses soňlanmanka aşakdan Omaryň ýogyn sesi bilen utgaşdy.
― An-nuşka-a-a!..
Zerkäkiliň sesem olaryňka utgaşdy.
― An-nuş-ka-a-a-a!..
Şatlykly çykan bu seslere otlynyň ugurdaş çalan «zogam» goşuldy-da, myhmanlaryň garşy alnyş derejesini hasam dabaralandyrdy.
Omar Annuşka elini uzatdy. Basgançakdan-baçgançaga emaý bilen basyp, ýere düşendenem ony garbap alyp bagryna basdy. Öwran-öwran ogşady. Oňa çenli Zerkäkilem gelip, Annuşkanyň arkasyndan aslyşdy. Şol gyzyň öz gelinligidigine gözi ýeten Ogultokga-da, olara goşulyşdy.
Gujaklaşmak, öpüşmek, şolar ýaly-da, birek-birege aýdylmaly sözleri aýtmak, sowal-jogap çäresi tamam bolup, biri-birlerinden aýrylyşanlaryndan soň, töweregine çalarak göz aýlan Omar, gapdalyndaky özlerine bakyp, ýylgyryp duran dolmuş zenanyň Rozadygyna ynanmajak boldy. «Gaty tolgunandyryn-da, gözüme görünýändir» öýtdi. Emma ol zenanyň:
― Ну, здравствуйте, Амарчик ― diýmegi bilen bar zat ýerine geldi. Omar:
― O-o-o... Roza Fýododrowna!.. ― diýip, Omar indi özüni gaýynenesi bilenem, gujaklaşyp, gadyrly görüşdi. Biraz aňkarylyp duransoň Zerkäkilem öňki hereketlerini gaýtalady.
― Gudaň! Gudaň! Annuşkanyň ejesi-i... ― diýip, şol aralykda onuň kimdigini Ogultokga habar bermäge-de ýetişdi.
Garaşylmadyk ýagdaý bolansoň, Rozanyňam gelmegi ýurt eýelerini hasam begendirdi. Şatlyklaryny goşalandyrdy.
...«Gaňňaly» bilen «Dumanlynyň» arasynda sähelçe wagtlyk durup, aýaklaryny ýazandyklaryny hasap etmeseň, säginmän diýen ýaly öz raýonlaryna geldiler.
Raýon merkezine ýetmäge garagörnüm galanda bir gadymy depe bardy. Ýerli halk ony soňky döwürde «Bagt depe» diýip atlandyrdy. Her bir ýaş çatynjalar toý güni gelip, şonuň üstüne çykýardylar we özlerine bagt arzuw edýärdiler.
Bularam şonuň üstüne çykdylar we gyza gelin eşiklerini geýdirdiler. Gözüň ýagyny alyp barýan akly-gyzylly, ullakan keşdeler salnan gyrmyzy kürte, ýakasy ondanam nepis keşdeler bilen bezelen gyzyl keteni ejeli-gyzyň akylyny haýran etdi. Kürtäni gyzyndan öňürti Rozanyň özi atynyp gördi.
― Gelişýämi... ― diýip, aňyrrakda gümür-ýamyr edişip duran ýigitlere tarap seretdi.
Ýolboýy sesini çykarman diýen ýaly gelen sürüji ýigit hezil edip güldi.
― Gaty gowy gelişýä. Ine, häzir oba bararys welin, Roza daýza, size-de bir kürte, keteni taparys. Kürte-de taparys, babaýam taparys.
Roza degişmä düşündi. Hezil edip güldi. Hemmelerem gülüşdiler.
...Gün eňegini ýere beriberende gelinli maşyn toýhananyň gapysyna gelip durdy. Esasy toý ertire bellenenem bolsa, şol wagtam onuň garam-guramy ýetik ekeni. Kim ertire gerek boljak eti dograp, süňkleri çapyşdyryp otyr. Kim käşirdir sogan ardyp otyr, biri çekdirmeli, biri palowly, biri ýarmaly gazanlaryň hersiniň başynda bir kişi aýlanyp ýör, garaz, giden bir ibirtde-zibirtlik.
Gelin maşyndan düşüşi ýaly, ýygy hem bitertip oturan pagsa jaýlardan toý eşigindäki gyz-gelinler, aýallardyr-çagalar bosuşyp çykdylar. Gelniň üstünden nogul-nabat, kagyzly kemput, köke, kişde, pisse, şaýylyk, ownuk pul seçdiler.
Zerkäkil Annuşkany tutaklap beýlekilere görä ulurak hasap edilýän, bolşuna görä bezelen jaýyň içine saldy. Töre geçirdi. Oturtdy. Özem oturdy. Oňa çenlem gelniň daşyny ýaş gyzlar gurşap aldy.
Az salymdan soň Zerkäkil daşarda içi gysmasyn diýip, Rozanam gyzynyň ýanyna getirdi. Olar gijäni şol ýerde bile geçirdiler.
Ertesi ir bilen on-on bäş sany gazan ataryldy.
«Myhmanymyz ors bolsa, şu-da artykmaçlyk etmez ― diýip, partorg Medet aga kolhozyň kontorasyndan iki sany stol, ýedi-sekiz sanam stul getirdipdi. Onam ortada goýdular, üstüne ýaşyl begres ýazdylar.
Partorgyň aýdyşy ýaly boldy. Gyzynyň ýanyndan çykan Roza göni baryp stoluň başyna çökdi. Yzy bilen çykan Zerkäkilem ýanyna çagyrdy. Özüni toýuň beýemçisi hasap edip ýören Medetem bir ýerden «haş-haş» edip geldi. Derrewem oňa-muňa görkezme berip ugrady.
Maşynyny aňyrrakda bir ýerde goýandyr-da, Ýanar ýapaşagyň sürüjisi Taňňam ýerden çykan ýaly «ýyrş-ýyrş» edip geldi-de, Rozanyň gapdalynda oturdy.
― Başlyk: toý ýerde bol, kömekleş, özümem bararyn diýip iberdi. Maşynlyk näme ýumşuňyz bolsa aýdybermeli... ― diýip, ol hem partorga, hemem, toý eýelerine degişli edip aýtdy. Soňam özüne bakyp ýylgyryp oturan Rozanyň ýüzüne seretdi-de, düýnki, «Bagt depäniň» üstündäki degişmesini dowam etdirdi. ― Gelneje, saňa-da babaý-a tapdym, indi diňe kürte tapaýmasy galdy...
Roza-da degişmä degişme bilen jogap berdi.
― Be-e... Kimkä ol maňa babaý boljak adam? Nähiliräk adamka? Ýüzi-gözi bir ýerindemikä? Iň bolmanda şoňa meňzeşräk birini görüp bolmazmyka?
― Görüp bolar...
-
Korolewa
3 years ago
- Öňden gepleşilip goýlan ýaly edil şol wagtam maşynyny «tyrladyp» Handurdy peýda boldy. Içinde düşürmeli bir zat bardyr-da, ol maşynyny adamlaryň duran ýerine getirdi. Düşdi. Aýalynam getiren eken, «ýalp-ýalp» edip o-da düşdi.
Handurdy Medet aga bilen görüşmek üçin elini uzatdam welin, Taňňy Roza ýüzlenip:
― Roza daýza, ine, ine, şular ýaly bolsa bolýamy?..
Roza Handurda tarap çiňerildi. Çiňerildigisaýam ýüzi üýtgedi. Bir agardy, bir gyzardy.
― Боже мой... Боже мой... ― diýip ýakasyny tutdy. ― Неуже¬ли я вижу сон?.. Неужели это он?.. Bolup bilmez, bolup bilmez...
Handurdy bolsa hiç kimiňem ýüzüne seretmän, hemmeler bilen ýeke-ýeke görşüp gelýär.
Ine-de, gezek Roza ýetdi.
Handurdy eliniň alynmaýandygyny duýup, garşysyndaky garanyň ýüzüne seretdi. Seretdigisaýam indi munuň reňki üýtgäp başlady. Rozanyň «Боже мойы» indi muňa geçdi.
― Eý, Huda-aý!.. Eý Taňry-ym!.. Eý, Roza-a... Bu senmi ýa meň gözüme görünýäňmi?
Roza ýerinden turjak ýaly etdi-de, birdenem oturan oturgyjy zady bilen arkanlygyna gaýtdy. Hälem arkasynda duranlar ony tutmaga ýetişdiler. Kimdir biri kiçiräk keçe, ýorgança getirip ýazdy. Rozany şonuň üstünde ýatyrdylar. Ýüzüne suw sepdiler. Bili ak ýaglyk bilen guşalan garaýagyz garryja aýal «şatyrdadyp» ýüzärlik tütetdi. Şondan soň Roza özüne geldi. Gözüni açyp töweregine seretdi. Handurda gözi düşendenem oňa elini uzatdy. Handurdy ony galdyrdy. Ýerinden turuzdy. Gollaryny giňden gerenini görübem, Rozany garsa gujaklady. Ikisi birmeýdan bile biten ýaly yranjyraşyp durdular.
Muny görüp, Handurdynyň häliden bäri erkekleriň gohlaryna aňkarylyp, gelinli jaýa gidibilmän duran aýaly:
― Heý-wa-a!.. Bular nädişiberdiler ― diýip, gykylyklap başlady. Baryp äriniň ýagyrnysyna «küdüňledi». ― Gyýuw, odalan namyt bi nätdigiň boldy bi? Aýryl it masgarasy bolmankaň. ― Soň Rozanyň saçyndan penjeledi. ― Kim-u-uw, sen? Goýber meň ärimi iki girmedik bolsaň... ― Elini Rozanyň saçyndan aýransoňlaram oňa tarap haýbat atmasyny goýmady. ― Nirden gelen bela bi, Sapar Dowlatyň tazysy ýaly bolup...
...Gujagyndan goýberensoňam Handurdy Rozany sypdyrmady. Aýalynyň gykylygyna ünsem bermän, onuň iki çigninden penjeläp durşuna:
― Sen nädip bu ýerlere düşüp ýörsüň? ― diýdi.
Rozanyň: «Seni gözläp geldim, äkitmäge geldim» diýesi geldi. Ýöne onsuzam gahary ýetjek derejesine ýeten «gündeşiniň» duýgusyny mundan artyk joşdurasy gelmedi. Şonuň üçinem, gözýaşlaryny süpürip durşuna:
― Gudamyňka görme-görşe geldim ― diýdi.
― Düşünmedim.
― Düşünmedik bolsaň düşnükli edip aýdaýaryn. ― Ol barmagyny gelinli jaýa uzatdy. ― Şol jaýda oturan gelin meniň gyzym.
― ...
― Ýene-de düşünmediňmi? Onda has düşnükli edip aýdaýyn. ― Şol jaýda oturan gelin seň gyzyň...
― ...
― Ikimiziňem gyzymyz.
― Onda men nämüçin ony bilemok.
― Bilmersiň-dä, yzyňy ýel çalan ýaly etseň. Hat ýazmasaň, adresiňi aýtmasaň... Bu ýerlerde saňa duşaryn diýip dagy ýatsam-tursam ýadyma-oýuma düşmese näme...
― Bu diýýänleriň dogry, Roza. Men günäkär. Ýöne, sen bulara nädip duşup ýörsüň?
― Bu uzak gürrüň. Soň düşünişeris. Sen häzir gowusy bar-da aýalyňy köşeşdir. Menden däl-de, şondan ötünç sora.
Handurdynyň aýalam gaty bir keçjek ýa şerraýy-ha däl ekeni. Äriniň gürrüňi boýunça, edil gyzynyň barlygyndan bolmasa-da, galan zatdan habarlam ekeni.
Täzelik bilen Annuşkanam tanyşdyrdylar. Ömrylla görmerin, diýip ýören gaýybana kakasyna gelip-gelip şu ýerde duşandygyna ol juda geň galdy. Ony görkezmeklerini haýyş etdi.
Bu haýyş Handurdynyň özünde-de ýok däldi.
Şonuň üçinem, ol ýanyna aýalyny, Rozany, Zerkäkili we toý eýesi ― Omaryň ejesi Ogultokgany hem alyp, gelinli jaýa bardy.
Annuşka kürtesini aýyrdy. Rozanyň: «Ine, şü seniň kakaň gyzym» diýerine mähetdel: «Kaka jan!..» diýip, Handurdynyň boýnuna zyňdy. Handurdy onuň maňlaýyndan hem ýaňaklaryndan ogşady.
― Bagtyň ýagşy bolsun, gyzym. Aýagyň düşsün... Toýdan soň görüşeris. Men sizi myhmançylyga-da çagyraryn... Häzirlikçe hoş...
Annuşka ýene-de kürtesini başyna atdy.
Oblast boýunça ilkinjidir güman bu internasional toý, kolhozyň partiýa guramasynyň sekretary Medetiň arzuw edişi ýaly, raýon möçberinde, dabaraly ýagdaýda, göreldeli geçirildi.
Ýanar ýapaşagyň çakylygy bilen, toýa raýonyň ähli kolhozlarynyň başlyklary, raýonyň partiýa komitetiniň birinji sekretary, ispolkomyň başlygy we raýondaky uly edaralaryň hemmejesiniň başlyklary hem geldiler.
Edil hökümet baýramçylygynda edilişi ýaly, at çapdyryldy, göreş tutduryldy, mergenler ýaryşdyryldy. Başlyklaryň, Birinji sekretaryň, ispolkomyň başlygynyň oturjak ýerleri owadan halylar bilen bezeldi.
Bu zatlaryň barysy Rozanyň göwnüne ýarady. Şonuň haýyşy boýunça, düzgüne nälaýygragam bolsa, ähli tomaşalary, çäreleri, Annuşka-da görkezdiler. Elbetde, kürtesini aýyrmazlyk şerti bilen.
Toý öňli-soňly üç güne çekdi.
Ýaşlar maksat-myratlaryna ýetdiler.
Şondan birki gün geçenden soň Handurdam Roza bilen gyzyny, adamsy Omar, onuň ýegençisi Zerkäkil, Aksoltandyr Ogultokga bilen bilelikde myhmançylyga çagyrdy. Dowar soýup, hezzet-hormat etdi. Bagşy aýtdyrdy. Başda Roza bilen saçýolly oýnan aýaly, soň onuň bilen şeýlebir ysnyşdy welin, hatda ugratjak wagty: «Roza jan, bolmasa senem galaý, biziňkide, herimiz Hanyň bir gujagynda ýatybiris...» diýip, degişmäge-de ýetişdi.
Hoşlaşjak wagtlary Roza Handurda näme üçin, onda-da aýtman--diýmän gaýdandygyny soraman durup bilmedi.
― Näme diýsemkäm... ― diýip, Handurdy günäkär halda ýyljyraklap gepledi. ― Her säherler dutaryň owazy, bagşylaryň sesleri gulagymdan gitmedi. Onsoňam ýap boýunda biter şoralaryň, köllerdäki ýandaklaryň, tamdyr çöreginiň ysy burnuma geldi durdy...
― Umuman, Watana, dogduk diýara bolan küýseg...
― Howa... Şeýle... Aýdan bolsam welin gaýdybilmezdim. Çünki, men senem edil, Watanym deý gowy görüpdim. Annuşkanyň düwünçek bolanyny bilen bolsam dagy... Sebäbi ol wagt men öýlenmedikdim, çaga-çuga ýokdy. Diňe dogan-garyndaş... Dost-ýarlar diýäýmeseň... Ýöne, seniň bu ýere geleniňe, Annuşkanyň saý-sebäp bilen hut şu ýere, atasynyň obasyna durmuşa çykanyna men örän şat. Durmuşda gör, nähili garaşylmadyk, geň-enaýy zatlar bolup geçýär...
Bu şаtlykly günlеr аz wаgtlyk hеm bоlsa, Zеrkäkiliň gаýgysyny kеmeltdi. Оl birhili, еdil оkuwçy döwründäki ýаly juwаn görkünе girdi. Ýüzi tеrlendi. Gözlеri jöwhеrlendi.
Rоza-da bаşda olаryň ýаnynda bоldy. Ýönе, giýеwiniň hаýyşy bоýunça Аnnuşkanyň ýаnyna gеçdi.
Ol bаşda: «Ýаt ýerlerik gyzуmy ýekе goýbеrmäýin» diýеn niýеt bilеn gаýdypdy. Gelеn günlеrem оl şо pikirdedi. Еmma, ýerli-ýerden çеkeläp оny gоýbermediler. Ilki bir аý bolаý, sоň iki аý bolаý» diýdilеr, sоňam «Ilkinji agtуgyňy bir görüр git» diýdilеr.
Indеm hеmmеler оny hеmişelik gаldyrmanyň alаdаsynda.
Dеgşip аýdýamy ýa çуny bilеnmi, Mеdet-ä hеr gezеk duşаnda оňa: «Rоza, gitme uruş weteranlarуmyzyň biri sаňa аşyk bоlup ýör. Annuşkаňky ýaly saňa-da bir ullakan «internasiоnal tоý tutаly» diýiр ýör...
Şоňa imrindimi ýa hаkykatdanam gуzyndan aýrylаsy gelmеdimi sоňabaka ol: «Ýеri bоlýa-da, оnda mеn iň bоlmanda gidiр jаýymy bir satуp gelеýin...» diýmäni çykаrdy. Оňa-da Annuşа göwnеmedi. «Gidеn bir jаý bоlsun, еje. Ýоl ýagdаýyny özüň bilýäň. Bir gitsеň gelеrsiňem öýdеmok. Gоwusy gitmе...» ― diýdi.
Şeýlelik bilen onluk mesele çözüldi.
Zerkäkili mekdep okalgasyna müdir edip bellediler. Roza-da boş oturmazlyk üçin, mekdebe süpüriji bolup işe girdi.
Indiki ýyl tomus, Omar oba hojalyk institutynyň maldarçylyk bölümine, Annuşka bolsa mekdep direktorynyň haýyşy boýunça, uniwersitetiň rus dili bölümine gaýybana okuwa girdiler.
Zerkäkilem äkitjek boldular. Emma ol göwnemedi. «Siz gidiň, okaň, meniň bar ylmym, höwesim Sibiriň ýolunda. Meniň ykbalymda başga zat görnenok...» diýdi.
«Çeken jebri-jepalaryňam ýetik, agyr iş bir etme» diýip, oba guramalary oňa obadan ýeňil iş berjek boldular. Mysal üçin, oba kitaphanasy. Oňa öň Myrat aga diýip, gözi galyň äýnekli, topaz burun, mydama stoluň başynda çalymtyl gara güpbüsiniň ýakasyna bukup, üsgürinjiräp oturan «frontçy» ýaşuly ýöredýärdi-de, ýarawsyzlygy zerarly golaýda işden gidipdi.
Emma Zerkäkil oňa-da göwnemedi.
― Bir özüm bir jaýda düwdek bolup otursam içgussa bolaryn. Okyjam setanda-seýranda geler, aljak kitabyny alybam gider. Gowusy men meýdan işine gideýin, köpçüligiň içi ýene ýagşydyr ― diýdi.
― Olar ýaly bolsa, onda sen meýdan işlerinde işleýän daýhanlaryň çaýyna-naharyna seredäý... ― diýdiler.
Ylalaşdy. Şondan ýarym ýyl soň köpden bäri «hyk-çok» edip ýören Towşanam ýogaldy-da. Peleň awçynyň öýünde ejesi bilen Zerkäkiliň bir özi galdy.
Zerkäkiliň niýetine, maksadyna gutarnykly göz ýetiren ýaş-ýeleň juwanlaram oňa lak atmalaryny, gep oklamaklaryny, hat ýazmaklaryny goýdular. Oňa ulular bilen bir hatarda obanyň özboluşly bir mukaddesligi hökmünde garap başladylar.
Ýöne näme, «Her kimi bir köýe salan Allah» diýlişi ýaly, hatda Annuşka, Roza ýaly köne tanyşlary, klasdaşy Solmaz, bir wagtlar bile gyzyşan jorasy Gyzylgül dagy hem kem-kemden aýaklaryny kesdiler. Daşlaşdylar.
Uzyn gyş gijelerinem, çybynly-çirkeýli keltejik, tomus gijelerinem indi eneli-gyz ikisi biri-birleriniň ýüzlerine seredişip, uludan demlerini alyp geçirmeli bolýardylar.
Gökböri baradaky gürrüňlerem bir gijä ýetse, ikinji gijä ýetmeýärdi.
Ine, şol içgysgynç gijelerem, özüniň şahyrdygyny bir wagtlarky ýazan goşgularyna ulil bolup aýdandyklaryny Zerkäkiliň ýadyna saldy.
Ýöne, indi ol öňküleri ýaly gulluga gidip, rus gyzlaryna öýlenýän obadaş oglanlar, urşa giden agalar, iniler, atalar barada däl-de, hatda adaty lagerem rowa görülmän, has ýowuzlarynyň birine iberilen söýgülisi Gökböri barada, özüniň oňa ýigrimi bäş ýyl däl, ýüz ýyl garaşmalam bolsa garaşjakdygy barada ýazmalydy. «Gelse ― geler, gelemse ― gelmedigi bolar, maňlaýymdan görerin, kysmatymdan nägile bolman...»
...Şondan soň Zerkäkil gije diýmän, gündiz diýmän, iş diýmän, öý diýmän, ýene dürli kapyýalaryň, setire salyp bolaýjak many-mazmunlaryň gözleginde boldy. Temasy: «Gökböri. Onuň namys ýesirligi. Çeken we çekip ýören azary. Aralaryndaky şeýlekin şowsuz, bulaşyk söýgi. Gelejege bolan umyt.
Ýöne, ol bu goşgularyny öňküleri ýaly ile ýaýratmady, joralary bilen üýşüp aýdym edip aýtmady. Raýon gazetine-de bermedi. Asla hiç kime ýazýandygynam bildirmedi.
Niçikmi, bäş-on goşgy ýygnandymy, kagyz bukja salýardy-da, Gökböriniň adresini ýazyp, öz eli bilen poçta oklaýardy.(dowamy bar)
Juma Hudaýguly
-
Korolewa
3 years ago
- Biraz koprak goyupdyryn oydyan bu bolumde)
-
soho
3 years ago
- @Korolewa, nadyas jigi, azaldyasmy ya entegem barmy ep-eslije!?
-
Xyivenia
3 years ago
- Garashyan dowamyna
@Korolewa bu gezek cyndanam kan goyupsynyz sonyna cenli okajak bolup oydakilerden gep baryny esidip ahyr okap boldum :)
14.07 2021 12:55
-
Xyivenia
3 years ago
- ― Roza daýza! Siz gudaçylyk, biz gudaçylyk. Siz horoşiý, biz horoşiý. Annuşka haraşo. Omar daýy haraşo. Nit-nit nynada. Da, da nada...
Ruscany Zerkakilden owrense boljak eken :D Nit-nit, da da nada :))))
14.07.2021 13:01
-
Korolewa
3 years ago
- Soho, onusyny aýtmaly syr bolsun:) ozuniz gorersiniz
-
Korolewa
3 years ago
- Xyivenia, wahey. "Goy shu telefony" diyendira oyundakiler )
-
Korolewa
3 years ago
- Ruscany Zerkakilden owrense boljak eken :D Nit-nit, da da nada :))))
Howwa))
-
Xyivenia
3 years ago
- Korolewa
46 seconds ago
* Xyivenia, wahey. "Goy shu telefony" diyendira oyundakiler )
Howa su guna sen gyz is etman telfona yapyshyp yatyn isin telfon boldy diyip kellami iydiler. :)
14.07.2021 13:08
-
Bibish
3 years ago
- Sps.dowamyna garashyan
-
Bibish
3 years ago
- Sps.dowamyna garashyan
-
Korolewa
3 years ago
- Xyivenia, hehe) öñ menem eshidyadim sho sozleri)
Korolewa 3 years ago- Bir zerur zady ýadyndan çykaran ýaly, Omar Roza tarap omzady.
― Ol öýden bir zatlar alyb-a giden däldir-dä, hernä?
― Kim?
― Çingiz han...
― Ýok. Diňe ýol kireý alypdyr.
― Her niçik hem bolsa siz ony gow-a görýäňiz.
― Elbetde.
― Egerde gaýdyp gelse, siz ony kabul edermisiňiz?
― Gürrüňsiz...
...Howluda horazyň sesi ýaňlandy. Diýmek daň atypdyr. Ýarym sagadam bolsa gözüniň awusyny almak üçin her kim oturan ýerinde gyşardy.
* * *
Obanyň içindäki dükanjyklar, çaýhana üçin azyk harytlaryny, poçta, medpunkt üçin däri-derman, başga-da birnäçe zerurlyklar üçin yzygiderli bolmasa-da, her hepde-de azyndan iki gezek gelip gidýän uly maşynlar bar ekeni. Ýöne olar gelende-de, gidende-de ýükli bolýamyşyn. Diňe kabina iki adam almak bolýa. Ol iki ýeriňem görüp otursalar adamsy ýetik eken.
Myhmanlaryny şol ulaglaryň biri bilen ugratmak üçin, Rozanyň eden ähli talaplary başa barmady. Haýsydyr bir iş üçinmi ýa wokzaldan birini alyp gaýtmalymy, hemişe ekinçilige ders çekip ýören arabasynyň üstüne gury bede düşäp, saman ýazyp duran arabakeş Haritonyç Rozanyň näme üçin elewräp ýörendigini bilensoň şähdaçyklyk bilen:
― Özüňi äkitmeli bolsa-ha höwes bilen... Baý hezil ederdig-ä... Tä, myžžygymyz çykýança, hä?..
― Мне не до шуток, Харитоныч ― diýip, Roza gaty çyny bilen gürlänsoň, arabakeş äheňini üýtgetdi.
― Bolýa, bolýa, Rozyçka, bolýa. Getir myhmanlaňňy. Men olardan muzdam alman. Ýolda içim gysmaz ýaly gümürdi bolsa bolýa.
Oňa çenlem Omar bilen Zerkäkil ikisi Annuşkanam alyp, tebibiňkä gidip geldiler. Onuň bilen hoşlaşdylar, hasaplaşdylar. Araba tapandygy, şunça wagtlap çyn garyndaş kimin hossarlyk edendigi, ekläp-saklandygy üçin Roza daýzalaryna-da minnetdarlyk bildirdiler. Annuşka bilen bolsa myhmanlaryň ikisem gujaklaşyp, ogşaşyp hoşlaşdylar. Hat alşyp, gatnaşyp durmaklygy wadalaşdylar.
Araba münüp ugrabermek galdy. Şu ýerde-de garaşylmadyk, amatly bir ýagdaý ýüze çykdy, ýagny, şol döwür haýsydyr bir bütin soýuza belli, atly ýazyjy resmi suratda Sloweskiniň ähli lagerlerine aýlanýardy. Lageriň durmuşy, üpjünçiligi, bendileriň ýagdaýy bilen tanyşýardy.
Çingiz han gidenden soň Roza ýene-de lageriň aşhanasyna işe giripdi we bu zatlardan habary bardy. Salpy murtly, çekge süňkleri somalyşyp duran, gözleri hüwiniňki ýaly agajet, daýanykly, bir eli taýakly ýazyjyny ol hatda görüpdem. Naharhananyň ýagdaýy bilen tanyşmaga gelenlerinde, onuň bilen elleşipdem, gürleşipdem.
Ine, arabanyň edil ugrajak wagty gapdallaryndan bir uly maşyn geçdi-de, ho-ojagaz ýere barybam togtady. Kabinadan ýylgyryp çykan eli taýakly adam hakyt şol. Ol Rozany tanap duran bolmaly. Çünki, düşüşi ýaly şoňa tarap ýöneldi.
Salamlaşanlaryndan soň özleriniň bu lagerlik işlerini tamamlandyklaryny, indi demir ýola baryp, otly bilen beýleki lagerleriň birine gitjekdiklerini aýtdy.
Roza ondan ur-tut:
― Häzir ugraýaňyzmy demir ýola? ― diýip, sorady.
Ýazyjy Rozanyň ýüzüne çiňerildi.
― Howwa. Näme, gitjekmisiňiz?..
― Myhmanlarymy ugratjak. Eger kyn görmeseňiz... Mümkin bolsa...
Ýazyjy taýaksyz elini maşyna tarap uzatdy.
― Baş üstüne. Sowuk görmeseler...
Kabinada ýene biri bar ekeni. Zerkäkile gözi düşenden ol towsup çykdy-da, böküp, nowa mündi. Omaram mündi. Münmezden öň Annuşkany ýene bir gezek ogşady. Münensoň elini galdyrdy.
― Duşuşýançak...
Annuşka-da bir zatlar diýjek boldy. Emma bolmady. Çalaja elini galgatdy-da, ejesiniň gujagyna gysylyp, garaçyny bilen, silkine-silkine aglady. Balasynyň çyn ýürekden çekýän yzasyna dözüp bilmedik ene-de aglady.
Gözýaşlar hatda Omaryň tä, garalary ýitýänçä elini bulap gidendiginem, görmediler.
Ýöne, boldy-boldy ýolagçylaryny ardurja elinden aldyran arabakeş Haritonyça boldy.
― Э-эх, не везёт мне в любви... ― diýdi-de, atlaryna gamçy çaldy. ― Çü-ü-f.
* * *
...Zerkäkil bilen Omaryň sapardan sag-aman gelenini eşidip, obanyň tas, ähli adamlary diýen ýaly Aman pahyryňka üýşdüler.
Eger-de, niýet edip gidişi ýaly, Zerkäkil Gökböri bilen nikalaşyp gelen bolanlygynda, onda şol nikanyň şanyna ullakan toý tutmaklygam käbir ekabyrlaryň göwnünde ýok däldi. Emma, saparyň şowsuz bolanyny eşidip, olaryňam keýpi gaçdy. «Aý, näme, bähbit bolsun» diýäýmekden başga çäre tapmadylar.
Köp saklasa entek doly bitmedik ýaranyň zahymlerinden ätiýaç edip, Omar baran günleriniň ertesi Zerkäkili raýon hassahanasyna äkitdi.
Baş wraç olaryň başdan geçirenlerini diňledi-de:
― Ýer titremeden sypyp, nirelerde düşüp ýören günüňizi diýsene... ― diýip, başyny ýaýkady. Ýarany mazaly synlabam: ― Muňa tebip seredipdir. Bolsa-da köp zadyň öňüni alypdyr... ― diýdi. ― Gowus-a muny günübirin Aşgabada äkitmek. Ýöne bu wagt olaryňam ýükleri ýetikdir. Şoň üçinem, özümiz gaýrat etmeli borus...
Ýerleşdirdiler. Bir aýa ýetirmänem Zerkäkili keýik kowalabermeli edip hassahanadan çykardylar.
Ol ýene-de öňküsi ýaly işe gatnap ugrady. Özüniň daýysy bilen Sibire gidişi, ýolda-yzda gören-eşiden wakalary, ol ýeriniň geň-enaýy, adamkärçilikli ajaýyp adamlary barada ertekä berimsiz edip gürrüň berýärdi. Gökbörini näme sebäpden görüp bilmän gaýdandygy dogrusyndaky ýerine ýetende bolsa çürnüjegi çommalýardy, kemşerýärdi, gözlerine çyg çaýylýardy.
Işdeş aýal-gyzlary soňky üç ýylyň içinde ýüz-gözüniň göz-görtele üýtgändigi, süňňüniň lagşandygy ýaňy bir ýigrimi bäşden geçendigine garamazdan keşbinde orallyk alamatlarynyň peýda bolup ugrandygyny aýdýardylar.
Daýhançylyk işiniň daşyndan kolhozlaryň guşluk çaýyny gaýnadybam bäş şaýy gazanýan, Aýnagözel apa bolsa oturan-turan ýerinde: «Kimdir biri şu görgüliniň ykbalyny ýörite tersine ýazyp oturan ýaly-da...» diýerdi.
Bu sözüni umuman, tassyklasalaram, aýal-gyzlaryň aglabasy oňa: «jan dogan bu sözüňi onuň özüne bir aýdaýmaweri» diýýärdiler.
Zerkäkil welin başdan geçirmeleriniň hemmesini gürrüň berse--de, daýysy Omar bilen Annuşkanyň söýgüsi barada bir sözem aýtmaýardy. Bu barada Omar ikisem şeýtmekligi wadalaşypdylar: «Birdenkä ol söýgi ile äşgär bolup, soňam puç bolup çyksa, onda, oba gyzlarynyň ýanynda Omaryň dili gysga bolmagy, indiki söýgüsiniň şowly bolmagyna zeper ýetirmegi mümkin.
Omaryň özi welin alyslarda galan söýgüsinden sowamady. ― Zerkäkiliň yzyndan raýon hassahanasyna gatnan bir aýynyň içinde--de, oňa iki hat ýazdy. Emma, näme üçindir oňa jogap gelmedi.
Üçünjisini ýazyp poçta atandan soň, birinjisine jogap geldi. Muny ol Zerkäkile buşlady. Ol muňa daýysynyň özündenem beter begendi. «Aýtdym-a! Men aýtdym-a, Omar daýy! Ýazar diýdim-ä!..» diýip, çaga ýaly jedirdedi.
Annuşka: «Görüp gidişiň ýaly bu ýerde ýeke bir gatnaw däl, hat-petek işlerem kyn. Telegramma hakynda-ha gürrüňem ýok» diýýärdi. «Ýaşym dolsa...», «Pasport alsam...», «Ejemi göwnedibilsem...» diýen ýaly, şol bir öýündekä aýdan sözlerini gaýtalaýardy.
Şondan soň-a asylam hat gelmesi kesildi. Omar welin barybir Annuşkadan umydyny üzmedi. Üzer ýaly gyz oňa gutarnykly gaýtawul berenokdy. «Gaýdyp hat ýazma, menden tamaňy üz» diýenokdy. Şonuň üçinem Omar onuň iň soňky möhletini ýaşynyň dolary, pasport alary diýip, kesgitledi: «Şondan soňam habar bolmasa hökman yzyndan giderin» diýip, öz-özüne söz berdi. Şeýdibem ony alyp geljegine ynandy.
Bir gün onuň ýanyna Handurdy geldi.
― Komsomol kolhozynyň başlygynyň lökgesini sürýän, hiç ýere sypynyp bilemok. Siziň geleniňizem, Börini görüp bilmän gaýdanyňyzam, onuň sebäbinem eşitdim. Gynandym. Elbetde, lageriň ýagdaýlary kyndyr, obada «ülpüldäp» ýören ýaly däldir, ýöne, Böri jahyl ýigit, gullugy gördi, başdan-aýak urşy gördi, «zakalkasy» ýetikdir, alyp çykar. Ýöne, ine, Käkile welin «žalka...» ― diýdi.
«Alla kuwwat bersin, ynsan balasynyň başyna şolar ýaly iş düşmesin...» diýibem gitdi.
Omaryň hasaby boýunça ýaşy dolup, pasport alarlyk möhlet geçensoňam Annuşkadan hat gelmedi. Omar aljyrap başlady. «Ol--a gelmese, menem garaşyp ýörsem... Deň-duş gyzlarymyzam-a bir çetinden çykyp-çykyp gutaryp barýalar. Ýene bir iki-üç ýyl geçensoň ýetişjek gyzlaram bizi garry görerler...» diýip, otursa-tursa gaýgy etdi. Bu barada Zerkäkil bilenem maslahatlaşdy. «Ýa çykyp gutarmankalar biriniň guýrugyndan aslyşaýsammykam...» diýdi. Zerkäkilem: «Aladaň-a ýerliksizem däl ýaly welin, daýy jan meniň-ä göwnüme Annuşka geläýjek ýaly bolup dur. Juda bolmasa ýene bir azajyk gaýrat et. Galanam näme nesiberdir-dä... Köneler: «Ölüm bilen nika gaýyp gezermiş» diýipdirler» diýdi.
Şular ýaly mesaýy aýdylan zat dogry bolup çyksa, şony aýdan adama: «Agzy dogaly» diýýäler. Zerkäkiliňkem şolar ýaly boldy.
Iki gün geçip-geçmänkä, Omara Annuşkadan telegramma geldi. «Pylan güni, sagat pylançada Tejende garşyla...»
Elbetde, eger-de otly bilen barsa, Aşgabada geçmän, Tejende düşüp, öz obalaryna ugurdaş maşyn bilen barmalydygyny öýlerinde bolýarka Omar Annuşka telim gezek aýdypdy, ýanjap-ýanjap düşündiripdi. «Hudaýa şükür, ol dogry düşünipdir. Ýalňyşmandyr. Iň soňunda dogry çözgüt çykarypdyr. «Bir çölden çykyp başga bir çöle, buzdan çykyp özümi oda urmakdan nä peýda...» diýmändir. Dogry netije çykarypdyr» diýip, çaga ýaly bökjekledi. Telegrammany öpüp-öpüp tozdurara getirdi. Agşamlyk Zerkäkiliň öýe gelerine-de garaşman, iş meýdanyna tarap ýüwürdi. Telegrammany oňa terjime edip berdi. Ikisem duran-duran ýerlerinden sozanda-guýruk bolşup, oba tarap eňdiler.
Meýdanda işleşip ýören aýal-u-erkek daýhanlaryň hemmesi, olaryň bu boluşlaryny görüp: «Ýa-ha Böri gelendir, ýa-da şondan bir hoş habar gelendir...» diýdiler.
Telim wagt bäri Towşan bilen bir gapydan girip-çykyp ýören Aksoltany soňky wakalar, gyzynyň ýöne tersine tutup duran keç ykbaly halys burup ýykdy. Ol hatda Zerkäkil bir aýlap raýon hassahanasynda ýatan wagtam yzyndan gitse bir ýa iki gezek gidendir. Onda-da ýolda otura-tura, asgyra-üsgüre zordan aşandyr.
Bu iki betbagt aýalyň haýsy-haýsyna seredip, kim-kime çaý berýänini, çörek uzadýanyny, biler ýaly däl.
Ine, häzirem olaryň hersi bir çüňkde, biri-birlerine gözlerini jüýjerdişip, küçen dek eplenişip ýatyrlar.
Köpden bäri gülki sesi eşidilmeýän, şatlyk alamatlary duýulmaýan gapyda birdenkä Zerkäkil bilen Omaryň gülki seslerini, şatlyk-şowhunlarynyň eşidilmegini olaram Gökböriniň «ýazlyga» çykan bolaýmagynyň ahmallygyna ýordular-da, itenek-çomanak bolşup ýerlerinden galdylar we gapa tarap «düwdenekleşip» ugradylar.
Daş işikde duş gelen Zerkäkil olara elindäki kagyzy bulaýlady.
― Towşan daýza, eje! Ine, Annuşka tilpun iberipdir.
Omar ony derhal düzetdi.
― Tilpun däl, Ejeş, tilgyram.
― Howwa, tilgyram iberipdir. Ol gelýä. Ertir gelýä. Biziň gapymyzda-da toý bolýa...
Towşan-a nämäniň-nämedigine düşünmedem, düşünjegem bolmady welin, Aksoltan az-kem meselä üns bermän durup bilmedi.
― O nämäniň tilpuny? O nämäniň toýy. Kimiň toýy? Annüşkaňyz kim bolýa? Düşnükliräk aýdaýyň-da...
Bu hakda hiç kime, hiç zat aýtmandyklary üçin olaryň ikisem ökündiler. Şonuň üçinem, ikisi iki ýerden hopugyşyp-hopugyşyp gürrüň bermäge başladylar. Gürrüňiň orta gürpüne ýetenlerinde, Zerkäkil «has-has» edip käte bir säginmäge, sakynmaga başlady. Soň düwündi. Ýuwdundy. Kem-kemdenem galdy. Oýundan çykdy. Soňuny Omaryň özi soňlady.
― Ine, Towşan daýza! Ine, Aksoltan daýza! Ýagdaý-a şeýle. Biz Sibire gidip boş gelmedik. Gelinlik getirdik.
Bolan ýagdaýy eşidip, göni meýdandan gaýdan bor-a çemeli, edil şol wagtam tamyň arka ýüzünden bili gara ýaglyk bilen guşalan, göwşüllän gyzyl köýnekli, egni pilli, başyna-da bilindäki ýaly gara, seçekli nah ýaglyk daňlan Ogultokga ― Omaryň ejesi göründi. Ol gelşi ýaly pilini kölegede goýdy-da, uzyn, sary dişlerini syrtardyp, ogluna ýüzlendi.
― Nämeler bolup ýör, Omar jan? Ejeş ikiňiz daýhanlaryň-a agyzlaryny açdyrdyňyz.
Omar oňa-da bar zady bolşy ýaly edip, «jikme-jik» gürrüň berdi. Gelýän gyzyň öz gelinligidigini, Sibirde öýünde bolandygyny, şol ýerde-de wadalaşyp gaýdaýdygyny düşündirdi.