Ýere düşen melekler.
Hieronymus Bosch tarapyndan...
Genesis 6:1–4 bilen baglanyşykly surat...
HRISTIÝAN YNANJYNDA JYNLAR
Hristiýan ynanjynda şeýtan bilen jynlaryň ikisi bir ýaradylan zat hökmünde teswirlenipdir...
Olaryň erbetligiň symbolydyr. Hudaýa garşy göreşmegi, pussy-pyjurlyklary ýaýradyp adamlara etbet täsir etmekden lezzet alýarlar... Pygamber Enokuň /Idris pygamber/ kitabynda aýrylmagyna görä jynlar ýere düşen perişdeleriň neslinden emele gelen adamlardyr. Olara Nefilim diýilýär(1). Apy-typan turup ýer ýüzi suwa gark bolanynda Nefilimleriň bedenleri ölüp, jynlaryň özleri bolsa gark bolmandyrlar. Maddy beden ölüp ruhlary göge bardy we Taňry olary kabul etmän Ýer ýüzüne kowup goýberýär.
Jynlaryň öz ynanjyna görä özleri, ýagny jynlar gudratly barlyk bolup, adamlary alladyp, käbirlerini medium (araçy) hökmünde ulanýarlar. Şol esasa görä bu medium aragatnaşygyndaky aýdylýanlar dogry bolsa, belki-de dogry bolubam biler... Mukaddes Kitap /Injil/ jynlaryň Iblis ýaly ýalançy, hilegärdiklerini habar berýär. Ýöne olar adamlara hem zyýan ýetirip bilýärler, şol sebäpdenem Mukaddes ýazgylar olar bilen baglanyşykly zatlardan, ruhy barlyk ýaly her dürli zatlardan uzak bolmagyň gerekdigini ýatladýar. Iblis bilen şeýtan ikisi şol bir zatdyr.
Awgustin Enokyň kitabyny red edeninden soň şeýle ynançlar Hristiýan ynanjynda ýaýbaňlanyp başlandy. Onuň pikiriçe jynlar melekleriň we Iblisiň hyzmatkärleri. Ýaradylanlarynda Taňry olara ýa boýun bolmak ýa-da boýun bolmazlyk saýlawy üçin olara müddet beripdir.
Hristiýanlykda jyn, hat-da birnäçe jyn bir kişiniň içine girip bilýär. Bu jynlar içine giren adamynyň içinden okap çykardylýar. Hristiýanlykda jyn çykarmaklygyň öz ýollary bar. Jynlar üç sebäplere görä içine girip bilýärler. 1. Adamlaryň arasynda jynsy gatnaşyklaryň (seks), 2. Ýalandan dine uýýanlaryň, 3. Zorluk görkezýänleriň içine girýärler... Keramatly ýazgylar adamlary palçylyk, jadygöýçilik, ruh çagyrmak, syhrbazlyk, ölüleri bilen gatnaşyga geçmek ýaly zatlardan uzak durmalydygyny ýatladýar... Jynlaryň iň kämil ukyplary adamlaryň beýinlerine täsir etmekdir. Jynlary düýşüňizde aragatnaşygy ýola goýmak usuly bilen ulanyp bilersiňiz...
Peýdalanylan edebiýat:
(1) Maijastina Kahlos Debate and Dialogue: Christian and Pagan Cultures C. 360–430 Routledge 2016 ISBN 978-1-317-15436-5 S. 174
Terjime eden: @Jeksparro
Hristiýanlyk ynanjynda Jynlar
-
Реалист01
3 years ago
- Hristianlyk ynanjynda däl-de hristian dininde diýip ýazsaň has jaýdar bolardy.
Hazar99 3 years ago- #Afrasyyap ar tonne, sen adyn sheytan diymegi anladyan ekena, sen shonun uchin tema acyanmy jynlar barada!?