Nirvana agza pikirinizi aytsanyz. Osobenno ikinji bolum.
Canavarlarla savaşan kişi dikkat etmelidir, ki kendi bir canavara dönüşmesin. Sen dipsiz bir kuyuya uzun uzun baktığında, dipsiz kuyu da sana bakar.
F. N.den aforizmalar
-
.Leyla
3 years ago
- Birinji bölümi edil seniňki ýaly. Ikinji bölüm belki tapawutlyrak bolup biler.
-
.Leyla
3 years ago
- Mysal üçin 1. bölümdäki ýagdaý birnäçe gün öň başymdan geçdi. Senem şaýat bolansyň. Hazar 99 we ýene birnäçe agza bilen kiçi argumentde (döwrümiziň aýal gyzlary temasynda) men hem olary janawar gorüp, düzeljek bolup soňunda özüm janawara öwrüldim diýseň boljak.
-
Nirvana
3 years ago
- hawa ol tarapdan düşünseňem bolýar.
Ýok-la sen öwrülmediň, meňem pikirim seňki ýaly, ýöne men köpçülikde çekeleşip oturmak islämok… pikire hormat goýmaýanlar okap, maňa ýalňyş düşünip başga pikirler etmekleri mümkindi.
Şoň üçin “Never mind” :)
Nirvana 3 years ago- Erbetlere garşy göreşýän wagtyňyz, olaryň ulanýan erbet usullaryny ulanmaly dälsiňiz, ýogsam ýok etmek isleýän erbetlikleriňize özüňiz öwrülersiňiz. “Eşek bilen deň bolsaň, eşek bolarsyň diýilişi ýaly, biri bilen araňda düşünişmezlik bolan wagty, garşyňdakyň etýän herekediniň ýa-da diýýän sözleriniň ýalňyşdygyny düşündirmek üçin sen oň sögünjine sögünç bilen jogap bermejek bolmaly.
Ikinji sözlem; dipsiz (düýpsiz) sözünden belli bolşy ýaly, soňy bolmajak zada wagtyňy gidirmeklik barada. Ýokardaky sözlemdäki erbetlige näçe köp üns berseň, ol erbetligem saňa geçer. Ýagny, bir negative pikirler etseň, soň hemişe şolar ýaly pikir edersiň diýmege meňzeýär.
Käte janymyz sagam bolsa, özümiz özümizi kesel edýäs şeýle usullar bilen. Şu wagt nähili mysal getirjegimi bilemok. “Gorkanym başyma geldi” hem diýilýär… mysal üçin, biriniň senden ýüz öwürmesinden gorkýan bolsaň, ony ýitirmezlik üçin, öz islemeýän zatlaryňy oň üçin edip, iň soňunda ony ýitirmek ýa-da tersine…
Şu Nietzsche-niň sözleri şeýle bir manyly…ýöne men düşünýänimi giňişleýin beýan edip bilemok-da.
Öz pikiriň nähili?