Begenjem ýüzüme gaharly seredip dur, gepem goşanak. Menem gyz halyma ilki habar atmana utandym. Sekiniň galdyrylan ýeriniň bir tarapyna geçip, süpürip başladym. Gitdigiçe Begenç tarapa ilerleýärdim. Süýşmese üstüne süpürip tozan etjekdim. Olam "Sen meni akmak saýýaňmy" diýen şekilde gaharly seredip durdy. Ony görüp aljyraýadym, gorkyp başladym. Ýeri bahanalap ahyryn men:
-Eýleräk süýşäýde, tozan bolar diýdim.
+ Läle sen meniň bilen oýun etýärmiň ýa äsgereňokmy?!
-diýip, üstüme gygyrdy.Kekeläp:
- Nämeee?! Näme etdim men. Asyl sen äsgereňok. Iki gündir habar ýok. Gelibem hiç zat ýok ýerden üstüme gygyrýaň. 
+Hiç zat ýok ýerdenmi?! Men seniň ýaňy işiň öňünde näçe sagat kökenek boldum. Habar etýän, habar ýok. Bolmanda jogap ýazaýarlar. Äsgermän etýäň şu zatlary. 
- Nämee?! Sen meniň işimemi bardyň?
+Sen meniň soragyma jogap bersene. Näme üçin jaňymy almadyň? Ondan gelen smslerime-de jogap bereňok.
-Men seniň smsleriňem jaňynam göremak. Ynanmasaň garaş häzir- diýip, telefonymy alyp çykdym. Görsem smslerem, jaňlaram görülmändir. Özem sessizlikde durdy. Görüp Begenjiň gahary birazyrak bolsa-da ýatyşdy. Sesini çykarmady. Menem diluzynlygymy edip:
-Näme üçin işime bardyň?-diýip, ýylgyryp seretdim. Ýene gaharly maňa seretdi. Yza tesdim. Şol wagtam garşy tarapdan Merdan üsti başyn kakyp geldi:
-Oh-ho Läläm, men üsti başymy arassalap geldim sen şujagaz ýeri entegem süpürmänsiň-ä. "Lälämmi?!" diýip ýuwaşdan geňgalyjylyk bilen sorady. Menem başga pikir etdirmez ýaly: 
+Burnusumagymy görmesem, iş edesim gelenok. Saňa garaşyp durun.
-Wah, görýäňmi Läläm-dä.
.Begenç, Merdanyň adymy "Läläm" diýip, süýjüdip aýtmasyna gahary gelýär, hemem geň galýar. Ahyrynam:
-Näme üçin "Läläm" diýäň? Ýa araňyzda...Sözüni bölüp, Merdan:
+"Läläm " diýmän näme diýeýin. Hem goňşym, synpdaşym, hem partadaşym... Baý depder göçürdendir-ä, onnam diýäýýäs-dä. Heýwiii ýöne agasy bir eştdäýmesin, öň meni yzarlap ýör. Eştse bujagaz günümem gider
.Men-ä aýdyşyn görüp hezil edip güldüm. Merdanam jakgyldap gülküme goşyldy. Begenjem çala ýylgyran boldy-da oňaýdy. Entegem öýkesi bardygyny aňyp bolýardy
.Men arassalaşdyryp, oglanlar-a täzeden sekini ýerine süýşürtdim. Sag bollaşyp öýe girdik.Şol güni Begençden hiç hili habar hatyr ýokdy. Öz-özüme bir göwünlik berip, bir käýeýädim. Onuň işime gelmesi, maňa garaşmagy meni al asmana uçuryp arzuwlarda gezdirýärdi. Umydymy güýjetýärdi. Birdenem "Wah käşgäm telefonymy sessizde goýmadyk bolsadym, kinelenip gaharlanmazdy" diýip, öz-özüme käýeýädim. Şeýtdirip günümi geçirdim.Ýazyň güni
. Daň säheri, sowujak şemal. Guşlaryň jürküldisi şähtiň açýardy. Her günki işimize tebigatyň özi hem goltgy berip ruhy taýdan kömegini etýärdi. Işe ir baryp, günlük işlerimi näçe ir dynsam şonça-da arakesme wagtym uzap, öýe ir gaýdyp bilÿärdim. Şol günem işe özümi berip, işlerimiň ýarysyny tamamladym. Arakesme wagtymy epeý uzapdy. Kofe içip, gyzlaryň çykmasyna garaşýardym. Birdenem Merdan jaň etdi.
-Alo burnysumak.
+Alo Lälejan...
-How, gowmy saglykmy?
+Hudaýa şükür, özüň nähili? Çäýnek-käse,Öý-küme,Tüwi-ýarma Mal-gara,çöp-çalam,goñşy golam...
-Bolly-bolly, gowy hemmesi. 
+Läleeee! Saňa bara, gowja habarym barda.

Dowamy bar

Awtory: Babaýewa Sofiýa (Xyivenia)

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir