ERKEK ADAMYNYŇ JYNS ORGANLARYNYŇ ANATOMIÝASY WE FIZIOLOGIÝASY


Erkek adamynyň jyns anatomiýasy ikä-içkilere we daşkylara bölünýär. Onuň içkilerine ýumurtgalar, olaryň ýanlyjaklary, döl lülejikleri, tohum haltajyklary, erkeklik mäzi, daşkylaryna - ujyt bilen inek (ýumurtga mäzi) haltasy girýär.
◾Ýumurtgalar - erkeklik mäzleriniň bir görnüşidir. Olar çatalbada, gasygyň aşagynda ýerleşýärler. Ýumurtgalary çepkisi aşagyrakda, sagdakysy ondan sähelçe ýokarrakda ýerleşýär. Olaryň boýy takmynan (aýry-aýrylykda) 4 sm, ini 3 sm, galyňlygy 2 sm, her biriniň agramy bolsa 20-30 g çemesi bolýar. Ýumurtgalary iç ýüzi çylgam-çylgam bolup duran limonyň içi ýaly bölejiklerden, şeýle hem döl lülejiklerinden doludyr. Şol bölejiklerde-de döl işlenilip çykarylýar. Mundan başga-da ýumurtgalarda erkeklik gormonlary öndürilýär.
◾Spermatozoid - tiç adamynyň döl suwuklygynyň içinde hereket edip ýören janlyja tenjagazlardyr (gepleşik dilinde biz olary tirkeş sözler hökmünde ulanyp ''tohum-tiç'' diýýäris. Emma olaryň her biri özbaşdak sözdür.
Eýsem tiç nähili zat? Tiç juda nakysja zatdyr. Ony şeýle görmek asla mümkin däldir. Tiçleriň hersiniň öz kellejigi, boýunjagazy, uzynja-da guýrujagy bolýar (Ol ujy düwlen sapak bölejigine çalym edýär). Tiç baryp aýal maşgalanyň pyşdyndan emele gelip çykan jyns öýjügini süsüp-süsüp, onuň bardasynyň deşýär-de içine girýär. Tiç kellejigini sokan badyna-da, onuň guýrujagy ýolnup gaçýar. Bu aýal maşgalanyň göwresinde çaga galandygyny aňladýan pursatdyr.
Aýal maşgalanyň pyşdyndan çykan jyns öýjügi bilen erkegiň dölündäki tiç 24-26 sagadyň dowamynda tapyşmaga ukyplydyr. Tiç aýal maşgalanyň jyns synasynyň içinde, köplenç 24-28, kähalatlarda bolsa 72 sagatlap hem ýaşap bilýär.
Erkek kişiniň dölüniň mukdary (her sapar ol ilkinji gezek aýal maşgala ýanaşanda) orta hasapdan alsaň 3 millilitre barabar bolýar. Ondan soňky gezekler onuň mukdary gitdigiçe, kem-kemden azalýar. Erkek 180-360 million çemesi tiç bolýar. Aýal maşgalanyň göwresinde çaga galmagy üçin olaryň diňe ýekejesiniň aýal maşgalanyň jyns öýjügi bilen tapyşmagy, birleşmegi ýeterlikdir.
Eger döli bada-bat doňduryp, şol durşuna saklasaň, ençeme aýdan soňam aýal maşgalany emeli usulda göwreli etmek bolar.
Ýumurtgalarda iki sany zat işlenilip çykarylýar. Olaryň biri-hä döl, beýlekisi hem gormon - testosteron. Ýumurtgalarda emele getirilýän testosteronyň erkeklik sypatynyň kemala gelmegi üçin diýseň uly ähmiýeti bardyr. Işekçer jahyllaryň sesiniň birbada guruljak bolup, soň ýognamagy, olaryň gursagynda, goltugynda tüý bitmegi, murty tabap, sakgal çykyp başlamagy, birden ers-mers bolup boýunyň ösmegi, ujydynyň ulalmagy esasan testosteronyň işiniň täsir etmeginiň netijesidir. Eger ýumurtgalar testosteronyň az çykarsa ýa-da düýpden çykarmasa, erkek adamynyň durky, kaddy-kamaty, häsiýeti üýtgäp, bir hili aýal maşgalanyňka çalym edip başlaýar, ýagny onuň sesi inçelýär, eginleri sykylýar, ol köplenç bolýar - murt sakgaly ösmeýär, inçe, yzyndan şilliň bolýar.
◾Ýumurtga ýanlyjagy - olar ýumurtgalary arka tarapynda ýapyşyp ýatandyr. Olaryň boýy 5-8 sm, galyňlygy 1 sm bolýar. Bu ýanlyjaklarda tiçler kemala gelip, şol ýerde-de saklanylýarlar.
◾Şol lülejigi - gataňsy etden emele getirilen berk, çeýe turbajyklarydyr. Onuň uzynlygy 35-50 sm-dir. Olar ýumurtgalardan çykyp ýokarlygyna gidýärler. Şol lülejikleri ýumurtgalary sallarlap saklaýarlar.
◾Tohum haltajygy ikidir - munuň iç ýüzi sekret diýilýän suwuklygy işläp çykarýarlar. Bu suwuklygyň esasy bölegini fruktoza emele getirýär. Fruktoza tiçleri iýmitlendirýän, olaryň hereketine hemaýat edýär. Şeýle hem bu suwuklyk döli suwaldyp, onuň mukdaryny artdyrýar. Tohum halta dölüň, näçe dyňzadygyça adamda jyns höwesi şonça-da artýar. Tohum halta gowzadygyça bolsa höwes, hyjuw peselýär.
◾Erkeklik mäzi - siýdik haltasynyň aşagynda, siýdikakar lülejigiň gözbaşyny töwerekläp durýar. Onuň daş görnüşi, göwrümi badam agajynyň miwesini ýada salýar. Onuň uzynlygy 2,5-4,2 sm, galyňlygy 1,7-2,3 sm, agramy 17-den 27 grama çenli bolýar. Mäziň suwuklygy döli suwadýada goýy dölüň aňsatlyk bilen çogup çykmagyna ýardam berýär. Şeýle hem onuň mukdaryny artdyrýar. Soň döl soýdigakar lülä geçip zyňylyp-zyňylyp daşyna çykýar. Erkeklik mäziniň işläp çykaran suwuklygynyň kömegi bilen tiçler aýal maşgalanyň lülesine düşensoň çuslanyp, erkin hereket edip başlaýar.
◾Ujyt - kelleden, gömeýden we ikisiniň arasynda ýerleşýän birnäçe damarlardan emele gelen tenden ybaratdyr. Ony tutuşlygyna öýjükler emele getirýärler. Orta hasapdan alanyňda ujudyň boýy asuda wagty 6 - 8 sm, gyjynanda 14-16 sm çemesi bolýar. Kellesi ýumşaksy (göwresine garanyňda). Gyjynanda ujyt iki-üç esse ulalýar. Erkek kişilerde aýal maşgala isleg dörände ujytdaky arassa gan damarlary nerwiň täsirinden açylýarda ol gandan dolup dyňzaýar. Şeýle hem öýjükler gandan dykylyp doldurylýar-da, gan yza tesmez ýaly damarlaryň sakasy böwetlenýär. Bu ýagdaý bolsa ujydyň işe gaýymlygyny aňladýar. Hyjuw gaýdyşanda şol böwetler açylýar-da gan yza çekilýär. Şeýlelikde ujyt öňki asuda ýagdaýyna gelýär.
Ujyt kellesine degim degende, sypalananda ol ýerdäki duýgy damarlary oýanyp, beýnä, şeýle hem oňurga süňküniň içindäki ýülük nerwine ýagdaýy habar berýär. Onsoň ýagdaý seljerilip, näme işlemelidigi barada yzyna habar berilýär.
Inek sypalananda, ajy içegäniň büzmegine deglende, siýdik haltasy dyňzap dolan mahalynda-da ol tebil tapýar.
Gelin-gyz, ogryn duşuşyk barada suratlandyrylyp gürrüň edilende-de, şeýle zatlar göz öňüne getirilen çagy hem ol gyjynýar. Adamlaryň käbiri aýal maşgalanyň päkize, ak endamyna (injigine, baldyryna, döşüne, mämesiniň çetine) gözüň düşende-de ygtyýaryna elden gidýär diýýärler. Ol durmuşda bolýan zat, iş ýerinde, köçede, trolleýbusyň, awtobusyň üstünde ýarym ýalaňaç aýallary häli-şindi görüp ýören adamlaryň teniniň duýgusy peselip, gözleri öwrenişip kähalatlarda ol beýle ýagdaýy duýman hem bilýär.
Gijelerine ýatylan mahalynda düýşünde gelin-gyz bilen oýnaşylýan wagtlary hem ujyt çuslanýar.
Ujyt galkynanda, gowşanda adamyň höwesini peseldýär, degnasyna degip gaharjaň, töwerekdäki täsirleri gaty duýgurdan götermezek bolýar. Är-aýalyň arasyna tow salýar. Birek-birege aýdylan sözler ýakmaýar, şonuň ýaly ýagdaý adamda erbet pikirleriň döremegine hem eltýär. Şeýle pursaty başdan geçirýän adamlaryň käbirleri özüne kast etmeklik pikirini kellesinde aýlaýar. Şonuň netijesinde erkegiň özüne bolan erkeklik ynamy godýär-de, ýaşamaklygyň mazasy gaçýar.
Birnäçe oňaýsyz hem ýüzleý täsirleriň esasynda birden tötänleýin ýagdaýda ujyt wagtlaýynça gowşap hem bilýändir. Käbir ýagdaýlarda adamyň bil oňurgasyndaky nerwe agyr zeper (rak, çiş transport heläkçiligine sezewar bolup) ýetse, ujyt hiç haçan öňki kaddyna baryp bilmeýär.
Bulardan başga-da ujydyň galkynmagyna nämeler öz ýaramaz täsirini ýetirip bilýär?! Ýanaşyk işi geçiriljek pursatynda adam birden ony duýup hopugsa, mundan başga-da erkek adam, ärsiz zenan bilen ýanaşjak pursatynda onuň göwreli bolmagyndan gorkup tolgunsa ýa-da şol zenanda ýokanç kesel bolaýmasyn diýip howsala düşse, şeýle hem ol iş ýerine ýetiriljek pursatynda gaýgy - gussa bolsa, ujydyň işlemegine päsgel berip biler.
Eger är-aýalyň arasynda dawa-jenjel bolup, aýaly ärine paýyş sözler bilen topulyp dursa, ''Sendenem bir är bolarmy?'' diýip kemsidip dursa, şeýle hem onuň üstünden göwni ýetmezçilik etse, gülse ýa-da düşekde özüni sowuk-sala alyp barsa, äriniň üstünden hojaýynlyk etjek bolup dursa ýa-da erkek adam aýalyna başga biri bilen gezýändir öýdüp müňkür bolsa, ondan başga-da biri-birinden uzak wagtlap öýkeleşip gezse, ýanaşyk işiniň arasyna wagt salynsa, birek-birekden irilen ýagdaýda, onsoňam erkek adam erkeklik zoruny görkezjek bolup artykmaç güýjüni sarp edip, sana kowalaşylanda ujyt gurpdan gaçyp biler.
''Täze küýzäň suwy sowuk'' diýip kowalaşyberseňem, tolgunmak esasynda kähalatlarda ujyt ýatyp biler. Bu babatda birnäçe adamlara olaryň häsiýetleri zyýan berýär. Çünki, olaryň birnäçeleri gaýgyçyl bolup ''Nähili bolup geçerkä, oňararmykam, birden iş bitirip bilmän durubersem ol näme diýerkä'' diýip, gaýga batýar. Şol işe aýratyn alada bilen üns beregen bolýar. Beýle häsiýetdäki adamlar köplenç halatda çagalykdan ruhy taýdan şaly gowşak adamlar bolýarlar. Käbir halatda ujydyň işleýşi, galkynyşy birden öňki dowam edip gelýän kadasyndan gowşaýar. Ylaýta-da ýaşlar birçene baranyndan soň, şonuň ýaly ýagdaýa uçranlaryň käbirleri ýaňky aýdyşymyz ýaly uly gaýgy-aladaň astynda galýarlar. Ol bolsa ujydyň galkynyşyny has-da pese gaçyryp biler. Emma käbirleri onuň tersine ol ýagdaýa känbir üns bermeýärler. Şonuň ýaly adamlarda bolsa onuň ýaly ýagdaý wagtyň geçmegi bilen öz-özünden düzülip gidýär-de, ýene-de şol öňki kaddyny dowam etdirip ugraýar.
Ýanaşyk işi geçirilýän pursatynda käbir adamlar aýalyny kanagatlandyrjak bolup, gyssansa-da dölüni dökmän saklanýarlar. Bu ýagdaý häli-şindi gaýtalanyp dursa, ujydyň peselmegine sezewar edip biler.
Ruhy kesellere duçar bolan adamlaryň birnäçesinde hem ujydyň galkynyşy peselip biler.
Her iş bolsa bolsun, ony ýerine ýetirmek üçin oňa şol işi berjaý etjek adamda uly höwes gerek. Är-aýal gatnaşygynda ol höwesden başga-da duýgy, içki joşgun, küýseg gerek. Oňa bolsa medisinada libido diýilýär. Libido adamyň gurbatyna bagly bolýar. Ol bolsa adamyň nesil yzarlaýan jyns konstitusiýasyna, şeýle hem mäzleriň işleýşine, nerw sistemasynyň ukybyna, şonuň ýaly-da ýaşlykdan alan hüý-häsiýetine, terbiýesine baglydyr.
Jyns konstitusiýasy güýçli bolanda adam jahyl wagtynda är-aýal gatnaşyk işini häli-şindi küýsäp durýar. Ol işden doýdum-doldumy bolanok. Mallarda şu hili güýçli saýylany tohumlyk üçin saklanylýar. Şeýle güýçli ýagdaýdaky adamlaryň jyns gatnaşygyna dahylly mäzleri beýleki adamlaryňkydan önümliligi bilen tapawutlanýar. Munuň tersine, jyns ukyby pes bolan ýagdaýdakylarda gatnaşyk işini küýsemek seýrek bolýar. Hepde-de bir ýa-da iki gezek diýen ýaly.
Bu işiň terbiýe meselesi barada aýdanymyzda bolsa, alçak, şadyýan, köpe garyşýan adamlar şerigat işini köpüräk küýsegiç bolýarlar. Sebäbi olar köpçülikde her hilije gürrüňler eşidýärler, kinofilmlerde ýarym-ýalaňaç zenanlary görýärler, ýeňles gelinler hakda kitaplarda okaýarlar. Emma agras, tutuk domma adamlaryň ne iliň şagalaňly gürrüňleri bilen, ne-de kinofilmler bilen işi bolýar. Onsoň şeýle häsiýetdäki adamlar şerigat işine kän bir höwesek bolmaýarlar.
◾Inek ( umurtga haltasy) - ýumurtgalaryň gorag haltasydyr. Ol gat-gat et bilen hamdan emele gelendir. Bu bolsa ýumurtgalaryň daşyndaky temperaturany kadaly saklamaga mümkinçilik berýär. Inegiň iç ýüzüniň temperaturasy garyn boşlugyndakydan 3-4 gradus pes bolýar. Bu bolsa tiçleriň gurat saklanylmagyna we olaryň täze-täze toparlarynyň bir sydyrgyn işlenip çykarylyp durulmagyna oňaýly täsir edýär. Sowukda inek ýygrylýar, şeýle ýagdaýda onuň diwary ep-esli galňap, ýumurtgalary ýyly saklaýar. Yssyda bolsa tersine ol süýnüp, ýumurtgalary sowuk saklaýar.

Artyknur NOHUROW, Aşgabat NOHUROW.

''MAŞGALA DURMUŞY'' kitaby

Aşgabat, Türkmenistan. 1992.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir