SIRIN ABDELNUR HAKYNDA

Siziň häzirki rep we rok aýdymlary diňlemegi söýüşiňiz ýaly men öňler Sirin Abdelnur bilen Nancy Ajramyň aýdymlaryny diňleýärdim. Olaryň näme aýdýandyklaryna, dillerine düşünmesemem diňleýärdim (barybir sizem zarubežny daşary ýurt aýdymlarydüşünmän diňleýşiňiz ýaly-da :) )
Gürrüňi uzaldyp oturmaýyn. Men Sirin Abdelnur hakynda aýtmagy ýatdan çykaryp barýaryn öýdýän...

Sirin Abdelnur 1977-nji ýylyň 21-nji fewralynda Liwan arap döwletiniň Aabadiýeh şäherinde eneden dogulýar. Onuň Jorjes Abdelnur, Sabin Nahas we Entoni Abdelnur atly doganlary we jigleri bar.
Ol liwanlylaryň aýdymçy pewisasy, aktrisasy we modelistidir. Onuň ilkinji albomy 2004-njy ýylda ''Leýla min Laýali'' ady bilen çykarylýar. Soňra ''Aleýk aýuni'' albomy 2006-njy ýylda çykanda "Law Bas Fe Aini" atly şekilli aýdymy çykanda, ýylyň iň gowy aýdymyna mynasyp boldy.
Ol 2007-nji ýylda Farid Rahmeha durmuşa çykýar we onuň Taliýa Rahmeh we Kristiano Rahme atly çagalary bolýar. 2008-nji ýylda ''Layali El Hob'', 2011-nji ýylda bolsa ''Habaýbi'' atly albomy satuwa çykarylýar...

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir