Hasan daýy we jynlar

1962-nji ýylda Izmiriň Bergama etrabynda üzümçiliklerde işleýän Hasan atly atamyň dosty bu wakany başdan geçiren adamdy. Şol wagt onuň 4 çagasy bardy. Üzümçiliklerde işleýändigi we öýden uzakdadygy sebäpli, işleýän üzümçiliginiň öňündäki kiçijik bir öýde ýatýardy. Şol döwürde adamlaryň durmuşy ekinçilik ýa-da bagbançylykdy.

Gijäniň ýarynda atamyň gapysy kakylýar. «Bu sagatda kim geldikä ?» diýip geň galýarlar. Soňra atam gapyny açdy; Hasan daýy geldi… Meniň pikirimçe, ilki bilen atasy öýi uzak bolany üçin atamyň öýine gelipdir. Onuň ýagdaýy gaty erbetdi. Gapyda aglaýandy şol ýaşdaky adam. Gorkupdy. Her niçigem bolsa, garşy aldylar. Ol aýdyp başlady. ''Uklap ýatyrka, görüp bilmeýän, ýöne duýýan bir zady oňa degdi we kiçijek öýünde öz adyny aýtdy. Ol hem gaty gorkup gaçdy''. Atam, muňa ynanmady. Soň bolsa bilelikde gitdiler. Zor bilen alan Hasan daýynam alyp gitdiler «Munuň ýaly zat ýokdyrla „diýip. Barýarlar, seredýärler, töwereginde hiç kim ýok. Hasan daýy atama ýalbarýar: “Menem seniň bagyňda ýataýyn, ýöne men bu ýerde galmaýyn!» diýip.Ol gijäni biziň aramyzda geçirdi.

Şol waka soňky gijelerde gaýtalandy. Gorkudan ýaňa, adamy aklyndan azaşandyr öýdýärler. Ony derrew hassahana äkidýärler. Birnäçe hepde geçensoň, atamyň gapysy gije ýene kakyldy. Atam gapyny açýar. Garşysynda onuň iň gowy dosty Hasan daýym dur .Atam keselhanadan gaçandyr öýdýär. «Gel» -diýip, atama geň ses bilen çagyrýar. Atam gorkup, gapyny ýapýar. Sebäbi ýüzüni halamaýar. Birnäçe günden soň keselhanadan ölüm habary gelýär. Näme üçin bolandygyny bilemok. Ymamyň bedenini ýuwup ýörkä aýdýanlary ýadymda. Goltugynda arap harplary bilen ýazylan haty görýärler… Atama aýdýarlar. Atam muny ölmänkä gürrüň berýärdi. Menem ynanardym. Indi, gijäniň ýarynda gapy kakylanda, bu waka ýadyma düşýär.

Taýýarlan: Gerçeknazar Amannazarow

Täzelikler, Syke Dali tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir