Adam saglygyny howp astyna salýan endikleriñ biri bolan çilim çekmekligiñ ýash çilimkeshlerde hem bil agyrysyna sebäp bolup biljekdigi mälim edildi. Italiýada çykýan "Il Corrire della Sera" gazetiniñ habaryna görä kyrk ýylyñ dowamynda halkara zhurnallarda çap edilen 80 töweregi ylmy ishi gaýtadan gözden geçiren Finlýandiýada ýerleshýän Saglyk institutynda ishleýän hünärmenler dürli ýash toparlaryna degishli jemi 300 müñ adamyñ gatnashan 40 sany ylmy ishini saýlap aldylar. Bu ylmy ishleriñ netijelerini gaýtadan seljeren alymlar çilimkeshleriñ çilim çekmeýänlere görä 30 göterim has köp bilagyra duçar bolandygyny anykladylar. Bil agyrynyñ has köp çilimkesh ýashlarda gabat gelýändigini aýdan alymlar munuñ sebäbiniñ nikotiniñ damaryñ ýygrylmagyna sebäp bolýandygy bilen düshündirýärler. http://www.churchtimes.co.uk/uploads/images/no%20smoking%231%23.jpg Ylmy ishiñ awtorlaryndan Rahman Shiri nikotin sebäpli öýjükleriñ ýeterlik derejede howa alyp bilmeýändigini, shol sebäpli has tiz zaýalaýandygyny we agyra duçar bolýandygyny mälim etdi. Sheýle hem çilim çekmekligiñ süñklere-de öz zyýanly tasirini ýetirýändigini habar berdi.
Çilim bil agyra täsir etýär
-
nashyja
14 years ago
- name un gadaganlyk girizen bolyalarka,gabyr edip zawodlary yykmalyda
-
owreniji
14 years ago
name un gadaganlyk girizen bolyalarka,gabyr edip zawodlary yykmalyda
nashyja | 2010-03-13 01:55:49
Çilim üstünden uly girdeji bar.
-
dereksiz
14 years ago
name un gadaganlyk girizen bolyalarka,gabyr edip zawodlary yykmalyda
nashyja | 2010-03-13 01:55:49
Çilim üstünden uly girdeji bar.
owreniji | 2010-03-13 04:38:24
onda bu bir topar gadaganchylyk nama gerekka,oz elleri bn edyalera hemme zady.. mena gaharym gelya shulara,yalanlay bir hili
-
Rowshen-Jm
14 years ago
- Egerde çilim çykarýan zawodlary ýapsalar çilim çekýän adamlar birden her-hili kesellere uçrarlar. Köp adamlaryñ çilime arganizimi öwrenshenler bolsa nikatin ýetmän ýogalarlar. Adamlaryñ köp mukdary rak keseline uçrar. Bejerip bolmajak wiruslar dörär. Shonuñ üçin çilim çykarýan zawodlary birden ýapdyryp bilmeýärler. Assa-assa towaryñ mukdaryny azaltsa bolardy ýöne olar milliartlap puldanam ýüz döndüresi gelmez.
-
arsen89
14 years ago
- 1.oyken ragynyn 80% cilimkeshlerde gabat gelyar.
2.dishinde nalyot(pigmentli galyndy) goyyar.
3.iymit sindirish ulgama uly tasir edyar.
4.nerwnyy ulgama-oyjuklerni olduryar.
5.
6
7......
shonun ucinem cilim cekman!
-
tusse
14 years ago
- arsen yazanlangy okap saglyk mugallymym yadyma düşüp gitdi. doss gowy yazipsin.
-
arsen89
14 years ago
- tusse,dost,shu bara men bir tmda dostum bar,ozem saglyk mugallym,cagalara:cilim cekman,arak icman,anyrda barde gezman diyip,ozem bara,blyaaaa....peremena cykyp cilim cekya,agshamam biz bn wecerinkalara gidyadi...
-
tusse
14 years ago
- arsen ya senem şon yalymy. barde çilim zyyanly zat diyip bize öwredip özün etjegini edip yörsünmi...ay edende-de edibersenay doss. wiy belkem edyan dalsin...name diyipdirler-mollan edenini etme diyenini et-diyipdirler. mena gimnim şol. ;-)
-
arsen89
14 years ago
- yokhow tusse,hijisinem edemok,bir gyzlar bn bolaymasa,onam hemmamizem edyaslay...cilim cekemok,arak icemok.konyak olam shokolad bn ka gezek.
-
dereksiz
14 years ago
- ay garaz bosh gurrunlay,bary bir chilim gadagan dal,bu bir oyunjak yaly,yaman gaharym gelya
Rowshen-Jm 14 years ago