Bu gün soňky güni, mekdep ýyllarmyň,
Hoş gal ýatlamadan doly mekdebim.
Indi durmasy ýok, gözde çyglarmyň,
Hoş gal ýatlamadan doly mekdebim.

Kä uruşyp, kä ýaraşyp geçirdik,
Mekdepde synpdaş oglanlar bilen.
Kä aglaşyp, kä gülüşip geçirdik,
Mekdepde owadan gyzlarmyz bilen.

Indi näme?!
Bular baky ýatlama.
Öwrülibem gider ertirden soňra.
Ýöne mugallymlaryň saýlan ýoluny,
Durmuşymyz äkitsin şol dogry ugra.

Mugallymlar hiç wagt erbet zatlary,
Öwretmändi bize oýundan-çyndan.
Bizem sag bol aýdýas şol ezizlere,
Her bir uçurymyň kalbyndan çykan.

Rahymberdi
Suhanow
24.05.21 13:53

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir