Bir gün bir ýurduň patyşasy gije tümlikde ýörişden gaýdyp gelýän eken, soňra weziri patyşa sorag berýär:
- Patyşam atymyň aýagyna bir tokga zat degýä welin bu näme-kä? - diýip, sorapdyr. Patyşa hem:
- Bu zady alan hem gynanar, almadygam - diýip, jogap beripdir. Onda weziri "Alamsoň gynanjak bolsam, goý alman gynanaýyn" diýip, atdan hem düşmän durupdyr. Serkerdeler we nökerlerden alan hem bolupdyr almadygam. Soňra ýagta çykyp alan zatlarynyň Altyndygyny bilip hemmesi gynanypdyr. Alanlar köpüräk alaýmaly ekenim diýip ahmyr çekipdir, almadyklar bolsa, wah, menem almaly ekenim diýip gynanypdyr...
Awtory: Bägül Baýramowa
"Alan hem gynanar, almadygam..."
-
Unknown777
3 years ago
- Nesip etmese alac yok!
-
Waharman
3 years ago
- Şol patyşa Iskender Zulkarneýin bolmaly.Bu hekaýada aýdylýan many şu dünýäde näçe sogap gazansaň hem ahyrýetde adama az görünjekdigi barada aýdylýar.Sebäbi sogap işi kän eden adamlara jennete girjek.Ol ýerde adamlar sogabyna görä biri-birinden artykmaç bolup,az sogap gazanan adamlar ol köp sogap gazanan adamlaryň derejelerini görüp wah käşgä menem şonça sogap gazanyp şol derejelere ýetsedim diýip gynanar.A hiç sogap gazanmadyklar bolsa oda ýanmaly .Olar bolsa şu oda ýanmaz ýaly azajygam bolsa sogap gazanan bolsak bu oda girmezdik diýer.
Arzuwum 3 years ago- Nähili many çykaranyňyz hakda teswir galdyryň!