Ýylgyr sen!
Gül ýüzüňi görmegim üçin,
Seniň gözelligiň wasp etmek üçin.
Haçan-da men gamgyn oturan wagtym,
Şol ýylgyrşyň görüp, şatlanmak üçin.

Hassa göwnüm dertlerinden açylar,
Haçan-da sen maňa birje ýylgyrsaň.
Kyn ýollarym ýeňil bolup geçiler,
Haçan-da sen maňa birje ýylgyrsaň.

Öýke etseň öýkäň ýazaýyn gülüm,
Näzleriňden her gün ganaýyn gülüm,
Ýöne janym şu islegim gaýtarma,
Huzuryňda ömür galaýyn gülüm.

Gün çykyp dünýäniň ýagtylşy ýaly,
Ýylgyrşyň bilenem nurlansyn göwnüm.
Meň kalbymyň bakyşlaňda hyýaly
galdy söýmek üçin ýaşajak döwrüm.

Rahymberdi
Suhanow

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir