rkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedow 1919-njy ýylyň 3-nji martynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol Aşgabadyň mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat fakultetini tamamlaýar. Bilim ulgamynda mugallymçylyk kärinde işleýär, soňra welaýat gazetinde zähmet çekýär. Şol wagtky «Ýaş kommunist», «Sowet Türkmenistany» gazetleriniň baş redaktory wezipelerinde işleýär. 1950-nji ýylda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna saýlanýar. Gurbandurdy Gurbansähedow edebi döredijilik işine şahyr hökmünde başlaýar. 1947-nji ýylda onuň goşgular ýygyndysy «Soldat gaýdyp geldi» diýen at bilen neşir edilýär. Edebiýat taryhynda ene barada köp şahyrlar ençeme goşgulary ýazdylar. Şonuň üçin hem ene barada goşgy ýazyp, ili haýran galdyrmak aňsat iş däl. Emma Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Ene» goşgusy akgynlylygy, çuň manylylygy, çeperçilik taýdan saýlanyp dur. Bu goşgy häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy eserleriniň hataryna girdi.

Soranmyş bir wagt Aý Güne bakyp:
«Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!»
Gün hem diýenmiş nuruny döküp:
«Dünýäniň bar görki enedir, ene!»

Ýazyjy soňra ençeme kyssa, drama eserlerini ýazýar. Dürli ýyllarda onuň çagalar, ýaşlar we uly ýaşlylar üçin «Kyrk teňňe» (1961 ý.), «Ýürek daş däl» (1958 ý.), «Suraý» (1955 ý.), «Çakylyk»(1961 ý.), «Mähriban adam» (1965 ý.), «Söýseň» atly kitaplary okyjylara gowuşýar. Ol oba adamlarynyň, türkmen intelligensiýasynyň durmuşyndan söz açýan çeper hekaýalaryň ençemesiniň awtorydyr. Ýazyjynyň hekaýalary rus diline we beýleki halklaryň dillerine terjime edildi.
G. Gurbansähedowyň döredijiliginde 1970-nji ýylda neşir edilen «Toýly Mergen» romany aýratyn orun tutýar. Çeperçilik bilen ýazylan bu eser ýazyja abraý getirdi. G. Gurbansähedowyň «Jennet», «Meňli», «Tawus», «Azaşan ýigit», «Duzuň tagamy» ýaly drama eserler, ýazyjynyň eserleri esasynda döredilen «Aýratyn tabşyryk», «Soňky ýol», «Çöl», «Gämiçiniň jany bir» atly çeper kinofilmler türkmen edebiýatyna we sungatyna uly goşant boldy. G. Gurbansähedow edebi terjimeçilik işi bilen hem meşgullanýar. Ol rus şahyrlary A.S. Puşkiniň, N.A. Nekrasowyň, azerbaýjan şahyry Samed Wurgunyň, özbek şahyry Hamid Alimjanyň, kuba şahyry Nikolas Gilýeniň, ukrain şahyry Iwan Frankonyň hem-de koreý şahyrlarynyň goşgularyny, daşary ýurt ýazyjylarynyň birnäçesiniň drama eserlerini türkmençä terjime edýär. G. Gurbansähedow ömrüniň soňky ýyllarynda «Kärizden çykan adam», «Kesekiler» hekaýalaryny ýazdy. Ýazyjy edebi döredijilik we jemgyýetçilik işleri üçin döwlet sylaglary orden-medallar bilen sylaglandy.

06.06.2021
Toplan: Gara Ahmedow
TDBGI-talyby

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir