Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýolumy saklamaz böwediň birem.
Ýogsa, gizlemäýin, bakyşlaryňam,
Bakmaýşyňam her gün düýşüme girer.
Men indi gidýärin, alajymam ýok,
Ygtyýarym — del elleriň oýnagy.
Başarmadym öz hususy bagtymy
Ýekeje ýürekde örkläp goýmagy.
Käte gussam bilen ikiçäk galdym,
Kä joşumdan ýol ýasadym göklere.
Şonuň üçin duýgy bilen badaşan
Dünýäm heňläp ýatan gowak ýalydyr
Öz hesreti, öz şatlygy ýoklara.
Agtarjak dünýäniň dört ýan tarapyn,
Tapynçam allardan alys ýerini.
Ýüregmi şeýle bir aýasym gelýär,
Şoň üçin gidýärin alyp serimi.
Sapa HOMMADOW
“Men indi gidýärin...”
-
Pegas
3 years ago
- @Yylgyn, senem Hoş Habara ynanýan mesihilerden öýdýän. Bu sekta goşulmagyňa iň esasy sebäp bolan zat näme?
-
Yylgyn
3 years ago
- Howa. Çünki Isa Mesihde çyn, hakyky Söýgini tapdym. Hudaý Söýgüdir!!! Ten birligini aýdamok. Islendik hossar ýada dünýewi durmuş bize şol Söýginiñ dolulygyny, durkuny, kalbyñ rahatlygyny berip bilmeýä. Şol hakyky Söýgi kalbymda orun tutanda hakyky Bagty tapdym. Ýyllaryñ dowamyndaky gözleglerimiñ netijesinde...
-
Yylgyn
3 years ago
- Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar, 5 biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar. 6 Söýgi ýamanlyga şatlanmaýar, ol hakykata şatlanýandyr. 7 Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr."
Yylgyn 3 years ago- Men şu nikden kääämahal girýän teswir ýazmak üçin. Goşgularñy okaýan, gowy düzülen! Ýöne şu gezek teswir ýazaýyn diýdim. Goşgyñ awtoryna ýüzlenmäm! Tankyt däl, goşga söz ýok. (Bagyşla welin) Emma ynsan kalbynyñ boşlugyny Mukaddes Gudraty Güýçli we Isa Mesihden başga zat dolduryp bilmeýä. (Gyz, baýlyk, haýsydyr bir hossar, kurort ýada şäher.... ) "Dünýäm heňläp ýatan gowak ýalydyr" Kalbynyñ töründen bir ahmyr- wysal bolmadyk boşlugy görse bolýa. Sebäbi öz başymdan geçensoñ diýdim bu sözleri.