„Eje, men bir dünýä düşdüm,
Dünýä diýseň „dünýä“ eken...“
Aýgül Garaýewa
Ganatsyzam uçup ýörün,
Täsin dünýä düşdüm, eje.
Ýa-ha bular hut hakykat,
Ýa huş ýaly düýşüm, eje.
Gördüm öýdýän bagtyň keşbin...
Meňzeşmikä asyl, eje?!
Ol meniň ýanymda ýaly
Hemem juda alys, eje.
Bir görsediň, Aý üstünde
Joşup-joşup läle kakýan.
Maňa bagt dilän melegim
Ýyldyzlardan monjuk dakýar.
Barýan ýolum — akja bulut,
Serhedi ýok, ýadamadym.
Gözlerimden zer dökýärin,
Eje jan, men aglamadym.
Bu täsin syrly dünýäde
Hemişelik galjak bolýan.
Şonuň üçin bu görnüşi
Setirlerme saljak bolýan.
Görsene bolýan zatlary:
Saklap bilmän ýaşym, eje...
Ganatsyzam uçup ýörün,
Ýa düýşüm, ýa huşum, eje...
Bilbil KAKABAÝEWA
HABAR
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Menem şuwagtlar şular ýaly dünya dusdim. Goz degmesin welin bilyan bulam wagtlayynca
A93 3 years ago- Erbet däl. Aýgül Garaýewadan täsirlenip bilmegiň özem uly zat.