Roçester uniwersitetiniň geçiren ylmy-der-ňew işi tebigatyň ynsany has-da gözelleşdirýändigini subut etdi. Derňewiň barşynda 400 adamyň tebigatyň suratyna we şäheriň suratyna seredişi synlandy. Soňra synaga gatnaşyjylar özleri hakynda berlen soraglara jogap berdiler. Soraglar ynsanlaryň özara gatnaşyklarynyň wajyplygy, şöhrat we baýlyk hakyndady. Derňewiň dowamynda käbir adamlara 5 amerikan dollary berildi we bu maddy gymmaty özlerinde saklap biljekdikleri ýa-da birine berip biljekdikleri barada soraldy. Tebigatyň suratyna seredýänler öz durmuşlarynda ynsanlaryň özara gatnaşyklarynyň diýseň wajypdygyny aýtdylar we şol bir wagtda özlerinde bar bolan 5 amerikan dollaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny bellediler. Şäheriň suratyna seredýänler bolsa bu gatnaşyklaryň juda zerur däldigini nygtadylar. Olar üçin şöhrat we baýlyk has-da möhüm bolup göründi. Ýanlaryndaky 5 amerikan dollaryny bolsa paýlaşmakçy däldiklerini aýtdylar. Derňewi geçirenleriň arasyndan psihologiýa boýunça professor Riçard Rýan ynsanyň tebigat bilen özara gatnaşygynyň kesilmeginiň diňe bir özbaşdak adama däl, eýsem-de bolsa, jemgyýetçilige-de oňyn bolmadyk täsiriniň bardygyny aýratyn belläp geçdi. Alym Netta Weýnşteýn: “Biz- ynsanlar tebigatyň täsiri astynda galýarys we käwagtlar muny duýmaýarys. Bu derňew bize ýaşaýan ýerlerimizde ýaşyl meýdanlarymyzy köpeltmelidigimizi, biziň tebigata mätäçligimizi tassyklaýar” diýip, sözüni jemledi.
Bagtlylygyň syry
-
123456789
15 years ago
- ýöne dagdakylaryňam görmedik zatlary köp. aý men aslynda mowzuga dogry düşündim. meň aýdýanym düýbünden başga zat...
-
Lukmanhekim
15 years ago
- Bagt her bir adama yetdiryan zat dal. Depane BAGT GUSY gonyar diyip yonelige aydylanok. Sol bagt gusy her bir adamyn basyna bir gezek gonyamyka diyan mena. Sol bagt gusynam ucurmajak bolmaly. Bagtyn syry bolsa jan saglykda. Agzybirlikdedir. BAGT PAYLANSA ILKI BN SAGLYK BN GULKI AL. SON TAPYLAR GALAN ZADY ZYNYP GIT. Diyip KERIM sahyrymyzam bellap gecipdir
-
singlehunter
15 years ago
- lukman hekim slm...
-
sukomoto
15 years ago
- saglyk in uly bagt - şona sözüm ýok.
-
Lukmanhekim
15 years ago
- Salam dostla
-
Lukmanhekim
15 years ago
- dostlar diyjek boldum
DoJiGat 15 years ago- hakykatdanam tebigaty köp gezen adam bilen görmeyaninki tapawutly şaherdakiler bılen dagdakylar...olaryn gowresındede tapawdy gorsen bolyar...