Yzygiderli artýan dünýä ilaty ýedi milliarda golaýlady. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) çaklamalaryna görä, häzirki wagtda dünýäniň ilaty 6 milliard 829,4 million adamdyr. 2050-nji ýylda bolsa bu görkeziji 9 milliard 150 milliona ýeter. Häzirki wagtda ilaty 1 milliard 198 million bolan Hindistanyň ilaty 415,8 million artyp 1 milliard 613,8 milliona ýeter. Bu döwürde Päkistanyň 154,4 million, Nigeriýanyň 134,4, Efiopiýanyň 91, ABŞ-nyň 89,2, Kongo Demokratik Respublikasynyň 81,5, Hytaýyň ilaty 71,2 milliona çenli artar. Türkiýäniň ilaty bolsa 97,4 milliona ýeter. Häzirki wagtda Türkiýeden az ilaty bolan Kongo Demokratik Respublikasy Türkiýeden ozdurar, Türkiýeden has köp ilatly Germaniýa bolsa yza galar. Köp ilatly ýurtlar bolan Ýaponiýanyň ilaty 25,5 million, Orsýetiň ilaty 24,8 million, Germaniýanyň ilaty 11,7 million azalar. 314,7 million ilaty bolan ABŞ-yň ilaty bolsa 89,2 million artmak bilen 403,9 milliona ýeter. Häzir ilat sany boýunça altynjy ýerde durýan Päkistanyň ilaty bolsa 335,2 milliona ýetmek bilen dördünji orna çykar. 154,7 million ilaty bolan Nigeriýa 2050-nji ýylda 289,1 milliona ýeter. Şeýlelikde, ol sanawda bäşinji orunda ýerleşer. Afrikanyň ilaty iki milliarda ýeter Häzirki wagtda 6,8 milliarddan gowrak ilaty bolan dünýä ilatynyň 1 milliard 233,3 milliony ösen döwletlerde, 5 milliard 596,1 milliony ösüp barýan ýurtlarda ýaşaýar. 2050-nji ýylda 9 milliard 150 milliona ýetmegine garaşylýan dünýä ilatynyň 1 milliard 275,2 millionynyň ösen döwletlerde, 7 milliard 875 millionynyň bolsa ösüp barýan ýurtlarda ýaşamagyna garaşylýar. Häzirki wagtda bir milliarddan gowrak ilaty bolan Afrika ýurtlarynyň ilaty 2050-nji ýylda 1 milliard 998,5 milliona ýeter. Bu döwürde Arap ýurtlarynyň ilaty 352,2 milliondan 598,2 milliona ýeter. Aziýanyň ilaty 4 milliard 121,1 milliondan 5 milliard 231,5 milliona çykar. Ýewropanyň ilaty 732,2 milliondan 691,1 milliona düşer. Ady agzalýan döwürde Latyn Amerikasy ýurtlarynyň ilaty 582,4 milliondan 729,2 milliona, Demirgazyk Amerika ýurtlarynyň ilaty bolsa 348,4 milliondan 448,5 milliona ýeter. Okeaniýada 35,4 million bolan ilat 51,3 milliona ýeter. 2005-2010-njy ýyllar aralygynda şäherleşme we ilatyň artyşy göz öňünde tutulanynda, ösen döwletleriň ilatynyň artyşynyň pese gaçýandygy mälim bolýar. Bu döwürde dünýäniň ilatynyň artyşy 1,2 göterim, ösen döwletlerde 0,3 göterim, ösüp barýan ýurtlarda bolsa 1,4 göterim bolar. 2005-2010-njy ýyllar aralygynda hem ilatyň artyşy iň köp Afrikada (2,3 göterim), iň pes ilat artyşy bolsa Ýewropada (0,1 göterim) bolar. Bu döwürde ilatyň artyşy Arap ýurtlarynda 2,1 göterim, Aziýada, Latyn Amerikasy ýurtlarynda 1,1 göterim, Demirgazyk Amerikada 1 göterim we Okeaniýada 1,3 bolar.
Dünýäniň ilaty köpeler
-
sukomoto
15 years ago
- özä birhili. kim azalsada biz bir köpeleliň.
-
DoJiGat
15 years ago
- -hytaylar köpelyandirlay.
-yewropalylara kopelenden haywana seredenını gowy goryar..ondan kopelaymegem ahmal...ekizde dowletlı oglunuz....namysly gyzynyz bolsun...
-
kisa
15 years ago
- şu vagt tüveleme bizin ýurdumyzyň hem ilaty kopelyärmikä diýýän.nira barsaň govrelilije gelinler ovadanja bolup yorler.
-
DoJiGat
15 years ago
- gowreli gelinler şeyle owadan bolya diyip eşitdım.hakykam owadan eken.gozellıgı gormegem sogap.
-
sukomoto
15 years ago
- dünýäniň ilaty köpelse iýmitlenmek problemasy artýar. genetiki üýtgedilen iýmitler köpelýär. bu bolsa ilaty azaldýar we kadalaşdyrýar. ýöne köp maşgalalar çagasy bolman kösenip bagtsyz bolýarlar. ine bu erbet.
dereksiz 15 years ago- surat teris goyuldy....