Salam hormatly talyplar! Men bir programma gözleýän, ýagny, Android kitap ýasalýan programma. Eger şeýle programmanyň adyny ýa-da ýasap bilýäniň bar bolsa aýtmagyňyzy haýyş edýärin! Belki bir ýerde meňem kömegim deger. Köp sagboluň!
Bilýän bolsaňyz kömek ediň!
-
Gubadag_A.Alayew
3 years ago
- Nädip programma döretmeli. Apk ýasamak barada giňişleýin maglumat .
Salam hormatly saýt agzalary we myhmanlary ! Bu blogymda men programma döretmek barada giňişleýin maglumat bermekçi. Ynanyň özüm nähili apk ýasaýan bolsam size hem şony öwretmekçi . Kitap görnüşli programmany döretmek üçin hiç hili internet (ýagny internetsiz döredip bolýar) we kampýuter (ýagny telefondan döredip bolýar ) gerek däl diňe şu blogy ünsli okamak gerek . Hakykatdanam programma döretmegi isleýän bolsaňyz bu blogy bir kagyza gysgajyk bellik etmegi maslahat berýän . Ünsüňizi jemlän bolsaňyz programma döredip başlalyň.
Ilki bilen kitap görnüşli programma döretmek üçin 2 (iki) sany programma gerek bolýar.
1. Android book maker
2. APK editor.
Bu iki programmany aşakdaky salgylar boýunça ýükläp bilersiňiz
Android book maker (ýükle)
https://sites.google.com/site/gerceknazarvariotikcom/programmalar/aaaaaa
APK editor (ýükle)
Başda ýokarky 2 programma barada gysgajyk düşündiriş bereýin.
1. Android book maker ( Kitap görnüşli programma döredýär)
2. APK editor ( programmany islän diliňe (türkmen diline) geçirip bolýar .
Android book maker programmany telefonyňyza ýüklän bolsaňyz:
1.Programma girmeli.
2. Ýokarky sag burçdaky dikligine üç nokadyň üstüne basmaly.
3. "Build" basmaly
4. "Установить" basmaly
Inhä siziň ilkinji ýönekeýje programmaňyz döredildi.
Programmanyň daşynda görünýän suraty (icony) goýmak üçin :
1.Programma girmeli.
2. Ýokarky sag burçdaky dikligine üç nokadyň üstüne basmaly
3. "Choose icon" basmaly.
4. Goýjak suratyňy saýlap "ok" basmaly .
Bellik : Goýjak suratyň hökmany ýagdaýda png formatda bolmaly. Suraty png formata geçirmek üçin text photo ýaly programmalardan peýdalanyp bilersiňiz.
Programmanyň içinde 1-nji sahypada durýan suraty goýmak üçin :
1.Programma girmeli.
2. Ýokarky sag burçdaky dikligine üç nokadyň üstüne basmaly
3. "Choose CoverPhoto" girmeli
4. png formatda goýjak suratyňy saýlap "ok" basmaly .
Her blogyň başynda surat goýmak üçin ilki suraty goýup soňra blogy ýazmaly. Mysal üçin :
1.Programma girmeli.
2. Ýokarky sag burçdaky dikligine üç nokadyň üstüne basmaly
3."Add photo " girmeli
4. Goýjak suratyňy saýlap (islendik formatda bolup biler) "ok" basmaly
5. Soňra suratyň aşagyna blogyňy ýazmaly ýa-da kopýa edip goýmaly.
6. Soňra indiki bloga (indiki sahypa) geçmek üçin 15-20 abzas aşak süýşmeli.
7."Add photo " girmeli
8. Goýjak suratyňy saýlap (islendik formatda bolup biler) "ok" basmaly
9. Soňra suratyň aşagyna blogyňy ýazmaly ýa-da kopýa edip goýmaly.
Ine şu usul bilen her blogyň başynda surat goýup bolýar.
Soňra programmanyň adyny üýtgedip apk barada gysgaça maglumat goýmak üçin :
1.Programma girmeli.
2. "CONFIGURATION" basmaly
3. "Enter App Name " diýen ýere programmanyň adyny ýazmaly.
4. "Enter Packpage Name" diýen ýere hiç zat ýazmaly däl.(sebäbi şol ýere hat ýazsaň programma açylmaýar)
5. "Enter Book Name " diýen ýere kitabyň adyny ýazmaly .
6. "Author Name " diýen ýere kitabyň awtorynyň adyny ýazmaly .
7. "Enter Category" diýen ýere aslynda kitabyň bölümini ýazylmaly ýöne biz ol ýere öz telefon nomerimizi we e-poçta adresimizi ýazýarys.
8. "Enter Website" diýen ýere web saýty ýazmaly .
9."Enter book Description " diýen ýere kitabyň barada gysgaça maglumat ýazmaly .
10. Soňra ýokarky sag burçdaky "Save" basmaly.
Eger programmany täzeden döretjek ýa-da başga programma ýasajak bolsaňyz "New project " diýen ýere basyň.
GUTLAÝAS indi siz programma ýasamagy öwrendiňiz indi döreden programmaňy nädip türkmen diline geçirmeli. Ýokarda hem belläp geçişim ýaly türkmen diline geçirmek üçin "APK editor" programmasyndan peýdalanmaly .
1. APK editor programmasyna girmeli
2. "Выбрате файл Аpk" basmaly
3. Türkmen diline geçirmek isleýän programmaňy saýlamaly.
4." Редоктрование ресурсов " basmaly
5. Ine şu sahypadan Iňlis dilinde ýazylan zatlary türkmen diline geçirmeli. (düşünmeýän sözlerňizi google translate ýaly programmalardan türkmen diline terjime edip bolýar)
6. Hemme sözleri türkmen diline geçirniňizden soň ýokarky sag burçdaky "Сборка" girmeli
7. we "установить " basmaly .
GUTLAÝAS indi siz programmany türkmen diline geçirmegi öwrendiňiz . Ine şu usul bilen birnäçe peýdaly we gyzykly programmalary döredip ony bloglar.ru saýtynda mugt goýup bilersiňiz .
Üns bilen okanyňyz üçin sag boluň .Düşünmeýän ýerleriňizi teswir ýazyp sorap bilersiňiz.
Taýýarlan : Gerçeknazar Amannazarow
Çeşme : Bloglar.ru
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Gerçeknazar köp köp sagbol, uly kömek etdiň! Taňry ýalkasyn
-
Gubadag_A.Alayew
3 years ago
- Bolýar bile ýalkasyn
-
Mr.WriTer
3 years ago
- [b]Sagboluň![/b]
Gubadag_A.Alayew 3 years ago- Mende bar bloglar.ru saýtyna salgysyny we nädip ýasamalydygyny barada maglumat ýazdym.