Maňa senin gözleriňden Maňa senin gözleriňden gitme ýok Maňa senin sözleriňden gitme ýok Düşin, bu dunýede soňky güne chen Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men Seniň ýupek gijeleňden gitme ýok Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok Bu garagol jahyllykdan giderin Gol(?) hasaly gojalykdan giderin Çünki men olardan gitman bilemok Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok Men zemin, sen bolsa ullakan asman Sachyňy nur edip, üstüme dökýäň Emma düşün läläm, şeýle gün dogar Saçlaryň gar bolup, üstüme ýagar Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme Gararyn belentden, ýeriň ýüzüne Men bir gyzda gözleriňi görerin Men bir gyzda sözleriňi görerin Şapakda görerin ýaňagyň alyn Gijede görerin ýaňagyň halyn Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin Onda seniň göz ýashyňy görerin Zemin aýlanyp dur, oňatlyk döräp Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok Dünyäň her gülünde men seni görýän Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok G.Ezizow 5x

Köneler, .x_xXx_x. tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir