Mendede seniňki ýaly söýgi bar 7
...Şeýtdide gyz öz aýratynlyklaryny Wepa güjeňledi. Şol wagt Wepanyň gözleri nämedir birzatlar gördi, nämedir üýtgeşikzat. Oglan muny görüp gorkdy hem ysgyndan gaçdy. Gyzyň jynsysy çyg, ondada şol wajyp ýer. Oglan saklanyp pikirlenip gyzdan gaty yza galanyny duýmandam. Gyzam ünsem bermändir. 20-30 ädimden Tanýa, ýoldaşynyň ýoklugyny duýup yzyna öwrülende, özünden uzagrakda Wepanyň ünjä batanyny gördi. Gyz, wagtyň gelenini duýup, yzyna oglanyň ýanyna ýöredi. Şol 20 ädim aralykda aýtjakzatlary barada pikirlenip, ünsini jemläp gelen Tanýa, Wepanyň ýanyna gelip, elini oglanyň egninde goýanda Wepa başyny gyza tarap çala galdyrdy. Ikisi hem az wagt ses çykarman duranlardan soňra Tatýana gürrüňe başlady:
-Bilýäňmi, men seni şeýle söýüpdüm. Seň sözleriňden, ýylgyrşyňdan, maňa seredişiňden, herketleriňden ýaňa meň başym aýlanýar. Seň maňa diňeje barmaklaryň bilen, saçlaryma, ellerime, ýaňaklaryma, tenime degmegiň eýýäm meniň başymy humarladýar hem eräp-akýaryn. Onsaň sen pikir edip gör, şeýle degmekligiň eýýäm meni sandyradýan bolsa, onda çyzykdan geçmekligiň, maňa nämeler edip biler!? Pikir et, görüşiňýaly başga gyzlardan meň hemmezadym beter güýçli. Meň döşüm, arka-bilimiň olaryňkydan beter uly. Elbetde mendenem beter müň esse güýçliler bardyr, eýle-beýleleri ulular bardyr. Men olary bilemok. Meň duýgym, pikirlenşim, empatiýam, simpatiýam, etikam ine görüşiň ýaly sözlerimem güýçli. Diýmek söýgümem güýçli. Wepajan, söýgüsi güýçli gyzyň, organizimi hem ýene şu görüşiňýaly güýçli bolýar. Sen söýüp söýüp, başyň gök-asmana ýeteninde sende nämeler bolup geçýä? Derýalar akýarmy? Deňiz joşýarmy? Wulkan atylýarmy? Mendede seniňki ýaly, hatda seňkiden has beterem güýçli. Ýagny seniň barmaklaryň tenime degeninde, derýalar akmaga, deňizler joşmaga, wulkanlar bolsa atylmaga taýynlanýar. A haçanda dodaklaryň dodagyma degeninde, elleriň pynhan ýerlerime baranynda, iň beterem sendäki daş-dek gaty güýji duýanymda ana şonda mende hemmezat ereýär-akýar. Saklap bolmajak dereje akyp gidýär. Wah bilýänle bu adatydäl, bilemok bu kemlikmi ýa artyklyk. Ýöne Wepajan, düşün meni tebigat şeýle ýaradypdyr. Mende gyzlaryňky ýalydälde, seniňki ýaly söýgi we hyjuw bar. Geçenki gezeklerde seň balagynda dörän çyglygam meň yzym bolmaly. Ýok, ol fantandäl. Ol mendäki fantan. Men şu ýagdaýymy bildirmejek bolup, görkezmejek bolup senden gaçýardym. Mümkin sen mundan beýläk tersine menden gaçarsyň, ýöne nähili bolaýandada sen meniň birinji hem iň söňky söýgüm bolup galarsyň!!! - diýip biraz wagt dymdy. Wepa Tanýanyň hemme aýdanyna aňyrsy bilen düşündi hem hiçzat jogap etmedi. Ýagdaýa özüçe düşünen gyz, sessiz yzyna öwrülip, öýüne tarap ýoly, ýeke dowam etdi. Yzda galan oglan bolsa, gyzy saklajagam bolmady. Eýsem, tebigaty, içi oglanyňky ýaly, daş sypaty, organlary, hemmezatlary gyzyňky ýaly, bu nä geňsi gyz, hem beýle zat adaty zatmy!? Tanýa öýlerine gelişine göni ýuwunmaga girdi. Sebäbi gyzyň bu tebigatynda köp joşgunlar bolýar. Ýuwunulýan otagyň gulpuny berk gulplady. Ulurak platensa dolanyp el ýüzünde goýup uzak wagt oý-pikire çümdi. Gözlerden bolsa boýur boýur ýaşlar dökülýär. Gyzynyň esli wagt eglenini bilen kakasy gapyny kakyp:
-Tanýa, ýatmaly wagtyň boldy. Nahar iýdiňmi?
+Aha
-Bolýa. Ertir ir turmalysyň. -diýip öz işleri bilen güýmendi. Şolwagdam Wepadan gelen "Ertir gürrüňim bar" diýen sms Tanýa täzeden jan berdi...
7-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
Mendede seniňki ýaly söýgi bar 7
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Dowamy bar diyip yazmansyn welin... Yone eserin yzygiderligine gora dowamy bar. +++
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- "Bölümiň soňy" diýmek "Dowamy bar" diýmegi aňladýardy. Bu ýazyjylaryň etikasy. Men ýazyjylaryň däp-dessurlaryna doly düşünmesem bilmeseem düşündigimden bildigimden ýetirjek bolup jan edýän:)
Hercai 3 years ago- ol mendaki fantan guljegimem aglajagymam mena birhili boldum dowamyna garasyan barmaklaryna saglyk dowamyny tizirak yaz agam meraktan çatliyjam+++