IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 17

171. Rossiýanyň Odessa gonamçylygynda aktýor M.N.Mitrofanowyň "maňa köp merhumlaryň roluny oýnamak miýesser etdi, emma hijisinem şeýle ussatlyk bilen oýnamandym" diýen ýazgyly gubur-gabyry bar. Ýöne hiç-bir degişmeler Meksikan gabyr-gazyjylarynyňky bilen deňleşmez:"Bu ýerde Tomas Himedeo jaýlandy. Inni sen hudaýyň elinde. Hudaýjan, gapjygyňy gowja gizle", ýa-da "Meniň mähriban aýalym Brunjilda Jalmonte. Hudaýjan, size höwes bilen ugradyşymýaly siz hem höwes bilen garşy alyň." Mundan başgada "Bu ýerde Pankrasio Huwenales jaýlandy. Ol nusga är, gowy kaka, erbet elektrik bolupdy". Ýene has haýran galdyryjy "Gustaw Gumersinda Gutierras. 1984-1939. Ogullaryndan ömürlik ýatlama(özüni zyňmadyk Rikardodan başgasy)".

172. Ýylanlar şeýle maýşgak, ýumşak bolsalarda, ylyma belli bolan ýekeje ýylan hem yzlygyna hereket edip bilenok.

173. Salwadorda we Wenesuellada, içgili ýagdaýda maşyn süren adamyň maşyny, kanun tarapyndan döwletiň haýryna geçirilýär.

174. "It wepaly-aýal biwepa"!? 1138-nji ýylyň 13-nji martynda Ahenada karona geýdirilen karol Frankony, Şwabi we Lotaringi Konrad III 1140-njy ýylda Waýnsberge uruş edip gabawa alanynda, goranýan galadaky aýallara degmejigini we öldürmjegini aýdyp göýberjekligine kepil geçýär(гарантия). Şol bolmaşynada aýallaryň özlerindäki bar bolan, göterip bilen gymmatlyklaryny alyp gitmegine rugsat berýär. Geň göräýmeli, az wagtdan karol, ärlerini egninde göterip galadan çykyp barýan aýallary görýär. Şeýdibem karol Konrad öz sözüne wepaly bolup taryhda şöhratlanýar. Häzirki wagtda ol galadan harabalar galdy we ol gala "Aýal wepalylygy" diýilip atlandyrylýar(Nemes dilinde "Weibertreu")

175. Her ýylda neýro-hiruruglar kelle-beýnisiniň ýarysyny aýyrmakda-gemesferektomy köp operasiýalar geçirýärler. Şeýle operasiýalar beýnä gan öýende we beýni-çişlerinde halas bolmagyň ýeke-täk usulydyr. Geň-üýtgeşik zady, hassanyň beýnisiniň göni ýarysy aýyrlanyndada oň ýadyna, özüni alyp barşyna, hereketlerine hiç-hili täsir edenok.

176. Alymlar, ýagtylygyň täsir etmeginde asgyrmagyň döreýänligini açdylar, "foton refleksde asgyrmak" adamlaryň 30% mahsus bolup bu häsiýet nesilden nesile geçýär. Ýöne bu refleksiň hakyky sebäbini alymlar şuwagda çenli bilenoklar.(geň görmeli, meň özüm hem käte gös-göni güne ýa-da güýçli ýagtylyga seretsem asgyrýaryn.)

178. 2009-njy ýylda Şwessariýada ýaşaýan öýsüz-öwzarsyz(бомж) Kurt Dagerman, özünden soň 1 milion $ goýup gidýär. 30 ýylyň dowamynda demir bankalary toplap satyp, ol belli Şwessar bankynda maýa-goýum edýär. Dagerman ol gazanjyny, kämahal köçedekä ýanyna gelýän dogan-oglanyna(двоюродному) wesýet edip gidipdir.

180. Sparta, bu söz köp adamlaryň göz-öňine "Gaýduwsyzlyk, Wepalylyk, Edermenlik, Güýç-kuwwat, Alarmanlyk, Ezberlik" diýen ýaly güýçli sözleri getirýär. Emma "Akyl" diýen söz göz-öňiňize gelmez. Sebäbi Spartanyň esasy kanuny "Diňe bar bolan ýaraglar bilen söweşmeli, täzeçe ýaragy oýlap tapyp söweşe girmek gadagan" diýilen setirler bar. Ine şu kanun hem olaryň ýok bolup gitmegine sebäp bolan iň uly ýalňyşlyk. Özüňiz pikir edip görüň, Sparta şuwagtda çenli täzeçe ýarag çykarmazdy, sebäbi olaryň kanunynda täze ýarag çykarmak gadagan, onsoň gylyç, naýza we galkanyň garşysyna pistolet, awtomat, bomba has beter hem atom bomba. Haýsy aýdanymyz ýeňer!?

181. Dowamy blogla.ru-da
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir