Bir ýerimiz kesilende, çapylanda, ýananda, bişende...
Haçanda biziň öz seresapsyzlygymyz ýada başgalaryň sebäp bolmagy netijesinde biz bir ýerimizi ot-ýalyna ýaksak, gaýnag buga bişirsek, çapsak, kessek, derrew çäresini görüp agyrylaryň ýada iriňlemegiň(gangrena) öňini alaýjak ýalydyrys, emma beýle däl. Köp adamlar şeýle pursatarda nämeler etmelidigini düýbünden bilenoklar. Şular barada bilenlerimden paýlaşmagy makul bildim:
KESILENINDE, ÇAPYLANDA. Barmagymyz ýada başga ýerimizi ýiti pyçaga, mümkin lezwi ýaly zatlara kesdirenimizde hökman gan akar. Mümkin güýçli belki pes. Bu biziň organizimimize bagly. Ýöne şondada gan nähili akandada gany saklamak aňsat däl. Biziň ilkinji etmeli herekedimiz gany saklamaly, mata ýada başga zatlar bilendäl, sebäbi gan gurasa bedenimize ýelmeşer we ýelmeşeni aýyrjak bolanynda ýene ganar. Özümde bolan waka: Watan gullugymy berjaý edip-ýören wagtlarym, esger wagtym men lezwi(britwa) bilen köp işleşýärdim. Esger eşiklerimiziň ýakasy hemişe gös-göni gyrkylyp çatylan akja matadan bolmalydy. Şol ak matany göni we dürs kesmek üçin bolsa lezwi gerek(gaýçy lezwiniň rezultatyny berenok) boldy we britwadan lezwini aljak bolanymda lezwiniň ujy barmaygymy kesdi. Sekuntda barmagymyň süňkini gördüm. Eýýäm ikinji sekuntda gan dawleniýe bilen kijijek fantan bolup akdy. Nämeler etjegimi bilmän barmagymy gysyp gany saklajak boldum. 15 minut gysyp sakladym, ýarym sagat sakladym, 1 sagat gysyp sakladym. Gan durmady, doňmady. Hiçzat edip bilmän alaçsyz aljyradym. Nämede bolsa dadyma Köýtendagda ýaşaýan "mangol" kliçkaly dosdum ýetişäýdi(kliçkasyny tutsak gaýtam gowam görýärdi). Ol ýagdaýy görüp, howlukmaçlyk bilen öz goşlaryny goýýan tumboçkasyna ylgady. Gidip ak kagyzda bir paçka "sitramon" tabletkalary getirip, olary hem paçkasyny açman, paçkaň içinde daş bilen döwüp un ýaly külkä öwürdi. Soňra paçkadaky külkeleri barmagymdaky akýan gana döküşdirdi. Akýan ganyň bu ýerine külkeleri dökse, gan başga ýerden pürkýär, pürkýän ýerine dökse başga ýerden syzýar. Ahyry şeýdip-şeýdip gany duruzdy. Soňra bolsa "Sitramon gatap gips bolýança, barmagyňy gymyldatma, hiç-zada degirme. Hatda üsdüne gyl-hem degmesin. Şu barmagyňa dawlenýa pes bolarýaly aşak sallamada, egniň bilen deň edip geziber." diýip gidip saç-guradylýan fen alyp geldi, has çalt gurarýaly barmagyma tutdy. Barmagyma sepilen gorag sitramon, az-wagtda doňup galdy. Gowy doňanyndan soň bolsa "Şeýle ýagdaýda geziber. Ine ýene sitramon külkesi. Birden açylsa ýene sep. Ýene doňarweli üsdüne özüň peşew et. Bu gips peşewiňden ýaňa çygjarsyn, doňsun, bu ýagdaýy barmagyň bitýänçä gaýtala" diýip buýrdy. Şeýdip, barmagymy gorap 3-4 gün gezdim. Ahyry bir gün hem ýaňky mangol dostum "Ýeri nädýäň barmak gijeýärmi? Gaşasyň gelýändir. Gaşaýmagyn. Gijesin. Gijemeginiň sebäbi etiň dokumalary bitip barmagyň eti bejerilýär. Bu bolsa gijilewük duýgyny döredýär. Eger sen gaşasaň, onda dokumalary ýyrtarsyň netijede barmagyň bitip bejerilmez. Emma gijilewüge çydap gaşamasaň, onda barmagyň çalt biter we bahym gutular" diýip tabşyrdy. Diýişi ýaly barmagym şeýle bir gaty gijileýärdi, diýip-aýdarýaly däl. Şondada mangolyň diýenini edip gaşaman zordan gezdim. Aňyrsy bir hepdeden barmagym bitip ýara aýryldy. Muňa begenip dosduma köp-köp sagbolsun aýtdym. Meň pikirimçe bir ýerimiz kesilende we çapylanda, bu usul iň gowy usul.
BIŞENDE, ÝANANDA. Edil ýokarda aýdanymýaly ýene bir peýdaly emelleriň biri bar. Haçanda bir ýerimizi gyzgyn zada ýakanymyzda, ýada gyzgyn buga bişirenimizde haýal etmän süzme(çekize) tapmalydyrys. Firmanyňky dälde, öýde ýasalan süzme bolsa has gowy bolar. Eger öýde ýasalan süzme tapylmasa, magazinlerdäki satylýan firmenni süzmeler hem bolýar. Süzmäni ýanan ýerimize, galyň edip çalmaly. Çalanymyzda diňe ýanan ýeriniň özüni dälde, daş-töweregi bilen çalmaly, näçe galyň bolsa şonça gowy. Bir az-wagtdan çala awşamagy mümkin, ýöne biliň, eger süzme çalmadyk bolsaňyz, onda ol awşamak 3-4 esse güýçli bolar. Süzme çalsaňyz, awşamak gaty bildirmez. Çalynan süzmä hiçzat etmelidäl. Şonda süzme gipsýaly bedene ýapyşar. Tä özi sypyrylyp awusy galýança gezibermeli. Süzme çalmadyk ýagdaýyňyzda ten pakgarar, endamyň-kožanyň aşagyna iriň ýygnanar. Diş-pasta ýada başga usullary hem barlap görüpdim. Effekt edil süzmäniňki ýaly bolmady. Diş pasta ulananyma ökündim. Belki siz hem bilýänleriňiz barada paýlaşarsyňyz!?
Awtor: IDEALLIDER.
Bir ýerimiz kesilende, çapylanda, ýananda, bişende...
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Sada. Men şeýle öz ýazyşymýaly hereket edenimde iriň döremedi. Buga ýakypdym. Dogry agyrysy bolupdy. Emma iriňlemedi!
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- ++ Sagbol
-
Hercai
3 years ago
- egerde bır yerınız bısende suzme calyp uly yalnyslyk etjek bolman name calynyanyny bılemok yone name calynmayanyny bılyan menem sıze bır wakany aydyp bereyın bızınem bır gonsymyz bardy kapody acanda masyny tusselap butın yuzı gozu dosu dıyen yaly yanny sonda gonsylarymyz suzme bılen suwapdyrlar onnon son adamyn ıcı gosy zayalanyp erap baslapdyr seydıem olup gıtdı yatan yerı yagty bolsun
sada. 3 years ago- Elini ya-da basga yerini kesen wagtyn, hayal etman gany duruzmak bilen bolmaly.Elbetde,her kimin gany den dal we ol onun duzumine bagly.Barmagyña hasa tutup 5 minudyn dowamynda gaty basman saklamaly.Shonda ganyn duzumindaki tromblar yygnanyar we gan dinmek bilen bolyar.Kop kisi eli kesilen wagty ony suwun asagynda kop wagtlap yuwyar.Beyle edildigi yalnysdyr.Ol ganyn azalmagyna getiryar
Lider, suzme calmaly diyenine gosulamok, sebabi olar dine "wagtlayyn rahatlatmak" maksady bilen ulanylyan serisdeler.Sowuk suw, pasta hem shona degisli.Yanan wagty sowuk zat gowy tasir edyar , yone sonundan irin doreyar.
Yanygy bejermek ucin: облепиховое масло we левомеколь ulanylyar.Kunji yagy kan tapdyranok yone olam gowy netije beryar