Hany, bir ýylgyrsana!

Gitjekdim,
Gitmedim.
Gidip bilmedim, çünki,
Ýüregim awady ýekeligiňe.
Gidäýsem eger,
Meniň ýoklugym seniň,
Ýüregňe nädip sygar?
Sämäp duran serden ýaňa,
Dözmedim saňa!

Bilýärin men seni, batarsyň gama,
Gezersiň ýörersiň sus bolup dyma,
Köňlüňde galdyryp ýaraňa ýama,
Dözmerin saňa!

Gözüňden syrygan damjalaryňa,
Kalbyňy gyýdyran ünjülerime,
Hem hyýalda galjak harasatlary,
Dözmerin saňa!

Undup bar geçenleri,
Öýkeleri syrsana,
Päkläp, köňül nalasyn,
Hany, bir ýylgyrsana!
Seniň bir ýylgyrşyňy,
Deňäp, altyn-kümüşe,
Unutdym kineleri,
Yýlgyr, şatlan hemişe! 

Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir