IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 12
121. Kolibri diýilýän täsin guşlara birnäçe geň-üýtgeşik rekordlar berilendir. Ylyma belli bolan 330 görnüşli kalibrilaryň içinde, iň kiçisi "Ary-Kolibri"(Lat. Mellesuga helenae) bolup, olar Kuba-da ýaşaýarlar. Uzynlygy 5 sm-danam gysga bolan bu görnüşiň agramy 2 gramdan hem azdyr. Iň uly görnüşdäki "Pälwan-kolibriniň"(Lat. Patagona gigas) agramy hem 20 gramdan ýeňil. Olaryň ganatlary sekuntda 100 gezek pasyrdaýar(açylyp-ýapylýar). Uçuşlarynuň tizligi bolsa sagatda 80 km. Parahat-asuda wagtynda olaryň ýüregi minutda 500 gezek urýar, uçuş wagtynda bolsa 1200 gezek. Mundan başgada kolibriler yzlygyna uçup bilýän dünýädäki ýeke-täk guşlardyr.
122. Alýaskada ukudaky grizzli-aýyny, surata düşürmek üçin oýarmak kanun tarapyndan gadagan. Beýle kanuny bozan adam, jany-sag suduň zalyna gelip bilmez diýilen pikirem bar.
123. 1917-nji ýylda Rus buddizimiň ýokary lamasy Daşi-Doržo Itigelow bolupdur. 1927-nji ýylda, öz okuwçylary, lamanyň daşyny gurşap alan wagtynda, lotos herekedini-edip-oturup(Поза Лотоса), şol ýagdaýyndada jan beripdir. Lamany kedr-agajyndan ýasalan, kub(geometriki ölçeg) görnüşli guburda jaýlapdyrlar. Lamanyň wesýet etmegi netijesinde, 2002-nji ýylda gubur, merhum bilen gazylyp alynyp açyldy. Açylan wagty jeset, hiç-hili üýtgemändir we ynjamandyr. Şunlukda Rossiýanyň şahsyýetleri hasaba alyş bölüminiň sud-med-eksperti Wiktor Zwýaginanyň hasabatynda "...bedeniniň beloklarynda janly sypatlar bar" diýilen ýazgylar görkezilen.
124. 1971-nji ýylda, Kaliforniýanyň Stenford uniwersitetinde Koko atly gorilla okuw(öwretdiler) berdiler. Şol sebäpli Koko 1000-den gowrak lallaryň hereket-diline we 2000-den gowrak iňlis sözlerine düşünýär. Koko duýgularyny duýdurup bilýär, ýagny ol sögünýär we oýun-edýär, degşýär. Bir gezek ol näz edip, özüne guş diýdi hem uçup bilýändigini aýtdy, soňra bolsa uçup bilmeýänligini, muny bolsa degişip aýdanlygyny düşündirdi. Dogtor Fransin Patterson, görkezmelerinde, Kokonyň IQ-i(aň-düşünje-akyl barlaýjy testiň netijesi)95-e deň bolanlygyny belläp geçdi. Bu diýmek, Kokonyň aň-düşünjesi orta-uly ýaşly adamynyňka deň diýmekdir. Koko, 2018-nji ýylyň 19-njy iýunynda öldi.
125. Braziliýanyň oýnaklaýan(möýüň görnüşiniň atlandyrylşy=блуждающий) möýi, adamy agyryly çakanyndan soň, adamda priapizm(uzak wagtlaýyn we agyryly ereksiýa) döräp biler. Möý çakanyndan soň agyryly ereksiýa 12 sagada çekip biler hem medisina kömegi berilmese, önelgesizlige ýetirip biler. Möýüň awysyndaky Tx2-6 komponenti, alym-hünärmenler tarapyndan, ereksiýa-kemçiligine derman etmek üçin barlaglardan geçirilip öwrenilýär.
126. 1902-nji ýylda Berlin bankiri Gerhard Fraýder, ölmezinden öň hakyky wesýetnama goýýar, ýagny öz tabydynyň öňünden ýörän herbir garyndaşyna 300marka(ol döwür ummasyz pul) wesýet edýär, a emlägini bolsa, jaýlananyndan soň, aýratyn ýagdaýda başga adamlara bölmeli diýip belleýär. Şeýlelikde emlägi bölmän, ýekeje garyndaş birine geçirýärler. Sebäbi wesýetnamada "tabydyň öňünden ýörän her-bir garyndaşyna 300 marka bermeli. Puly almadyk adamlara bolsa emlägi paýlap bermeli" diýilen setirler bardy.
127. Osminoglaryň gany mawy we olaryň 3 ýüregi bar. Bir ýürek bedeniň ähli ýerinde gany aýlaýar. Beýleki iki žabra ýüregi bolsa, žabralardaky gany aýlaýar. Zoopsihologlar, oňurgasyzlaryň içinde iň akyllysy osminog diýip hasap edýärler. Osminoglarary dressirowka etmek aňsat, ýatlary gowy, geometriki figuralary tapawutlandyryp bilýärler, özlerinei iýmitlendirýän adamlary tanaýarlar hem bahym eldeki bolýarlar.
128. Adam özüni gyjyklap gülüp bilenok, emma weli biziň söýýan adamymyzyň bir barmagynyň tenimize degmegi weli, bütin endamymyzy jümşüldedip bilýär.
129. Pişikler orta asyrlarda aýýar-kempriň(jadygöý-aýal) ýoldaşy we şeýtan güýjini getiriji diýip hasap edipdirler. Ine şu sebäpli hem pişikleri(esasanda gara pişikleri) diriligine ot-alawda ýakypdyrlar, gark edipdirler we uzyn binalardan zyňypdyrler. Orta asyrlarda pişikleriň ýok edilmegi, alaka-syçanlaryň has-beter köpelmegine getiripdir, bu hem mergi keseliniň(чума) ýaýramagy bilen adamlaryň gyrgynçylygyna eltipdir.15-nji asyrlarda, mergi keselinden gyrylan adamlaryň sany 30 miliondan geçipdir. Emma Yslam dininde pişikler gaty halanyp gowy görüler eken. Adamlaryň aýtmyşlaryna görä, Muhammet Sallallahu Aleýhi Wessellem namaz okap oturan wagty ymmatymyzyň ýanyna ýylan gelipdir, bu ýylany bolsa pişik öldürüp, Allanyň ilçisini ýylanyň awy-zäherli dişlemeginden halas edipdir. Metjide girmäge rugsat edilen ýeketäk jandar pişikdir. Belki şu sebäpdendir, dünýä alymlarynyň "Iň arassaçyl haýwany pişik" diýip aýtmaklary.
130. Çybynlaryň, diňe urkaçylaryň gan sorýany belli. Arylaryň hem diňe urkaçylary çakýar. Adamlaryňam;-).
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 12
-
Khanture
3 years ago
- 130. Çybynlaryň, diňe urkaçylaryň gan sorýany belli. Arylaryň hem diňe urkaçylary çakýar. Adamlaryňam;-).
adamlarynam :)))
Hercai 3 years ago- +++++