Eýsem-de asuda,parahat yurtda agzybir masgalan bilen rahatja öýüñde nãz-nygmatlardan bol saçakda Doglan günüñi gutlamakdan uly bagt barmyka ?
Şeýle-de "ikinji õýüñ" hasaplaýan iş ýeriñe gelip, dogan saýýan kãrdeşleriñ bilen gutlag sõzüni aýdyşmagam aýratyn lezzedi bar.Elbetde her iş başlangyjynda bolşy ýaly,işgãrleriñ arasynda maslahat geçirilip,bu günüñ hem ýerine ýetirmeli işlerini berdiler.Şeýdibem ýene tãze iş günüñem hysyrdysy başlandy.Kimsi maksatnama boýunça ýerine ýetirmeli işleri yetirýãr,kimsi bolsa tãze dõvrebap pikirleri paýlaşýardy.Garaz adaty iş güni-dã!..
Menem iş otagyma geçip kompyuteriñ başyna geçenimden el telefonuma jañ geldi.Jañ edýãn kãrdeşim Esendi:
-Alo!Salam,Dursun!Doglan günüñ gutly bolsun,Uzak ýaşa!!!Ahli arzuwlaryñ hasyl bolsun !!!
+Sag bol,Esen,aydanyñ gelsin!Yañy iş maslahatynda bile çykyp gaýtdyg-a.Bu gutlag sõzleri şol ýerde hem aýdyp bilerdiñ-ã!
-Yok meniñki neme-dã...
+Nãmed-ã ?
-Neme...mn henizem senden şol arzyly jogaba garaşýan
+Esen bu gün edaramyzda işiñ ýetikdiginden senem habarl-a!..
-Dursun,eýýãm şol "şol işiñ ýetikdigine" dõrt ýyl geçdi.Indi soña goýsam ejem meni õýe salmaz.Harby gullugy tamamlap gelen günümden başlap "Haçan bize sawçylyga barmaly oyi salgy berjek,hã? Haçan Dursun janyñ başyna gyzyl kürte atyp,tõrüme geçirjek?" diýip gün berenog-a.
+Hih,sen eýýãm ejeñe-de men barada gürrüñ berip ýetişdiñmi?!...

Dovamy bar!
Ýazan: ORAZTAGANOVA #Halima

Täzelikler, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir