IDEALLIDER-den gyzykly soraglar 3.
11) Ine bu siziň öz zadyňyz, emma siz muny kän ulanaňzok. Oňa derek başgalaryň hemmesi "Şuny" sizden beter köp ulanýar. Bu näme?
============================
12) "Adam"-da ikisi bar, "Aýy"-da biri bar, "Akula"-dada ikisi bar, "Geçi"-de bolsa hijisem ýok. Bu näme zat?
============================
13) Deňizde nähili daş ýok?
============================
14) Biýologiýa. Horazlar haýsy klasa girýär? Olar özüni şeý diýip atlandyryp bilerlermi?
============================
15) Ekin-meýdanyna ondört sany kepderi gondy, Myratjyk bukulup baryp bir kepderini tutdy. Jemi näçe kepderi galdy?
Elbetde bu soraglaryň jogaplary ap-aňsatjak, size ýönekeý jogaplary ýazaýmak galýar. Size üsdünlik🙂👍
Toplan: IDEALLIDER
IDEALLIDER-den gyzykly soraglara jogaplar 3.
11) Ol diýilýän zat siziň adyňyz!
============================
12) Ýagny "A" harpy bolýar!
============================
13) Deňizde gury daş ýok!
============================
14) Biýologiýada horazlar "Guşlaryň klasyna" girýär. Emma olar özlerine "Guşlaryň klasyna girýän" diýip aýdyp bilmezler, sebäbi horazlar hakyky-durmuşda, gürlänoklar.
============================
15) Diňe Myradyň tutan kepderisi galdy, galany gorkup uçdular.
Dogry jogaplary berip bilenler. Size berekella. Sizden birzatlar çykar🙂👍
Toplan: IDEALLIDER.
IDEALLIDER-den gyzykly soraglar 3.
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Siz hem okaýanyňyza!
Yylgyn 3 years ago- Sagboluň paýlaşanyňyza!
@SERWI