Oraza tutmak gadagan edilen günler

Dinimizde oraza tutmagyň emr edilen, ündelýän günleriň bolşy ýaly, oraza tutmagyň gadagan edilen we halanylmaýan günleri hem bardyr. Oraza tutmagyň halanylmaýan günlerinde agyz beklemek haram ýa-da tahrimen mekruh, käbir günlerinde bolsa, tenzihen mekruh saýylypdyr.

Haram ýa-da tahrimen mekruh oraza

Remezan baýramynyň birinji güni, gurban baýramynyň dört güni tutulan orazalar haramdyr. Bu günlerde oraza tutmagy tahrimen mekruh saýýanlar hem bardyr. Çünki, bu günler Allah Tagalanyň zyýapata, iýmek-içmäge we şatlanmaga ygtyýar beren günleridir.

Tenzihen mekruh oraza

Ýylyň dowamynda baýram günlerinde hem her gün oraza tutmak. Muňa «sawmy dehr» diýilýär. Baýram günleri agzyňy açyp, galan günler oraza tutmakda zelel ýokdur.

Agşam agzyňy açman, selällige turman yzly-yzyna 2-3 gün oraza tutmak. Muňa «sawmy wisal» diýilýär. «Sawmy wisal» Pygamberimiz üçin jaýyzdy. Emma kyn we muşakgatly bolany üçin ymmatyna jaýyz edilmändir.

Diňe juma gününde, şenbe gününde, aşyr aýynyň onunjy gününde, nowruz we mährijan baýramynda oraza tutmak mekruhdyr. Ýöne kişiniň adaty tutýan orazasy şu günlere gabat gelse, onda zeleli ýokdur.

Bir aýalyň äri rugsat bermese, nafile oraza tutmagy mekruhdyr. Äri onuň orazasyny bozduryp biler. Aýal soňra äriniň rugsat beren güni kazasyny tutup bilýär. Pygamberimiz bu barada şeýle ündew edipdir: «Aýalyň ýanynda äri barka, ondan rugsat alman nafile orazany tutmagy halal däldir», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud).

Gul ýa-da hakyna tutulan işçi işine päsgel berýän bolsa, hojaýynyndan rugsat alman, nafile orazasyny tutsa dürs däldir.
Remezan orazasyndan kazasy bolan biriniň nafile orazasyny tutmagy jaýyzdyr.

Hajylara agyr düşjek bolsa, «terwiýe» we «arafa» günlerinde oraza tutmagy mekruhdyr. Çünki, bu ýagdaý haj ybadatyny ýerine ýetirmäge kynçylyk döredip biler.

«Ýowmi şekde» oraza tutmak mekruhdyr. «Ýowmi şek» meret aýynyň otuzynjy günüdir. Bu günde nafile oraza niýet edilse, zeleli ýokdur. Remazan bolandygy anyk bolsa, remezan orazasy tutuldygy bolar. Meret aýydygy bilinse, bu oraza nafile bolar. Bu ýagdaýda oraza bozulsa, kazasyny tutmalydyr.

«Şek» gününde: «Remezan aýy bolsa, oraza tutmaga, remezan aýy däl bolsa, iftar etmäge» diýip niýet eden kişi oraza tutan saýylmaýar. Çünki, oraza niýet edilende anyklyk şertdir. Güman, şek bilen oraza niýet edilmeýär.
Iň gowusy «şek» güni ätiýaçly bolmaly, zewal wagtyna çenli orazany bozýan zatlardan saklanmaly, zewal wagty girende, şol günüň remezan däldigi belli bolsa, agzyňy açmaly, remezan bolsa, niýet edip agyz beklemeli.
Şek gününiň hökümini bilýän musulmanlaryň töweregine duýdurman oraza tutmagy gowudyr. Sebäbi, bu bilmeýän halkyň arasynda agzalalyk döredip biler.
Meret aýyny orazaly geçiren ýa-da soňky üç gününde agyz beklän kişi üçin hem şek gününde oraza tutmak has fazyletlidir.

Bilim, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir