Göz guwanjym göwün şadym diňlegin, Gözel keşbiň dolanaỳa meňzeỳär. Hiňleneňde lal-jem bolar bilbilem, Owazyň saỳraỳan dile meňzeỳär. Şöhle saçỳar enaỳyja ỳüzleriň, Gözellik nusgasy ähli gyzlaryň. Tarypyňa kemtep gelỳar sözlerim, Sözleriň ajaỳyp saza meňzeỳär. Beỳle zady men-ä heniz görmedim, Perimidir-peỳkermidir bilmedim, Didaryndan baka-baka doỳmadym, Dört örüm saçlaryň mara meňzeỳär. Gabagyny galdyryp ogryn gözleỳär, Garanynda on iki süňňüm syzlaỳar, Sözläninde şirin-şirin sözleỳär, Şirin deỳ sözleri bala meňzeỳär. Boỳlaryň uzyndyr göỳä bir derek, Bilseň bu ömrüm sensiz biderek, Kakamyrada sen deỳin söwerỳar gerek, Söwerỳar bolaỳjak gyza meňzeỳär.
Meňzeỳär
-
maksat.ch
16 years ago
- Salam jalaylar sizin bu goshgynyz gaty yuregimden turdy,bashgada shular yaly goshgularyn bar bolsa yazypdur....
-
CeriumOxide
16 years ago
jalaýlar! şu salgyda da täze we köne şahyrlarymyzyň eserleri we edebiýat söýüjileriniň teswirleri bar! goşgylaryňy ol ýerede oklaber!
-
ata
16 years ago
- Jalaýlar, berekellah! 1 telpek menden :)
Goşgy şeýle labyzly, şeýle şirin we manyly düzülipdir - galamyň ötgür/täsirli bolsun!
Aslynda, mundan öňem şygyr ägirtleri şu manyda goşgylar düzendirler, ýöne bu goşgy şu zamana şertleri we edebiýatyna göräräk ýaly. Mümkin, öňkilere kinaýa/münazara* edilen hem bolup biler?!
*özünden öňki şahyrlaryň eserlerine seredip, göýä ýaryşýan ýaly täze görnüşli başga bir eser döretmek sungaty bolmaly
-
kombat
16 years ago
- Öwjek bolup döwüpsiň.
Sözleriň ajaỳyp saza meňzeỳär.
sözüňe düşünip bolanok, myň-myň edip myňlaýaň ýa-da wyz-wyz edip, çywynyň wyzzyldysy ýaly ses çykarýaň diýipsiň.
Dört örüm saçlaryň mara meňzeỳär.
Saçyny ýylana deňäpsiň.Ýylan öldürmäge rugsat berilýän howply jandarlaryň biri. Arkamdan işläp, ogryn çakarsyň diýipsiň.
Boỳlaryň uzyndyr göỳä bir derek
derek ýaly yraň atýaň, şilliň uzyn, göwräň ini we boýy bir-birine laýyk däl diýipsiň.
Söwerỳar bolaỳjak gyza meňzeỳär.
gyz gözläp, kadalysyny tapman, şü-ýä bolaýjak öýdýän diýipsiň.
-
jalaylar
16 years ago
Boỳlaryň uzyndyr göỳä bir derek
derek ýaly yraň atýaň, şilliň uzyn, göwräň ini we boýy bir-birine laýyk däl diýipsiň.
Derek agajy hiç haçan yran atyan daldir. Çünki tebigatyn owazasyna tans edip yapraklary bilen hinlenyandir. Bir zenanyn görkü-kamatyny deregin tans edip hinlenişine menzedilyandir. Sen derek agajyny görmansin.
Senin:''şilliň uzyn'' menzetman derek agjyna we zenanlara bolan sylag hormatyn pesligini görkezyar.
-
jalaylar
16 years ago
Söwerỳar bolaỳjak gyza meňzeỳär.
gyz gözläp, kadalysyny tapman, şü-ýä bolaýjak öýdýän diýipsiň.kombat | 2008-12-10 01:42:58
Her bir yaradalan mahlugyn yaradylandan bu yana özüne mynasyp bir tayy bardyr, bu setirin hem manysy göwnüne kybapdaş bir söweryardygyny görkezyar.
-
mazmun
16 years ago
- goşgy barada pikirim.
men kakamyradyň ozlky goşgularyny hem okadym.oňat goşgulary bardy. emma bu goşgy ozalkylar ýaly däl. howul-hara hem de ünssüz ýazylypdyr. many-mazmun we forma taýdan gowşak.
hat da goşgudaky bogun sazlaşygyna hem üns berilmandigine bir mysal.
Boỳlaryň uzyndyr göỳä bir derek, -11 bogun
Bilseň bu ömrüm sensiz biderek, -10 bogun
Kakamyrada sen deỳin söwerỳar gerek,-13 bogun
Söwerỳar bolaỳjak gyza meňzeỳär. -11 bogun
yokardaky ýaly ýagdaý goşgynyň owazyny paltalaýar, okamakda kynçylyk döredýär.
muňa garamazdan ýazan goşgularyň üçin köp sag bol. galamyň ýiti bolsun.
-
kombat
16 years ago
Owazyň saỳraỳan dile meňzeỳär.
muňa näme diýjek, sesi madda deňeýär. owazyň saza meňzeýär diýip bolar. diliň saýraýan dile diýip bolar... ýöne sesiň dile meňzeýär diýip bolmaz.
-
mc_didar
16 years ago
kombat | 2008-12-10 04:31:12
ey kombat namane giryan? iki yüzlüligi bejeryandirin öydyanmi? ikiyüzli boljak bolsanam kynay. ha-ha-ha-ha
-
garabekewul
16 years ago
- sagjabol kakamyrat! ellerine guller bitsin! galamynyn ujy yiti bolsun!
kabir yazylan tankytlar u/n gownuni pes tutma!
hoshowaz aytmyshlayyn "hajynyn balagy yaly giň bol"!:):)
goshgylaryn dowamyna garashyas!
-
ata
16 years ago
Owazyň saỳraỳan dile meňzeỳär.
muňa näme diýjek, sesi madda deňeýär. owazyň saza meňzeýär diýip bolar. diliň saýraýan dile diýip bolar... ýöne sesiň dile meňzeýär diýip bolmaz.
"saýraýan dil" göçme manyda ulanylan hem bolup biler-ä?! Ýogsa, göni manysy boýunça seň aýdanlaryň dogry welin.
Jalaýlar, sen dowam et, tankyt hemişe bolar, olam saňa peýda bolar. Tankyt bolmasa, onda seň döredijiligiňem ösmez!
maksat.ch 16 years ago- Salam jalaylar sizin bu goshgynyz gaty yuregimden turdy,bashgada shular yaly goshgularyn bar bolsa yazypdur....