Gül ýetişmänkä-açylmanka... 4-nji bölüm.

...Leýli gülmän-ýylgyrman güli kabul edip, sesini çykarman ýoluny dowam etdi. Kloun bolsa ýene ýüzüni sallap galdy. Ýöne şondada ruhdan düşmedi. Leýliniň hem oglana nebsi-agyran bolsada agyrandyr... Oglan derrew eşiklerini çalyşyp, ýüzüniň hem ak kloun reňkini ýuwup gyzyň öýlerine tarap ýola rowana boldy. Leýli agşam-ara öýlerine gelip, öz işleri bilen gümra bolupýörkä, tötänden penjirelerinden daşarda oturan şol oglana gözi düşdi. Oglan perişde däldir, şol oturuşynada telefona güýmenýär. Leýli hem oglany esli wagt synlap näme netije çykarjagyny bilmän köp ikirjiňlenip "Oglan nämeden beýle hereketler edýärkä? Ýa-da bu onuň üçin, dostlary bilen eden ýönekeýje jedelimikä, belki hakykatdanam söýendir. Goýsana beýle söýgi üçin, edilýän hereketler diňe kinolarda, esasanam hindi-kinolarda bolýar ahyry, belki yrylansyran bolup pikirini bilsemmikäm!? Özemä aýak-aldygyna oturansyran bolup telefonyny oýnaýar. Elbetde internetde gyzlardyr" diýen her-hili pikirler etdi. Ahyry hem oglanyň ýanyna barmaly diýen netijä gelen Leýli, ertire garaşyp başlady. Häzir barsada bolardy, emma duşuşugaa çykmadyk gyz birden hemme goňşylarynyň öňünde, ondada agşam oglanyň ýanyna barsa, gyzyň şuwagda çenli çemçeläp saklap-ýygnap gelýän abraýy tabaklap dökülmezmi!? Şu zatlardan howatyrlan Leýli zordan-diýenýaly daňy atyryp penjiresinden seredeninde entegem ýarym ukyly-oýaly oturan "Geň-görmeli oglana" gözi düşdi. Gyz işe häzirlenip, plastmas gaba kofe demläp, elinde göterip öýünden çykdyda oglanyň ýanyna baryp, sessiz dymyp kofýäni oglana uzatdy. Ýene sessizlige öwrenişen oglan ahyry "Salam, minnetdar" diýip birinji sözüni aýdyp dil açdy. "Salamy duşmanyň bersede jogap ber, çünki Salam Allahyň iň bir owadan atlarynyň biridir. Beýle gudratly ada jogap edilmese, Allahyň adynyň ýerde galdygy bolar" diýilen akyl-setirlere uýup Leýli hem diňe:
- Salm. - diýdide ýoly bilen işiňe ugrady. Oglan içinden "Aha, tok geçýär" diýip gyza bildirmän, ellerini ýokary galdyryp, pyrlanyp begendi. Belki Leýli oglanyň bu boluşyny görendir. Leýli işe gelip, işleri bilen boluberedi. Iş wagty gutaranyndan soň, ýene şol oglan gyzyň gaýtjak ýolunda garaşdy. Leýli işden çykanynda oglan onuň öňünden çykyp:
- Salam. Ilki-başdaky hereketlerim bir-hiliräk bolan bolsa, miledi, sizden ötünç soraýan. - diýeninde oglanyň sesinde utanjaňlyk duýuldy. Leýli hem:
- Salam. Aýýýokla, bir-hilirägä däl. Siz ýaly masgarabazy, menä sirkdede görmedim. Ökde ekeniňiz. -diýip oglanyň üsdünden gülüp ýoluny dowam etdi. Ýigit wagtyň gelenini bilip inniki hüjüme başlamak üçin gyzyň yzyndan ýöräp başlady we:
- Size ýaran bolsa, muňa begenýän. Eger isleseňiz ýene gaýtalap biljek...
+ Ýok-ýok. Zerurdäl, beýle masgarabazlary sirkde görerin...
- A siz menýalagy görmedim diýipdiňiz!? - diýeninde Leýli sesini çykarmady. Oglan bolsa:
- Adym Sapa, Leýli, size ýazmagyma rugsat berersiňizmi? - diýeninde Leýli ýöräp barşyna azajyk gaşlaryny çytyp, piirlendide:
- Nädip!?
+ Isleseňiz hat, isleseňiz sms, isleseňiz imo, isleseňiz poçta... - diýip oglan bilen gyz ýuwaş ýuwaş gürleşip ysnyşyberdiler. Emma bu biziň gürrüňimiziň esasy wakasy däl. Esasy wakasy inni başlaýar...

4-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir