“Näzik hesretiňe dözülmedimi?”
Italmaz Akmyradow
Menden mundan zyýat näme isleýäň,
Ýoluňa yzlarym çekilmedimi?
Düşünemok, göwnüňde ne besleýäň,
Göwnüň diýip göwnüm ýykylmadymy?
Dag mertebäm köp peseldip öňüňde,
Gula dönüp, dyz epemde deňiňde,
Ýazyň güni buzdan beter doňaňda
Ýüregim ot bolup ýakylmadymy?
Didäňden didämi aýyryp bilmän
gezemde oňmadyň bagrymy dilmän.
Söýýän bol boldumy?
Gözüňe ilmän,
yşkymyň gözýaşy dökülmedimi?
Hany meni haýran eden edebiň?
(Agyr ahyr büdrese bedewiň!..)
Şol giden ýoluňa ruhum, bedenim
Gözlere öwrülip dikilmedimi?
Sapa HOMMADOW
“Göwnüň diýip göwnüm ýykylmadymy?..”
-
LUKMAN_GYZ
3 years ago
- +++++++++++
-
Korolewa
3 years ago
- Gowy duzupsin
Like+
yashalym 3 years ago- Oñat goşgy eken
Aýgül.