13 sany peýdaly maglumatlar.
1. Şkafyň içini boşaltman arassalamak isleseňiz tozan soryjynyň (plasosyň) ujuna jorap geýdiriň. Şu usul bilen ýere gaçan ownuk zatlary hem tapyp bilersiňiz.
2. Öýüňiziň käbir ýerlerinde ýorunja asyp siňekleri öýüňizden uzaklaşdyryp bilersiňiz .
3. Kalbasalary salkyn ýerde saklamak ýeterlik däldir. Wagtyň geçmegi bilen onuň üstüne gara tegmiller dörär. Bu tegmilleri aýyrmak üçin aram-aram kalbasalaryň üstüne ýarty limon bilen arassalaň.
4. Gury soganlary kagyz sumka dolap sowadyjynyň gök önümler goýulýan ýerinde goýsaňyz sogan uzak wagtlap çüýremän durar.
5. Ýatmazdan öň kiwi iýseňiz rahat uklarsyňyz.
6. Käşirleriň ýapraklaryny zyňmaň. Ony salatlarda ulanyň.Çünki bu ýapraklarda süňk eremesini goraýan kalsiý bol mukdarda bardyr.
7. Ýadow wagtyňyz sport bilen meşgullanmak isleseňiz ýarym sagatlyk ýönekeý maşklar size agyr maşklardan has gowy derman bolup biler . Özüňizi gynamaň.
8. Kadifeli diwanlaryň üstüni sirkeli suw bilen arassalasaňyz parlak bolar.
9. Kömelekleriň hasam süýji bolmagy üçin bişirmänkäňiz üstüne biraz duz we limon suwy guýuň. 5 minut garaşyň. Soňra bolsa bişiriň.
10. Doňdurylan balygyň erbet ysyny aýyrmak üçin balygy bişirmänkäňiz süýde salyň.
11. Sogan sarymsak kesmänkäňiz barmaklarňyza limon suwuny çalsaňyz erbet ysdan goranarsyňyz.
12. Bir halta ýer almanyň içine 1 sany alma goýup 8 hepdeläp çüýretmän we zaýalaman saklap bolar.
13. Ýakymly ysyň bütin öýüň içine ýaýylmagy üçin ýagyň üstüne birazajyk petruşka atyň.
Peýdaly maglumatlar
-
Gubadag_A.Alayew
3 years ago
- Korpejik o nähili kabul edemok saýta agza bolup bileňokmy? Saýta agza bolmak üçin
1. Bloglar.ru saýtynyň ýokary başdaky sag burçdaky "Hasap goş"girmeli
2. Nikiňi , e-mailňi, parolyňy ýazyp ýaşaýan ýeriňi saýlap agza bolýmaly.
Agza bolup bilmeseň gerceknazar97@gmail.com ýa-da +993 65 22 89 52 sms ýazaý
korpejik 3 years ago- Agam gowy yazypsyn..soragym bardy???
Meni name ucin blog.ru saydyn kabul edenok.:'(...