Özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň has gowulaşmagyny isleýän bolsak, onda durmuşy gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýän-digimiz bolýar. Ýaşaýşa nämedir bir zatlar bermek, eliňde baryn-dan eçilmek, ukybyňda baryny paýlaşmak, bagyş etmek –ömre many çaýýan zatlaryň biri. Munuň üçin ýaşaýşy, durmuşy söýmek gerek. Daş-töwerege, özümizi gurşan hal-ýagdaýlara söýünç bilen bakmak gerek. Durmuşa çynlakaý çemeleşmeli, ony öňküsinden-de
has gowy etmäge, has ajaýyp etmäge çalyşmaly. Sebäbi ýaşamagyň maksady şol – has gowusyna ymtylmaly. Özi hem özgelere agyr ýük bolmazdan, gaýry adamlaryň hak hukugyny kemsitmezden, hut öz başarnygymyz, öz yhlasymyz, öz arassa we halal zähmetimiz bilen berjaý etmeli. Diňe öz bähbidimize däl, hemmeleriň haýryna bolar
ýaly ylgamaly. Gazan ýan her bir zadymyz, ýerine ýetirýän işimiz, edýän hereketimiz bütin ömrümiz üçin haýyrly bolmalydyr.
Döwürden üzňe bolmak, ýaşaýşa doýgun nazar, tutuksy garaýyş bilen bakmak ynsana gelişýän zat däldir. Hatda dindar bolsaňam,
dünýewiligiňi unutmaly däldir. Hersinden özüňe geregini al: diňe dünýä gymmatyna gyzygyp, halaly-sogaby köýdürme. Diňe dine
berlip, döwrüňi, durmuşyňy ýatdan çykarma. Ýaşamak we ýaşaýşy has-da gözelleşdirmek üçin dünýewi gyzyklanmalary birjik-de göz-
den salmaly däldir. Başarsaň eser ýaz, kitap oka, öwret. Höwesiň, yhlasyň bar bolsa, git, bazara çyk, söwda et. Jaý gur, bina galdyr.
Harytlar nirede geçginli bolsa, haýsy ýeriň bazary şüweleňli geçýän bolsa, şol ýerlere bar-da, öz başarnygyňy görkez. Bu özüňi açmagyň ygtybarly we halal ýoludyr.
Sahabalardan Abdyrahman ibn Awf ýigrimi üç ýaşynda Hebeşis-tana göç etdi. Ondan soňra Medinä hijret etdi. Abdyrahman Medinä
baranynda owrat ýerini örter ýaly geýiminden başga elinde ýa eg-ninde hiç bir zady ýokdy. Diňe ýüreginde ynamy, imany bardy.
Medinä baryp ýetenlerinde, onuň aýdan ilkinji sözi: «Maňa bazary görkeziň» diýen söz bolupdyr. Soňlugy bilen ol iň baý adamlaryň biri boldy. Üstesine, behişde girjegi öňünden buşlanan on adamyň biri hem Abdyrahman ibn Awfdyr. Hatda jomartlykda deňsiz-taýsyz görlen Talha ibn Abdyllah hem ol hakda: «Medinäniň ilaty Abdyrahman ibn Awfa mätäçdiler, ony juda gowy görýärdiler, çünki ol baýlygynyň üçden bir bölegini karz bererdi. Üçden bir bölegini garyp-gasarlaryň
bergisini üzlüşmek üçin sarp ederdi. Üçden bir bölegini özi alardy» diýip aýdýar.
Şeýle bolelinlik, rysgy giňlik içinde ýaşasa-da, hiç bir alada-pikir onuň baş maksatlaryndan öňe geçen däldir. Sebäbi ol owalyny-ahyry-
ny ýaşaýan durmuşy bilen utgaşdyryp, sazlaşdyryp alyp gidýärdi. Ol ömrüniň manysyna öwrülen beýik maksady üçin irginsiz, üznüksiz yhlas ederdi. Şol beýik maksady birjik-de unutmazdy. Her ädimi, her
pygly-amaly şol maksadyna laýyk berjaý ederdi.
Dostum, eger-de tanymal şahslaryň terjimehallaryny ýa-da sahabalaryň, beýik adamlaryň taryhy kyssalaryny okap görseň, olaryň örän baý, gurply we abraýly adamlardygyny bilersiň. Abubekr Syd-
dyk, Osman ibn Affan we ş.m.
Durmuş ýolunda üstünliklere gyzygýan, ýokary galmaklyga ymtyl ýan dostum, maksadyňdan dänme, ýöne bu dünýä üçin agyr ýüke hem öwrülme. Dünýäni göterip bilmejek agyr ýüküňe hem öwürme.
Üstünlikler, şowlulyklar bilen bezelen durmuş ýollarynda maksatly hereket et. Hak ýoly, dogry ýoly sypdyrman alyp gitmek, yzygiderli
we önjeýli zähmet çekmek üstünlikdir. Ýaşa we ýaşaýşy gözelleşdir.
Iň bolmanda öz pikirleriň, niýetleriň, arzuwlaryň bilen bir gatanç goş.
Maksat goýanyňda, şol maksadyň ugrunda yhlas etmegi ýüregiňe
düweniňde bir hakykaty hergiz unutma: Ýaramaz zada sarp edýän güýjümi ziň ýarysyny ýagşy zada gönükdirip bilsek, biz has uly utuş gazanarys.
Söhbet Abdullaýew 3 years ago- Dogry +++++