Gargynç / hekaýa
Keýker eje ýaly sögünjeň aýal öňde-soňda biziň obamyzda-ha bolanok welin, hiç ýerde-de bolmadymy-ka diýýän. Onuň üçin sen ýat bol, ýakyn bol, uly bol, kiçi bol, tapawudy ýok. Gaharyny getirdigiň gutardy. Gargynç haltasynyň agzyny açaga-da birujundan eňterip bir ugrar welňn, köşekli düýe beribem goýdurybilmersiň.
Şol bolşy bilenem ol obada iň sylanýan adamlaryň biridir. Sebäbi, her näçe gargynsa-da, her näçe sögünse-de aňyrsynda zat ýok. Ýüregi arassa. Sandygy düzüw. Obada toý bolsun, ýas bolsun, dikilgazykdyr şo ýerde iliň öňünden. Çagyrmak gerek däldir. Özem käbir aýallar ýaly myhmansyrap, sülmüräp oturmaz. Keýwanylyk eder. «Köpüň zadydyr bi, öý eýesine seredip oturman, ediberiň ýerli-ýerden diýip, aýal baryny alarladyberer. Ilerki obada biri dumewläpdir diýselerem, «Hassaň halyny soramak sogapdyr» diýer-de, gyňajyny gös-göni edip jünäýer şo tarapa.
Onuň başga-da gowy taraplary kän. Onsoňam ol elmydama sögünibem ýörenok. Diliniň süýjän mahalaram bolýa. Iňňesine ýüplük sapyp beren wagtlarymyz dagy edil, maýa hörelän ýaly: «Ballym, hanym, janym, atam ogly, atasynyň goç ogly, Keýker enesiniň iner ogly» diýip söýüberýärem. Başymyzam sypalaýar. Senem şomyşym diýip gapdalynda gormaýyp oturansyň welin, birdenem bir zada gahary geler-de: «Ýok bol, haram doňuz! Edil çekirdeniňi aýyryn!» diýip, üstüňe bir heňkirer welin, jypydybereniňi bilmän galarsyň.
Biz-ä hiç welin, käte agtyklarynyň biri baryp «Ene, süýji iýjek» diýse-de, bir agyz «bar» ýa «ýok» diýäýmän: «Hä-äýt, süýnüp galasyň, süýnüp galan. Süýji zawudym bamy meň nä?» diýerdi-de, elne ataşgirini alyp kowalabererdi. «Ene, nan» diýip barsalaram: «Häk, nandanyňyz deşilsin, nandany deşilenler! Ýanyja iýmediňizmi el ýaly nany? Her ýaýlymyňyza ýarty nany nireden alaýyn men?» diýip, ýüreklerini ýarardy.
Bu gürrüň indi şu ýerde dursun, men size şol meşhur Keýker eje bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň bereýin.
...Ellinji ýyllaryň başlary bolsun gerek, gazy başlajak uçurlary kakam şähere gitdi-de, ejemiň boýag sargan on manadyna ýalpyldap duran täzeje pil alyp geldi. Eýlesini-beýlesini sypalap oturyşyna ejemiň öňünde «günäsini» ýuwmarlajak bolýan ýaly:
-Diskadan ýasalan özem. Traktoryň diskasyndan. Baram iki sanyjak ekeni — diýip, öwran-öwran gaýtalady. Geldimyrat ussanyň ýanyna gidip sapladyp geldi. — Muny-ha ussa-da öwdi. Häläm arzan alypsyň diýdi, bular ýaly pil her bazar çykybam durýan däldir diýdi — diýip, ýene-de ejemiň ýüzüne seretdi. Onuň henizem gyýylyp oturanyny görüp: — Sen ynanaý, sargan boýagyň ýok ekeni, menem onsoň boş gaýtmajak bolup şuny alaýdym-da—diýdi.
Ejem ýüzüni çalaja çytyp ýerinden turdy.
—Gyýylamak-la... ýöne... önki piliňem-ä oňuşmazça däldi.
—Aý, gelin baý, bi pil bilen oýun etme. O pile deňeme. Bu pil erte seň o-ojagaz on manadyňam müň manat edip gaýtaryp berer. Nesip bolsa, gazyda iliň äri bir çäk alýança seň äriň bi pil bilen üç çäk alar.
Gijöýlän boluberende, kakam getiren pilini işigimizdäki teläriň üstüne oklap goýberdi-de, maňamy, ejememi, haýsymyzadygy belli däl:
—Agşamlyk gerin. Ol, bi sorasa, kantura gitdi diýäý — diýdi.
Ol gidensoň ejemem setillerini egnagajyna iildirdi-de, suw getirmek üçin, ilerimizden geçýän derýa tarap ugrady. Menem bile gitdim. Gaýdyp gelşimiz ýalam ejem egnagajyny egninden aýryp, setillerini şakyr-şukur ýerde goýdy-da:
— Wiý, Silli jan! Hany, ýaňky kakaň getiren pili ýok-la, goýan ýerinde? Ýa özi gelip bir ýerde ýygnap dagy etdimikä? — diýip, hars urmaga başlady.— Häk, göwnüm bir zat syzýadam-la, närza bolmaýynam diýdim-le...
Bolsa-da ol, kakam gelýänçä goňşy-golama syr bildirmedi. Piliň ýoklugyny eşidip, kakamam birhili boldy.
—Şujagaz ýerde goýmadymmy men nä ýaňyja? — diýip, teläriň üstüne iki elinem birden uzatdy.— Siz öýde bolansyňyz-a? Ýa gitdiňmi bir ýaňa?
Ejemiň sesi naýynjar çykdy.
—Bar edenim Silli jan bilen derýa gidip, iki bedre suw getirdim. Şu ikortada aldaýjy duşaýmasa, adam alara-ha salym geçenok.
Şol wagt goňşymyz Tuwak daýza ejemden hamyrturşy sorap geldi. Ejem:
—Gün göräýmesin gyz, ýene — diýip, hamyrturşyny ýeňlige orap Tuwak daýzanyň eline tutdurdy-da, usullyk bilen: —A gyz, ýaňy men suwa gidemde bize gelen-giden-ä bolan däldir? — diýdi.
—Soran-idän-ä ýok. Ýöne, ýalt-ýult edip Sylapberdiň şu ýerden geçip barýan-a bir gözüme ildi. Onda-da öýde biriňiz barsyňyz öýdüp kän ünsem bermändirin. Hä, näme?
Ejem ýüzüni aşak sallady.
—Aý, ýok. Ýöne soraýdym. — Tuwak daýza gidensoň ejem henizem sesini çykarman çilim çekip duran kakamyň alkymyna dykyldy. —Şodur. Şo ýerçekenden başga hiç kim däldir. Bar! Derrew bar-da, tut ýakasyndan. Ýok etmänke tapdyr! Gyssaberseň berer. Bolmasa başlyga aýdaryn diý. Handurdylaryň tanapyny ogurlanda-da, başlygyň ýanynda ant içip awy ýalap zordan sypypdyr, «Gaýdyp etmäýin» diýip.
Kakam welin, gozganaýynam diýmedi. Gaýtam:
—Goýsana-how! Heý, bilip-bilmänem bir biriniň üstüne barmak bormy? Giden bir pil bolsun. Sen ýaňy gowy aýdaýdyň. Sähelçe tark-turk etseň öňki pilimizem ulanmazça däl — diýip, çöp kümeden köne pilimizi çykardy-da, ýene-de Geldimyrat aganyň ýanyna ugrady. — Sapyny täzeledipjik, ýüzünem tapladaryn welin, bu-da edil ýaňky ýaly bor durybir. Demir bolup Geldimyrat agaň eline düşen özüň bolma.
Ejem bolsa kakam gidensoňam esli mahal gözüne ýaş aýlap oturdy. Birdenem gözlerini süpürip maňa seretdi-de, ömrümde birinji gezek maňa maslahat saldy.
—Men-ä şony günäsini götersemem, Sylapberdiden görýän. Sen?
Men birbada aljyradym. Birdenem kakamyň ýaňky aýdanlary ýadyma düşdi-de, şonuň diýenlerini gaýtaladym.
—Aý, gözüň bilen görmeseň, bir hili-dä...
Ejem esli wagtlap meniň ýüzüme seredip oturdy.
Ýaňy bir dokuzyny dolduryp onuna giden oglanyň jogabyna begenendir-dä, ýylgyrdy.
Şondan soň ol hakykatdanam köşeşdi. Gara çorba etmek üçin daşardaky ojakda gazan atardy. Içine bir käse zawutýag guýup köýdürdi. Sogan arçady. Kädi dogrady. «Aýtsammykam, aýtmasammykam» diýýän ýaly, birmeýdan böwrüni diňläp oturdy. Birdenem duran gazany ojakdan göterip düşürdi-de, sen-men ýok obanyň ýokary çetine tarap tutduryberdi. Menem düşdüm yzyna. Ýaş tazy ýaly ýantaklap barşyma:
—Eje, nirä barýaň? Sylapberdi agalaramy? Boýnuna goýubilmeseň, gelşiksiz bor-a. Kakam käýýär-ä. Gahary ger-ä — diýip, yzyny uzmän samyrdadym.
Emma ejem maňa barmysyňam diýmedi. Jogabam bermedi. Ýöne, bir gowy zat, ol Sylapberdi agalara-da barmady-da, olaryň edil çat maňlaýlaryndaky goňşusy Keýker ejelere bardy. Işiginde bir zatlara güýmenen bolup ýören ýerinden bize tarap ogryn-ogryn seredýän Sylapberdi aga hem eşider ýaly edip gaty ses bilen:
—Keýker eje, barmysyň-y-yw? Bar bolsaň, çyk-u-uw — diýip gygyrdy. «Jiňkerilip» öýden çykan Keýker eje bilen çala-çula salamlaşdy-da, öňküsindenem batly gygyrdy. — Bir eli kesilmiş-ä biziň şu günjük bazardan alan täzeje pilimizi ogurlapdyr. Gaýrat et-de, şoňa bir gargap bersene! Nebsim-janym agyraýdy.
Ejemiň nyşanasyny aňdymy ýa özi tötänden boldumy, goňşusynyň hüý-häsiýetine bize görä-de has beletliginden bolsa-da bilemok, Keýker eje-de ejemden pes-ä gygyrmady. Üstesine iki gözünem edil Sylapberdi aganyň işigine dikdi.
—Wah, jan gelin! Biwagt geldiň! Irräk gelseň bolmadymy? Ýap-ýanyja gargynjymy gutaryp, indi bir dynç alaýyn diýip oturşymdy. Men indi o-ol, siziň piliňizi ogurlan juwanamerke näme diýip söksemkäm? Meýdiň yranyp, tawudyň ters daňylsyn diýsem-ä bir hili. Günüň gyzaran çagynda meýdiň gyzyl düýäň üstünde gyzaryp gitsin, diýsem o-da däl. Hiç zat diýmesemem seň göwnüň galjak. Haý-haý, gelin, geleniňe görä boş goýbermäýin. — Keýker eje indi Sylapberdi agalara tarap barmagyny çommaltdy. — Şo pili kim alanam bolsa bar-a, hudaýym hernä aňyrsy iki güne galman üç köpäge-de alanja pili bilen gabyrjygy gazyLsyn! — Keýker eje şu zatlaryň barsyny bir demde aýdansoň ýadadymy, nämemi, «has-has» edip ejemiň ýüzüne seretdi. — Ine, gyzym, mende-hä şundan başga gargynç ýok şu wagt. Az görme. Az görseňem ertir irdenjik geläý, hudaýtarryhy men edil hazan urup, mizan çalar ýaly ederin.
Ejem eýýämhaçan iki ýana elewräp ugran Sylapberdi aga seredip «ýyrş» etdi.
—Bor, Keýker eje, bor. Az görmeris. Sag bol. Taňryýalkasyn! — diýibem meniň elimden tutdy-da, öýe bakan ýumlukdy.
...Ertesi irden tursak, pilimiz işikdäki teläriň üstünde, kakamyň goýanja ýerinde ýatan ekeni.
Juma Hudaýguly
GARGYNÇ / HEKAYA.
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Mbäh. Gargynjyňam peýdaly ýeri bar eken
#BegCon 3 years ago- Uzaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaak