Dergähiñe geldim, ýa, Biribar,
Dilegimi duş edewer, ýa, Alla!
Ýüz tutmaga Senden başga kimim bar?
Garyp göwni hoş edewer, ýa, Alla!

Duş etme kezzaba hem ýaman dillä,
Hondanbärsi bolýan akmak guşkellä,
Günümiz galmasyn pöwhe boş kellä,
Bir minnetsiz ýaşadawer, ýa, Alla!

Bu dünýämiz - parahatlyk dünýäsi,
Toýlary köp bolup, az bolsun ýasy,
"Daşy jäjek, içi möjek" deýýusy
Aýny wagty paş edewer, ýa, Alla!

Şägirtsiräp, soñra pitjiñ atýan bar,
Büdredigiñ - gazap bilen itýän bar,
Duýman durkañ, birden çakýan içýan bar
Şer işlerin puç edewer, ýa, Alla!

Söz berip, yzynda durmaýanlardan,
Gözli bolup, hiç zat görmeýänlerden,
Mätäje hoş sözün bermeýänlerden -
Betpällerden daş edewer, ýa, Alla!

Azgynlyk garasyn görmesin gözüm,
Dokluk belasyndan saklawer özüñ,
Açlyga döz gelip bilerin özüm,
Nesibämi noş edewer, ýa, Alla!

Oýlanmaga maý ber geljegim hakda,
Düzelmesem - soñra görjegim hakda,
Heniz ýürek urup durka gursakda,
Depginimi joş edewer, ýa, Alla!

Mergen ANNAMUHAMMEDOW

Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir