Günäni bir gara tegmile meňzetsek, tobany-da bu tegmili öçürýän bozguja meňzedip bileris. Günä iş eden mümin ynsanyň ilkinji borjy toba bozgujy bilen bu günäni öçürmek we gaýdyp ol işi etmezlige çalyşmakdyr.
Resul-y Ekrem:
- Günäsine toba eden, günä iş etmedik ýalydyr – diýmek bilen, nebsinden ýeňlip, ýalňyşan ynsany derrew toba etmäge çagyrýar. Eger günä iş eden ynsan yhlas bilen toba edip, gaýdyp şeýle günäni işlemezlik üçin gaýrat görkezse, göýä günä iş etmedik ýaly, Rebbimiz ony günälerinden päklär.
Munuň üçin ynsanyň ýürekden puşman edip, tenha ýerlerde günäsine gözýaş dökmegi zerurdyr.
Bu gözýaşlary Rebbimiziň dergähinde şeýle bir makbul we gadyrlydyr — deňizleriň söndürip bilmejek dowzah ataşyny birnäçe damja göş ýaş söndürip biler.
Bir adam gelip, ymam Ala şeýle sowal bilen ýüzlenýär:
- Eý ymam, men günä etmezlik üçin näçe gaýrat etsem-de, ýene-de günä laýyna bulaşýaryn. Aýdyň, men näme edeýin?
- Toba et!
- Ýene günä etsem?
- Ýene toba et!
- Haçana çenli toba edeýin?
- Günäni terk edýänçäň!
Hawa, wyjdanyňyzda yzasyny duýýan günäňizi terk edýänçäňiz toba dowam etmeli.
Şonuň üçin bir hadysda:
- Allah gulunyň soňky demine çenli onuň tobasyny kabul eder – diýilýär.
Aslyýetinde, günäden daşda bolmak, asla günä ýakynlaşmazlyk baş maksadymyz bolmalydyr. Çünki her günä içre küpüre eltýän bir ýol bardyr. Ol günä toba-istigfar bilen ýok edilmese, eýesini barha küpüre tarap iter.
Üns berýän bolsaňyz, dini ýaşaýyş terzinden daşlaşýan ynsanlar köpüsi günä edýän adamlardyr. Günäler olaryň gözüne dini ýaşaýşy şeýle bir kyn görkezýär welin, göýä bir ynsanyň beýle düzgün-nyzamly durmuşda ýaşamagy mümkin däl ýalydyr.
Günäden daş durýan ynsan hem günäkäriň gözgyny durmuşyny şeýlekin agyr we näpäk görýändir we beýle ýagdaýa düşmekden, beýle durmuşda ýaşamakdan gora diýip Allaha sygynýandyr.
Ynsany ruhy taýdan göýdükleşdirýän zat günä işe baş goşmazdan öň, umytzylyga düşmegi, “Menden adam bolmaz” diýip, öz-özüni ynandyrmagydyr. Mundan has erbet göýdüklik bolup bilmez. Rebbimiz, näderjede günäkär hem bolsa, ynsanyň umydyny ýitirmezligini isleýär we şeýle sowal bilen ýüzlenýär:
- Siziň günäňiz köpmi ýa-da meniň rehmetim?
Ýeri, haýsy biri has köp?
Haçana çenli toba etmeli?
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Käbir(mollasumak) adamlaryñ diniñ arkasyna bukulyp, (özini dindar görkezýän), hokkabazlaryñ, dini düşünjesiniñ(sowadynyñ) pes ýa-da gaty sada adamlara ruhy eziýet bermesi, olary din bilen, günäler we dowzah ody bilen gorkuzmasy nähili eljenç zat.
Allahym, olara(hokkabazlara) günälerinden päklenip, toba gelip dogry ýoly saýlamagyny nesip etsin.
Beýleki bigünä(sada) ynsanlary olaryñ ýalñyş ýollaryndan özi gorasyn, dogryny ýalñyşy saýlap bilmek üçin biz bikemal ynsanlara dogry ýoly görkezsin!
Yslam dini zulum we gorky dini däl söýgi we mähir dinidir!
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- [Ynsany ruhy taýdan göýdükleşdirýän zat günä işe baş goşmazdan öň, umytzylyga düşmegi, “Menden adam bolmaz” diýip, öz-özüni ynandyrmagydyr.]
Ynsan ýöne ýere, hiç sebäpsiz, öz-özi ruhy taýdan göydükleşmez. Hökman töweregindäkileriñ uly täsiri bardyr.
Biz ynsanlar öwrenşipdiris, añsat ýoly saýlamaga. "o günä eden bolsa özi günäkär, kim oña et diýdi" - diýmek, adam üçin gör nähili añsat. Sen, hiç pikir etdiñmi şol adamyñ günä etmesini belki senem sebäpkärsiñ. Dogry, belki sen oña günä et diýen dälsiñ, ýöne "etme-de" diýen däl bolsañ gerek, dogrymy?!
Indi senem diýersiñ maña: "güldürme meni, çaga panýata, gitde sadikde kaşañy iý" -diýip. Bolýa, men kaşamy iýerin. Ýöne sen oturda gowja pikirlen. "Şu gün kimiñ göwnine degdim, ynjytdym, kime agyr sözleri diýdim" - diýip, öziñe sorag berip gör hany.
Belki sen bilýänem dälsiñ, göwne degiji bir söziñ, adama ruhy taýdan nähili agyr degýänini.
Ýok, eger bilýän bolsañ. Bu gowy zat, hem-de gaty gowy zat. Allah seni elmydama öz penasynda aman saklasyn!!!
-
Korolewa
3 years ago
- Yetirenin un minnetdar.
@Akif_Turkmen salam aga gowmysynyz. Dogry aydyanyz (teswirlerinizde). Ajayyp teswirler
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Carl Sagan, Epicur, Adolf Gitler, Stalin, Çingiz han, Charles Darvin dagylar ebedi dowzahdadyrlar onda...
29.03.2021, 2:22.
-
DeatH
3 years ago
- Akif_turkmennäme diýjek bolduň düşünmedimle
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- DeatH, öziñe çekme, umumy orta ýazdym :)
Içimden geldi, şol gün öz-özim bilen gepleşipdirin ;-)
Akif_Turkmen 3 years ago- [Üns berýän bolsaňyz, dini ýaşaýyş terzinden daşlaşýan ynsanlar köpüsi günä edýän adamlardyr. ]
Häzirki wagtda dini ýaşaýyş terzinden daşlaşmaýan ynsanlaryñ hem käbiri günä edýän adamlardyr.