Gorky

Mähriban sahabalarymyzdan Sehl bin Sad (radyýallahu anh) gürrüň berýär:
Sagadat asyryndaEnsardan bir ýigit bardy. Allaha bolanyşk ataşy bilen tutaşyp ýanýan bu ýigit Allahdan gorkusyna tutuş süňňi bilen saňňyldap, köçä-de çykyp bilenokdy. Bir gün Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna baryp, näçe gün bäri öýünden çykman, hünübirýan aglaýan bu ýigidiň ýagdaýy hakynda habar berdiler. Iki Jahan Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) onuň öýüne bardy. Ol ýigit, Serwerimiz (sallallahu aleýhi we sellem) içerik gireninden, ýerinden atylyp turdu-da, onuň mübärek gollarynyň arasyna özüni oklady. Yzyndanam çök düşüp, ýykyldy. Hawa, ol ýigit amanadyny tabşyrypdy. Rahmet Nebisiniň (sallallahu aleýhi we sellem) gözlerine ýaş dolup, mübärek agzyndan şu dürler döküldi:
«Dostuňyzyň jynaza işlerini ýola goýuň, ähli zady taýýarlaň. Dowzah gorkusy onuň ýüregini ýardy. Nebsim elinde bolan Allaha kasam edýärin, Allah ony dowzahdan gorajakdyr.»
Jenaby-Hak şeýle buýurýar: «Kim Rabbynyň mertebesinden (Onuň huzuryna çykjak wagtyndan) gorkup, nebsini ýaramaz meýillerden saklasa, (onuň) barjak ýeriJennetdir.» («Naziýat», 40-41)
Hawa, ýüreginde Rabbynyň huzuryna çykyp, hasap bermek gorkusy bolan we şol gorky esasynda durmuşyny tertibe salan ynsan, Rabbynyň huzurynda arkaýyn bolar. Bärde gorkan – aňyrda ätiýaçdadyr. Şu kadadan başga haýsy kada häzirki döwrüň ýaşlarynyň edýän bulagaýçylyklarynyň öňüni alyp biler?
Çeşme:Yslam nury.apk

Bilim, DeatH tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir