Ýagşyň akymyna sozulýar yşyk,
Köçelerden gaýralygna suw akýar.
Gözüme bolmasa, reňkler garyşyp,
Çyralaň ýagtysy garaňka ýokýar.
Gijäň ýaňagyndan syrygýar sürme,
Akýar dünýäň guramadyk guaşy.
Bedenim ruhuma öými ýa türme,
Penjiräň daşynda kimiň gözýaşy?!
Aşgabat — öl-myžžyk,
çyg çekýär aňym,
Ýuwulýar jemaly çaňjaran dünýä.
Aglaýar hemrasyn ýitiren janym,
Ruhum — merhum arzuwlarma öwlüýä.
Seýitmyrat GELDIÝEW
ÝAGYŞLY GIJE
-
sssss_1
3 years ago
- Pegas, seniň öz ýazýan zatlaryň şunuň ýaly şahyrlardan ogurlanylan göçürme zatlar. Hiçhili öz ýanyp-bişip döreden zadyň ýok seniň. Düýnem Aşyrhanyň ýazan eseriniň göçürme nusgasyny goýup muny ýene bir gezek tassyk edipdiň. Boldy dalboýab aman bol!
/Ýolagçy/
-
sssss_1
3 years ago
- Ýene, Rahmany Kasoýyň saýasynda galyp gidip, ýolyny tapmadyk aýdymçy diýipdiň. Seniň öz kimdigiňi bildiňmi indi?
/Ýolagçy/
-
Pegas
3 years ago
- @sssss_1, men Sapadygymy bilýän. Seň kimdigiňem, internet dünýäsinde agzalary gepletjek bolup, ysyrganyp ýörmegiň sebäbinem azda-kände bilýän... :)
-
Ulugyz
3 years ago
- Pegas, senin "Aysyz gije ay dogupdy garsymda" diyip bir gosgynyz bardy. Sony paylasayynda
Arslanova.L_05 3 years ago- +++like yagyshy gou goryan bamyka mn yali:)