Ýaşlygymda arzuw eden ýyllarym,
Geçip gitdi,hyýal bolup deñimden.
Kyrk ýaşy sermeläp,ýörse-de ýaşym,
Arzuwlar çykanok,şindem serimden.
Ýüregimde besläp,talyp bolmagy,
Arzuwlarym bardy,beýikden-beýik.
Bolmasa-da durmuşymyñ kem ýeri,
Köýen arzuwlarym,tutanok seýik.
Geçdi ýaşlyk ýyllam,dalaşgärlikde,
Her ýyl Uniwersitet,gapysyn kakyp.
Nesibesiz gursagymy kötekläp,
Dolandym yzyma gözýaşym döküp.
Žurnalist bolmakdy,maksadym meniñ,
Ýöne, täleý ýazylypdyr başgaça.
Tersine öwrülen,täleýim bilen,
Tikin tikip,ekleýärin maşgala.
Ýazyp-ýazyp şygyrlaryñ ýagşysyn,
Meñ arzuwym,ynsan kalbyn bezemek.
Emma,munda meñ bijäme düşüpdir,
Köýnek tikip,ynsan üstün düzemek.
Gyzylgül Annagylyjowa
"Köýen arzuw"
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- Plus...Plus...@Shahyrana
Xyivenia 3 years ago- Gowy gosgy eken sagbol yetirenine