Bäbekhanaň agzy jagulda jugyl,
Her kim şatlanýardy,her kim gülýärdi.
Elleri bäbekli gözel gelinler,
Gapydan gezegne çykyp gelýärdi.
Elleri bägülli juwan ýigitler,
Ylgap baryp,gelinlerniň ýanyna.
Ellerine alyp bäbejiklerin,
Ysgap ogşap basýardylar bagryna.
Soňra gelinlerne güllerin berip,
Her haýsysy ýöräp gitdi ugryna.
Ýylgyryp,guwanyp bakýardy olar,
Birisi gyzyna,biri oglyna.
A men bolsa,bäbekhanaň öňinde,
Gaýgylanyp çetde galdym bir özim.
Ýüzimde şatlyk ýok,elimde gül ýok,
Ýere bakyp,ýaşardyp duryn gözim.
Soň elime alyp ýaňja bir dünýä
inip,hem dünýeden giden perzendim.
Gözim ýaşlap,bagyryma gysdymda,
Alyçsyz mazarlyga ýöräberdim.
Bäbekhanada bolan hakykat.
-
LUKMAN_GYZ
3 years ago
- wahey gynandym. ay borda yzy yarasyn
-
sammy.kakabay
3 years ago
- Howwa bir oglanyn bashyndan geçen
LadaKalina. 3 years ago- wahey gynandym.hakykam boldymy