Serdar diŷişi ŷaly şondan soñ gúnde okuwdan gaŷdyşynym ôŷe ugradyp, soñ gaŷdŷardy. Ol mylaŷym, mâhirlidi. Wagt geçdigiçe gún gúnden men oña ôwrenişip barŷardym. Biri birimiz barada gúnde tâzelikler bilŷâs. Ol gûnde okuwdan çykamda ôñûmde durŷar. Men ony gôrûp ŷylgyryp gelŷân, edil bolmalysy ŷaly gûnde ŷadaman gelŷâr.
Şeŷle gûnleriñ birinde men okuwdan çykyp gelŷârkâm Serdaryñ añyrda duranyny gôrûp oña tarap ŷôrâp ugradym, birden baglaryñ arasyndan biri elimi çekip meni baglaryñ arasyndaky ŷodajyklara idenekledip goŷberdi. Men nâmeleriñ bolŷanyna dûşinmedim bir seretsem Rôwşen dur. Gôzlerime ynanmadym, Rôwşeniñ gahardan ŷaña halys ŷûziniñ owadanlygy, mâhirligi gaçypdyr. Men:

– Nâme gerek saña, meni nâme ûçin beŷdip bârik çekdiñ ??? - diŷip soradym.

Ol bolsa maña gaty gahar bilen:
– Nâme ûçin meni beŷtdiñ hâ nâme ûçin Leŷli?
Ŷa men seni şo durança sôŷmedimmi hâ?
Ŷa men saña şonça sôŷgi bermedimmi?
Ŷa men saña heŷ birje gezek biwepalyk etdimmi? Nâme ûçin etdiñ bu zatlary nâme ûçin? - diŷip elini galgadyp uraŷaslary geldi. Ŷône ŷumrugyny dûwip zordan saklandy. Onuñ bu boluşyny hiç wagt gôrmándim.
Ol meñ ŷûzime çiñerilip seredip menden ol soraglaryna jogaba garaşŷardy.
Menem:
– Rôwşen maña gygyrma. Men señ bilen dûşinişjek wagtym sen meni diñlemân gitdiñ. Señ balañ maşynda otyrdy ol wagt sen gaty howlukmaçdyñ. Ŷadyña dûşdimi hâ? - diŷip agy garyşylykly sesim çykdy.
Soñ biraz ŷuwdunyp:

– Sen menden maña birzatlar aytmansyñ diŷeñde men doglan gun barada aŷtmansyñ diŷŷânsiñ ôŷtmândim, şol wagtlar guda gelipdi maña, sen şony bilensiñ ôŷdûp şonda erbet ŷagdaŷa dûşdim. Sebâbi seni ŷitirmekden gorkŷardym. A sen meni ŷitirmekden ŷekeje gezek bir gorkup gôrdûñmi hâ bol jogap ber - diŷip onuñ dôşlerine ŷumruklap urup agladym.
Ol bolsa iki elimi goşarymdan saklap:
– Sen aglap ŷol aljak bolma, elbetde seni ŷitirmekden gorkdum... Ŷône sen meni ôldûrdiñ Leŷli, Sen meni diriligime ŷakdyñ, senden beŷle biwepalyga garaşmandym, meñ gôzlerim seni başga oglan bilen duranyñy gôrer ôŷdip ŷatsam tursam pikirime gelmãndi - diŷip ŷúzini aşak sallady.

– Rôwşen men ol wagt oñ bilen ŷôritelâp gúrleşmek ûçin çykmandym. Men joralarymy ugratmaga çykypdym. Şonda ol bir ŷerden çykdy ôzúmem geñ galdym. Soñam óŷe gitjek wagtym sen geldiñ, gôrdúñ. Men ôzúme ŷer tapmadym şondan soñ dúşinŷâñmi?! Kúl bolan ŷeke sen dãl menem senden beter boldum. - diŷip aglap gôz ŷaşymy saklap bilmedim.

Ol bolsa ôzúniñ keç ykbalyna sogúnŷardi. Meni sóŷenine nâletleŷárdi. Men bolsa, bu zatlary eşidip oturyp bilmedim, yzyma ôwrúlip ŷôrâp ugradym.

Ol yzymdan:
– Leŷli meni taşlap gidip barŷansyñ eşidŷâñmi meni, sen ôzûñ ŷúz ôwûrensiñ menden. Men dâldirin. Şu zatlaryñ başyny sen başlansyñ - diŷip maña agzyndan gelenini sogúndi.

Men yzyma ôwrûlip:
– Ôñler oŷun edip diŷŷâdim sen hakyky dâli diŷip, indi çynym bilen diŷŷân SEN HAKYKY DÄLI, SAMSYK ekeniñ meñ ejeme ŷetip sôgûnen adam meñ úçin ôlendir ŷadyñdan çykarma şony - diŷip uly sesim bilen agladym: SEN MEÑ ÛÇIN ÔLENSIÑ RÔWŞEN. Men señ ŷûziñe indi garyndaş hôkmûndede seretmeŷân. Señ ejeñ kakaña gynanŷan şeŷle biderek ogullarynyñ bardygyna - diŷip ŷôredim. Ondan soñ ol nâme diŷdi, nâme sôgûndi bilmedim....

Şeŷlelik bilen men ômrûmde ilkinji hem iñ soñky sôŷgûmi ŷitirdim. Olar ŷaly sôŷgi indi mende hiç haçan bolmajagyny men bilŷârin....

Esasy gapa ŷetemde bolsa meni alada edip ôñûmde Serdar dur. Onuñ maña kóp garaşany ŷûzinden bildirŷârdi. Meñ ŷúzim bolsa aglanyñ ŷúzidigi kôre mãlim. Ol meni gôrûp ŷylgyrdy, menem çalaja ŷylgyrdym. Meñ ŷúzime seredip:

– Leŷli gowulykmy, ŷúziñ nâme birhili señ? - diŷip aladanyp sorady. Şonda men ony indi allamaly dãldigini, âhli bolŷan zatlary aŷtmagy ŷúregime dúwdim....

Dowamy bar....

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir