Makaraka taýpasynyň erkek kişileri.
Bari we makaraka taýpalary diňe bir ukyplary we häsiýetleri bilen tapawutlanman, eýsem, daşky sypatlary boýunça-da düýpli tapawutlanýarlar. Makaraka hünnüleriniň arassaçyllygy olaryň mertebesini art dyrýar. Bari taýpasynyň adamlary gündizki tozandyr palçyklary bilen gije-de ýatyrlar, makarakalar bolsa öz tenlerini arassa saklaýarlar, boş wagtlary özlerine timar berýärler, hatda olaryň dyrnaklaryny arassalap oturan wagtlaryny-da görüpdim. Barilere garanyňda, makarakalaryň ýüzi nurana. Ownukly-irili buýra gara örüm saçlary kelleleriniň ortarasyndan iki tarapa we ýeňsesinden yzyna goýberilipdir. Birnäçeleriň inçejik örüm saçlary maňlaýlarynyň daşyndan aýlawly rejelenip, ýeňselerinden goýberilipdir. Erkekleri barada aýdýan sözlerimiň köpüsi makarakalaryň aýallaryna-da degişlidir. Ýeri gelende, olaryň köpüsiniň owadandygyny hem beden gurluşlarynyň boýlary bilen kybapdaşdygyny aýdyp geçeýin. Meniň gabat gelen hünni aýallarymyň arasynda iň owadanlary makarakalaryň aýallary diýip hasap etdim. Olar balkyldaýan gözlerini saňa dikip, ep-esli wagtlap seredip bilýärler.
Şol bir wagtda bari taýpasynyň erkekleri ýarym-ýalaňaç gezip, olaryň aýallary her dürli öňlükler bilen endamlaryny ýapýarlar. Günbatar taýpalarynda — makaraka, mundu, abukaýýa we beýlekilerde — munuň tersinedigini synladym. Bu taýpalaryň erkekleriniň ählisi endamlaryny öňlükler bilen ýapýarlar, aýallary bolsa diňe ter ýaprakly şahajyklardan edilen guşak dakynyp, ony ýeterlik hasap edýärler, dogry, ýapraklar guraýsa, olary ýeňillik bilen çalyşýarlar. Şeýle-de bolsa, makarakalaryň aýallaryny haýasyz hasap etmek ýalňyşlykdyr, deňlerinden geçseň, olaryň barysy ýaprakdan edilen guşaklaryny düzedip başlaýarlar, del adam görseler ýüzleri gyzaryp utanýandyklary bildirip dur. Kerwen bilen diňe makarakalar däl, eýsem,
goňşy taýpalaryň wekillerem geldi. Geljekde Makaraka ülkesine syýahatymy we ylmy gözegçiliklerimi beýan edenimde, bu hünnüleriň keşpleri, aýratynlyklary we häsiýetleri barada jikme-jik gürrüň bererin. «Nokara» deprekleriniň sesi bilen düşländiklerini mälim etdiler. Men hem aýdym-sazly dabara gurnaýan düşelgelerine tarap ýola düşdüm. Olary synlamak üçin gezelenç etmekçidim. Saz gurallarynyň sesleri meniň haýsy tarapa ýöremelidigimiň görkezijisi boldy. On bäş minutdan bu ýere geldim. Uzyn-uzyn otlardan wagtlaýyn kümeleri kerweniň hammallary özleri üçin gurupdyrlar. Düz ýerde aýdym-saz üçin ýeriň gowusyny saýlap, ony arassalapdyrlar hem depgiläpdirler.
Häkim Bagit aganyň ýanyna bardym. Ol angar haly düşelen diwanyň üstünde oturmagymy ümläp, onuň bilen bilelikde aýdym-saza tomaşa etmäge çagyrdy. Bu tomaşany görmäge göz gerekdi. Meniň üçin
görülmedik täze dünýä! Islendik dykgatly synçy medeniýetiň gözbaşynda duran bu halklaryň şadyýan oýunlarynda juda köp gyzykly we ajaýyp zatlaryň bardygyna göz ýetirer. Olaryň ýerlerini eýelän musulmanlar üçin, bu oýunlar nämälimdi. Başardygymdan bu tomaşany beýan edeýin. Makarakalar topar bolup aýdym aýdyp, sazçylarynyň daşyna aýlanypdyrlar. Tansçylaryň ählisi birine bir zat uzadýan terzde ellerini öňe uzadyp, kellelerini öňe tarap biraz egip, çakgan
hereket edýän aýaklarynyň hersinde bir böküp,
birdenem olaryň ýerini çalşyp, ýaňky kethudalary bilen çepden saga gyssanman, sazlaşykly hereket edýärdiler. Eginlerini dik saklap, küýzeleri bilen suw guýjak bolýan ýaly, ellerini birmeňzeş ýokaryk galdyryp, soňam aşak goýberýärdiler, şol bir wagtda sazyň güýçli sesine goşulyp, bary gyradeň ýagdaýda kellelerini iki ýana gaýşardýardylar. Birbada tansyň depgini haýal dowam edip, gitdigiçe janlanýar. Şowhuny öňbaşçy tansçy sazlaýar. Tansçylar telim ýola aýlaw edip, birdenkä olaryň hemmesi duran nyzamlaryny
saga öwrülmek bilen üýtgetdiler, indi tansçylar bile däl-de, hatara düzülip durdylar. Şu ýagdaýda olar bir-birine goltgy berip, ýokaryk towsup başladylar. Hünnüler kädi tüýdüginiň sazynyň astynda ýadaman-ýaltanman ýokaryk towsup, gybyrdyklap, at bolup çapyp, birnäçe sagat der döküp, keýpi-sapadan çykdylar. Saz gurallaryndan «Nokara» depreginden başga-da, inçeli-ýogynly ses çykarýan birnäçe çüýşe kädileri bardy, olar uzynlygyna görä, pessaý ýa-da ýiti ses çykarýardylar. Makarakalaryň uzynlygy dürli-dürli kädi tüýdüklerinden düzülen uly saz orkestri maňa Sudanda görmek hem eşitmek miýesser eden hemme saz gurallarynyň arasynda iň pessaý seslisidi, gulagyňa-da iň ýakymlysydy. Çüýşe kädileriň ýetmezçilik eden
wagty, adam eli kömege gelýärdi, uzynlygy iki metr töweregi bolan bas tüýdügini gördüm. Tüýdük näçe uzyn boldugyça şonça-da onuň sesi ýumşaýardy. Makarakalar bilen bilelikde Lado birnäçe bombe hünnüleri hem geldiler. Olar tansa goşulmady. Göwnümi götermek üçin Bagit aga onbäş adamdan ybarat topary ýanyna çagyrdy. Olar galkandyr naýzalaryny alyp, söweşi suratlandyrýan aýdym-sazly harby oýun görkezdiler. Öňbaşçy kä söz gatýardy, käte bolsa aýdym
aýdýardy, beýlekilerem ony alyp göterýärdi. Bu
aýdyma meňzeş zat gitdigiçe güýçlenip, ahyrsoňy aýdymçylar galkanlaryny öňlerine tutup, naýzaly söweş sungatyny görkezdiler.
1877-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda garaşylmadyk ýagdaýda Hartumdan «Ssafiýa» gämisi geldi. Onuň bilen ýene-de doktor Emin ependi geldi. Ol döwlet tarapyndan bellenen lukman hökmünde işlemelidi. Onuň gelenine juda begendim. Emin ependiniň kömegi bilen syýahatym üçin her zeribanyň emeldary bilen gürleş
mek ýeňil boljakdy (men elmydama müsür we türk emeldarlarynyň çylşyrymly gatnaşyklarynda döreýän çaknyşyklardan wehim edýärdim). Ondan başga-da, ylymly-bilimli adam bilen söhbetdeş bolup biljekdim.
Ýanwaryň başynda birnäçe hepde mundan öň ýola düşen makarakalaryň köpüsi dolanyp geldi. Zeribanyň ýene-de şagalaňy köpeldi. «Gazwe» diýlip atlandyrylýan azyk almaga ugradylan ekspedisiýa bari taýpasynyň obalaryndan ep-esli durry alyp geldi we olary ammarlara ýygnady. Durry dänesi köp bolanda, merissa hem köpelýär. «Gazwe» ekspedisiýasy
makaraka hünnülerinden, ülkäniň hem Ladonyň goşungalanyň esgerlerinden düzülýär. Bölünip berilýän durrydan başga-da, hünnüleriň birtopary öýüne bir ýerlerden däne getirip bilýärler. Bu artykmaç gazanylan durry gaýnadylýar, has dogrusy, merissa basyryp turşatmak üçin ulanylýar, özem soňundan bolup biläýjek açlyk barada hiç kim pikir etmeýär. Merissa taý
ýarlanylanda gaýnamy ýetirilýär diýilse, o diýen dogry bolmaz. Üwelen durry gaba salnyp, üstüne suw guýulýar, gabyň üsti ýapylýar we durry turşap başlaýar, sowuk saklap alynýan içgi süzgüçden geçirilip, şol ýagdaýynda-da içilýär. «Gazwe» ekspedisiýasynyň adamlary meniň kolleksiýamy-da baýlaşdyrdylar. Bu ekspedisiýanyň «Gazwe» diýip atlandyrylmagynyň sebäbi, zeribanyň ilaty olaryň adyny şeýle tutýarlar.
Hakykatda, bu ekspedisiýa zeribanyň tabynlygyndaky bari taýpasynyň obalarynda salgyt.hökmünde mal we durry ýygnamak üçin ulanylýar. Azyk ýygnalanda dawa köp bolýar, şonda jenjeliň soňy obalary tala mak bilen tamamlanýar. Şonuň üçin adamlar bu ekspedisiýalara töweregi talaýan galtamanlara berilýän ady goýupdyrlar. Bari taýpasyndan satyn alyp bilmedik zatlarymy (ýarag, bezeg, hojalyga gerek
zatlar), ekspedisiýadan dolanyp gelen esgerlerden aldym. Ladodan çykyp, ýolumy dowam etdirmek
üçin ýene-de üç hepde garaşmalydym. 12-nji ýanwar güni ýola düşjegime ynanýardym, sebäbi goşlarymy göterişmekde hyzmatkärleri ygtyýaryma bermek meselesini çözmek üçin mürze geldi. Kyrk bäş sany hammal bermegini soradym. Ol söz bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň sanyny ellä çenli ýetirjekdigini aýtdy. Alyş-çalyş ätiýaçlygymyň üstüni ýetirmek üçin birnäçe ownuk-uşak zatlary satyn aldym, dermanlamak işlerim üçin we gerek bolanda sowgat bermek maksady bilen ýene-de bir gaby spirtden doldurmagy buýurdym. Iki sany kesellän hyzmatkärimi Hartuma ugratmagyň aladasyny etdim. Hartumda hakyna tutulan nemes Eberle bilen nubiýli Abdyl-el-Fadel ikisini
yzyna ugratmasam boljak däldi. Moru taýpasyndan ýetginjek Morjan çakgan eken. Geljekde ondan örän gowy hyzmatkär ýetişermikä.diýýän. Makarakada onuň ýanyna ýene-de iki sany ýoldaşy goşulmalydy. Şeýtmek bilen, meni närazy eden hartumly hyzmatkärlerimden dynmakçydym. Ladoda iki aý saklanyp, 1877-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda uzak garaşdyran, şeýle höwes eden pursadym geldi — ýola düşmeli. Säher bilen meniň üçin niýetlenen kyrk bäş ýükçi öýümiň işigine ýygnandy. Irden ýedä ýigrimi minut
galanda ýola düşdük. Birsalymdan Bahr-el-Jebel gözden ýitdi. Soňra mimozalaryň we akasiýalaryň jeňňelligine girdik. Gür tokaýlygyň içinden günorta-günbatarlygyna insiz, egrem-bugram ýoda uzalyp
gidýärdi. Arasyndan haşal ot basan jarlar geçip gidýän jeňňellikleriň içinde, her ýerlerde ýasy ýaprakly tamarindleriň, trekulinleriň, pil agaçlarynyň (Kigelia abessinica), barileriň kuruleng diýip atlandyrýan Butyrosperme agaçlarynyň ägirt sütünleri saýlanýardy. Tokaýyň içinde Balanites we Dalbergia agaçlarynyň nahallary ösýär. Müňlerçe guşlaryň jürküldileri tokaýyň içinde ýaňlanýar, olar uçup gonup, ululy-kiçili
agaçlary herekete getirýärler. Uzak gözýetimde
göm-gök ümüre ulaşyp oturan Niambara ülkesiniň daglary göründi. Ladodan çykyp, bir sagat ýol geçenimizden soň, bari hünnüleriniň ilkinji obasyna ýetdik. Şondan soň daşyna «Euphorbia» ösümliginiň çybyklaryndan aýlanan haýatly obajyklar gabat gelip başlady. Daşyna germew aýlanan obajyklar arassa
hem gelşiklidi. Bu obalar ýodanyň çep hem sag
tarapynda gözel seýilgähleri ýatladýan ýerlerde ýerleşipdir. Tegelek, üsti konus görnüşli saman üçekli kümeleriň daş-töweregindäki durry we temmäki hasyly orlan meýdanlara söwdek ekilipdir. Ýeri yhlas bilen bejerilen ekin meýdanlary Günden goramak üçin çöp-çalam bilen ýapyp goýupdyrlar. Ýoldan gündogara we günorta tarap ep-esli aralyga düzlük ýaýlyp ýatyr. Sagat ona on minut galanda giňligi on ädim bolan kiçiräk çaýyň guran hanasyny kesip geçdik. Sagat on ýigrimi bäşde Lurit jaryndan çen bilen on minutlyk
aralykda goş ýazdyrdyk. Bu guran jaryň giňligi ýüz metr töweregi bolan hanasy çägeden dolan eken. Nubiýliler ony «Hor-er-Ramle» ýa-da «Çägeli hor» diýip atlandyrýarlar. Çuňrak ýerlerinde häzirem kiçiräk batgalyklar bar eken. Çägäni birnäçe metr gazsaň, ondan suw çykyp başlaýar. Ygally döwür Lurit jary Bahr-el-Jebel derýasyna guýýar, iýul aýy ondan adam boýy
beýiklikde suw akýar we akymdan ýokarlygyna
kiçiräk gämiler hem geçip bilýär. Kerwende adamköpdi (Bagit aganyň hasabyna görä 1200 adam). Adamlar boýy, reňki, şeýle-de bezegi, eginlerindäki eşikleri bilen örän tapawutlanýardylar. Kerwenimiziň adam sany we onuň uzynlygy baradaky anyk maglumatlary diňe şu ýerde bildim. Biziň ekspedisiýamyz dürli halkyýetlerden düzülendi. Bu ýerde bari, niýam-bara, moru, liggi, fejilu, mundu, abukaýýa, kakuak, makaraka we bombe (nýam-nýam) taýpalaryndan adamlar bardy. Öň aýdyşym ýaly, kerweniň ýolbaşçylary Wandi zeribasynyň häkimi Bagit aga bilen Kabaendi zeribasynyň häkimi Fadl-Alla. Ondan başga-da, kerwende
emeldarlar, donkolanlar, hakynatutma goşunyň ýüzden gowrak esgeri, gyrnak aýallaryň we çagalaryň uly bolmadyk topary bar. Şeýle hem, ep-esli iri şahly mal, goýun we geçisürüleri, ona golaý eşek we münmäge uýgunlaşdyrylan kelte boýly niambar tohumyndan bolan köp sanly öküzler kerweniň yzyna düşüp gelýärdiler.
Afrika syýahat (Syýahatçynyň ýazgylary) dowamy
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- (+)
LUKMAN_GYZ 3 years ago- +++++++++++++