Makarama ülkesine gidilýän ugruň gözel tebigaty.



Bu­ty­ro­si­perm agaç­la­ry­nyň ýaý­raň şa­ha­la­ryny ser­çe­ler eýe­läp­dir. Olar go­laý­da­ky dur­ry ekin meý­da­ny­na ho­ja­ýyn­çy­lyk edip, ba­ri taý­pa­sy­nyň daý­han­la­ry­nyň ah­my­ry­na ga­ra­maz­dan, ha­sy­lyň ep-es­li bö­le­gi­niň ýo­gu­na ýan­ýar­lar. Ow­nuk­ly iri­li agaç­la­ryň şa­ha­la­ryn­dan guş­la­ryň örän köp gör­nüş­le­ri­niň dür­li-dür­li jür­kül­di ses­le­ri gel­ýär, owa­dan, çüňk­le­ri berk La­ni­us excubi­to­ri­us hem ýy­gy-ýy­gy­dan ga­bat gel­ýär, yzy ke­sil­me­ýän şuwwul­dy­la­ry bi­len be­ýik­den çalt uç­ýan gar­la­waç
bir­den gö­ze ilip gid­ýär. Ga­ra­sar­la­ryň ger­ýän ganat­la­ry Gün şöh­le­si­ne lo­wur­dap, has hem ga­ra öwüs­ýär, arap­la­ryň «kar­nuk» di­ýip at­lan­dyr­ýan Grus pavoni­na pa­ty­şa dur­na­la­ry­nyň as­man­dan gel­ýän ses­le­ri der­ýa­nyň tö­we­rek­le­ri bi­len eşi­dilip gid­ýär, ki­çi­räk ak mah­mal go­gur­la­ryň (Ar­dea bu­bulcus) sü­rü­si der­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka meý­danla­ryn­da aý­la­nyp ýör­ler, ke­nar bi­len iý­mit göz­läp ga­ty gy­gyr­ýan, hat­da gi­je­le­ri­ne-de ygyp ýö­ren syky­lyk­çy guş­lar bi­len bi­le­lik­de çi­bis­ler (Lo­bivanellus cris­ta­tus) yl­gap ýör. Der­ýa­da bir­den su­wa
çü­müp, bir­de­nem ýe­ne su­wuň ýü­zü­ne çyk­ýan ga­ra tüň­ňe­le (Plo­tus me­la­no­gas￾ter) pel­pel­le­ýär, ga­myş­lyk­da we agaç­la­ryň ara­syn­da pi­ki­re ba­typ du­ran ýa­ly sa­ry çüňk Ar­dea flavirost­ris we Ar­dea coma­ta hok­gar­lar bir aýak­la­ryn­da dur. Ke­na­ryň ço­la­ja çe­men­li­gin­de owa­dan ýelek­li, «eýer­li» leg­lek Mycte­ria se­ne­ga­len­sis ýan­ýol­da­şy bi­len gur­ba­ga­nyň hem ýy­la­nyň awu­na
çy­kyp­dyr. Jü­büt-jü­büt bo­lup gez­ýän gy­lyç­bu­run
mü­sür gaz­la­ry Tan­ta­lusibis, su­wuň ýal­pak ýer­leri­ni ga­çy­ba­tal­ga edin­ýär­ler. Der­ýa­nyň beý­le­ki ta­ra­py­ny ös­gün ot, ga­myş tu­tup, be­ýik jeň­ňel­li­ge öw­rü­lip­dir. Ol ýe­re adam aýa­gy seý­rek bas­ýan bol­sa ge­rek. Ga­myş­lyk gi­jesi­ne gip­po­po­tam­la­ryň me­ka­ny­na öw­rül­ýär.
Ýer­li ilat ýö­ne ýer­den kro­ko­dil­ler­den gork­ma­ýar. Su­wa düş­ýän ýa-da ba­lyk tut­ýan ma­hal­la­ry he­läk­çi­li­ge uç­ran adam­lar ba­ra­da ma­ňa köp gürrüň ber­di­ler. Kro­ko­dil ada­ma agyz uraý­sa, on­da şol ýe­ri­ni hök­man go­par­ýar di­ýen gür­rü­ňe, mu­ny gö­züm bi­len gör­ýän­çäm ynan­ma­dym.
Tö­we­re­gim­dä­ki adam­la­ryň hem­me­si ýa­gyş möw­sü­mi­niň ta­mam­la­nyp, tom­suň ge­len­di­gi­ni ynan­dyr­ma­ga ça­lyş­ýar­lar, ýö­ne me­te­rio­lo­gi­ýa ýaz­gy­la­ry­ma sal­gy­lan­saň bu beý­le däl, ýaz­gy­lara la­ýyk­lyk­da 21-n­ji no­ýabr öý­le­den soň tu­panly ýa­gyş ýag­dy, 22-n­ji no­ýabr­da uza­ga çek­me­dik ýa­gyş­ly ýel bol­dy, er­te­si gi­je — ýe­ne-de ýa­gyş­ly tu­pan bol­dy. Ahy­ry 26-n­jy no­ýabr­da Ma­ka­ra­ka hün­nü­leri­niň il­kin­ji bir tap­gyr ker­we­ni gel­di. Ker­wen­de bir­nä­çe ýüz adam bo­lan­soň, suw me­se­le­si üçin ola­ry bir­nä­çe to­pa­ra böl­me­li bol­dy, ýo­la gi­di­lende mun­ça ada­ma ýe­ter­lik suw tap­mak aň­sat däldi. Ker­we­niň ikin­ji bö­le­gi ep-es­li gün­den soň geldi. Tä­ze ge­len­le­riň hem­me­si üçin La­do­da ýe­ter­lik kü­me bol­man­soň, hün­nü­ler La­do oba­sy­nyň günba­ta­ryn­da öz­le­ri­ne düşleg edindiler. Ma­ka­ra­ka­la­ryň gel­me­gi ze­ri­ba­nyň şa­ga­la­ňyny art­dyr­dy. Bu ýe­re öňem, me­se­lem, tu­nis­li­le­riň ýa-da nu­biý­li­le­riň oba­la­ry ýa­ly asu­da we pa­ra­hat di­ýip bol­jak däl­di, ter­si­ne, aý­ra­ty­nam, ag­şam­lary­na ýa­ry­gi­jä çen­li do­wam ed­ýän goh-gal­ma­gal­ly aý­dym-saz he­läk ed­ýär­di. Ir­den bir­nä­çe ýüz sa­ny
öýdeçi mal örä sürlensoň, goh bi­raz ýa­tyş­ýar­dy.
Hö­kü­me­te de­giş­li mal­lar­dan baş­ga-da, her hoja­lyk­da ki­çi­räk sü­ri bar­dy. Ýö­ne mal­lar bak­maga äki­di­len­den soň­ky üm­süm­li­gi aýal­la­ryň go­hy boz­ýar­dy. Biz bia­laç maş­ga­la da­wa­la­ry­nyň şa­ýa­dy bol­ýar­dyk. Sag ta­ra­py­myz­da­ky goň­şy aýal Ber­li­niň ýa-da We­na­nyň söw­da­gär aýal­la­ry­nyň di­lin­de­nem öt­gür se­si bi­len uzak wagt­lap öz hyzmat­kär­le­ri­niň hiç za­dyň al­nyn­dan däldigini su­but et­mä­ge ça­lyş­ýar­dy. Sag ýüz­den ses­ler ýa­ty­şyp baş­la­dy­gy, çep ýü­zü­miz­de ýa­şa­ýan aýal hem özü­niň ho­ja­ly­gy­ny beý­le­ki­ler­den kem do­lan­dyr­ma­ýan­dy­gy­ny gör­kez­jek bo­lup, çir­kin se­si bilen hyz­mat­kär­le­ri­ni gyssap baş­la­ýar. Ol ýer­dä­ki öýüň içe­ri­sin­den tem­mi­si ber­len ga­ra­gol og­lan­jygyň agy­sy eşi­dil­ýär­di, beý­le­ki bir ýer­den «ag­la­madyk ça­ga em­me ýok» diý­ýän ýa­ly, bä­bek ag­la­ýardy. Da­şar­da oý­nap ýö­ren ça­ga­lar ga­myş­dan gy­lyç ýa­sa­nyp, edil spar­ta­ly­lar ýa­ly öz­le­ri­ni ça­ga­lyk­dan gaý­duw­syz­ly­ga taý­ýar­lap, şeý­le­bir gal­ma­gal edip uruş­ýar­dy­lar we­lin, uzyn­ly gün ra­hat­ly­gyň nä­me­di­gi­ni bil­me­dim. Bu­la­ryň üs­tü­ne, ag­şa­mara baş­la­ýan to­wuk­la­ryň wak­gyl­da­ma­sy­ny, hin­di
guş­la­ry­nyň kür­kül­di­le­ri­ni, örä äki­dil­me­dik go­ýun­dyr ge­çi­le­riň mä­le­me­le­ri­ni, ga­la ­go­şun­da­ky es­ger­le­riň sur­naý­da ge­çir­ýän okuw tür­gen­le­şikle­ri­ni goş­saň, bu ýer­dä­ki «gün­diz­ki ra­hat­ly­gyň» nä­me­di­gi­ni aň­sat göz öňü­ne ge­tir­se bo­lar.
Ag­şam ýo­kar­da su­rat­lan­dy­ry­lan ses­li ha­dy­salar tä­ze­den gaý­ta­lan­ýar, ýö­ne, köp­lenç, ola­ryň üs­tü­ne ýe­ne-de bir da­ba­ra se­bäp­li hem­me­le­riň üý­şüp aýd­ýan aý­dym ses­le­ri hem go­şul­ýar. Birnä­çe sa­gat­lap do­wam ed­ýän, bir dep­gin­de aý­dyl­ýan gu­la­ga ýa­kym­syz aý­dym bi­len tam­tam depre­gi­ňem se­si ga­ryş­ýar. Her ge­zek şow­hun gi­dip dur­ka, aý­dyl­ýan aý­dym­la­ryň ara­sy­ny, aýal­lar topa­ry­nyň gy­gy­ryp aýd­ýan çir­kin ses­li aý­dym­la­ry kes­ýär. Mu­nuň üs­te­si­ne, meý­dan­dan agy­la do­lanyp gel­ýän mal sü­rü­si­niň ses­le­ri hem go­şul­ýar.
Nä­me-de bol­sa, tam­la­ryň üçek­le­ri­ne wag­tyn­da ýyg­na­nan to­wuk­lar gi­je­ki go­ha go­şul­ma­ýar­lar, ýö­ne pa­ra­hat dur­mu­şy is­le­ýä­ne meň­ze­me­ýän pi­şik­ler gi­je­ki «aý­dym-saz­la­ry­na» baş­la­ýar­lar. Bi­ri-bi­ri bi­len bas­daş bo­lan­soň­lar, olar çy­byk ha­ýat­la­ryň üs­tün­den bö­kü­şip, üçek­den-üçe­ge ko­wa­la­şyp, ýü­re­gi­ňi en­di­red­ýän, gu­la­gy­ňy de­şip bar­ýan goh­la­ry bi­len adam­la­ry dä­li­ret­mek hetdi­ne ýe­tir­ýär­ler. Ola­ryň der­din­den hiç za­dy­ňy giz­läp bol­ma­ýar. Bu ser­gez­dan­lar, köp­lenç, bi­ziň
ýa­ňy taý­ýar­lan peý­ni­ri­mi­zi ogur­la­ýar­lar. Ýo­kar­da ýat­la­nyp ge­çi­len dep­rek (arap­ça «da­ra­buk­ke») Su­da­nyň äh­li ýe­rin­de iň go­wy gö­rül­ýän saz gu­ra­ly eken. Ýa­ry­gi­je — aý­dym￾saz­dyr goh-gal­ma­gal ýa­ty­şan­dan soň, ga­ra­wulla­ryň se­si, pi­şik­le­riň maw­la­ma­sy, der­ýa­da­ky
gip­po­po­tam­la­ryň hor­kul­dy­sy gi­je­ki asu­da­ly­gy
se­tan­da-seý­ran­da boz­ýar di­ýäý­me­seň, tö­we­rege üm­süm­lik ara­laş­ýar. Şon­da bir aý­dym-saz muş­da­gy­nyň dep­re­gi­niň ça­la­rak çyk­ýan tar­kyldy­sy, aý­dym aýd­ýan se­si eşi­dil­ýär. Köp­lenç, irden tu­raň­da-da dep­re­giň se­si gu­la­gyň­da ýaň­lanyp du­ran­dyr.

Edebiýat, Real.123. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir