Ak Niliň žirafalary we düýeguşlary.


Öý­län göz­ýe­tim­de Fa­şo­da oba­sy gö­rün­di. Tugun­da ýa­ry­maý­ly baý­dak pa­syr­da­ýar­dy. Tiz wagt­dan Mü­sü­re bi­rik­di­ril­me­gi bi­len döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bu ilat­ly ýe­re ba­ryp ýet­dik. 1867-nji ýyl­dan soň şil­luk­lar şa­la­ry­nyň kö­ne düşelgelerinden Bahr-el-Abiaddan ýo­kar­ly­gy­na ga­lan nu­biý­ler we don­ko­lan­lar ta­ra­pyn­dan «De­nab» (guý­ruk) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ýer mü­sür­li­le­riň şä­he­ri­ne öw­rü­lip, hö­kü­met we­ki­li­niň gel­ýän ýe­ri we gü­nor­ta ser­het­le­ri­ni
go­ra­ýan port — gä­mi men­zi­li bo­lup­dyr. Şil­luk­laryň bu oba­sy ke­na­ryň de­mir­ga­zy­gyn­da, iki ki­lometr çe­me­si uzak­lyk­da ýaý­lyp ýa­tyr­dy, oba­nyň köp san­ly kü­me­le­ri bir-bi­ri bi­len ep-es­li ara­lyk­da gur­lup, olar giň meý­da­ny eýe­läp otyr. Odun ýükle­ýän­çä­ler ba­lyk tut­ýan şil­luk­la­ry syn­la­dym. Olar öň ta­rap ujy ýo­ka­ryk gal­dy­ry­lyp, gon­dol­la­ra meň­ze­di­len ki­çi­jik sal­la­ryn­da ba­lyk ýa­ly çalt­lyk bi­len ýüz­ýär­di­ler. Bu sal­lar am­ga­bo aga­jyn­dan («Aede­mo­ne mi­ra­bi­lis Kotschy») ýa­sal­ýar, ola­ryň eg­ri, in­siz uç­la­ry ýo­ka­ryk ga­lyp, ýo­kar­ky da­ňy­lar bi­len bi­ri­gip, bu­run eme­le ge­tir­ýär. Olar şeý­le­bir ýe­ňil
we­lin, hat­da üç adam­lyk sa­ly bir adam ar­ka­ýyn
kel­le­sin­de gö­te­rip bil­ýär. Ýö­ne bu öý­jük­li agaç çyg
çe­ke­gen eken, şo­nuň üçin ony çalt-çalt­dan gu­ratma­ly bol­ýar. Hün­nü­le­r ga­ýy­gy ke­na­ra çy­ka­ryp, ga­myş­la­ryň üs­tün­de gu­ra­ma­ga goý­ýar­lar. Me­niň syn­lap du­ran sal­la­ry­myň her­si­niň üs­tün­de bir şilluk bar­dy. Ba­lyk­çy el­le­ri­niň aýa­sy bi­len otur­gy­ja di­re­nip, dy­zyn­da dur­ýar, gys­ga kü­rek bi­len sa­ly ug­ruk­dyr­ýar. Onuň ýa­nyn­da uzyn agaç sap­ly, demir çiş­ler­den edi­len köp san­ly diş­ja­gaz­ly ba­lyk tutmak üçin ni­ýet­le­nen naý­za bar­dy, naý­za­nyň sapy bäş metr­lik şe­ker­çiň­rik bi­len uzal­dy­lyp­dyr, ol ga­ýy­gyň yzy bi­len ýü­züp gel­ýär. Aky­myň ug­ry bilen aşak­ly­gy­na ýü­züp, şil­luk So­bat­da we Bahr-el Abiad­da top­lum-top­lum bo­lup gez­ýän ba­lyk­la­ryň
sü­rü­si­ne naý­za­sy­ny ur­ýar, suw­da ýüz­ýän müň­ler­çe guş hem bu ýer­de öz­le­ri­ne iý­mit tap­ýar­lar.

Edebiýat, Real.123. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir