Salamalikler. Her birinizin halayan, yuregne yakyn hasaplayan goshgularynyz bardyr sholary biz bilen paylashaysanyz diyyan :) Men ozuma gowy goryan goshgylary kabiri birhili edil men ozum uchin yazylan yaly bolya. Esasan hem shol yagdaya layk gelen wagty okasan hasam yuregne yakyn bolya. Garaz goshgyny wasp etmage soz tapamokdaray :D Ine onda menden kabir goshgujyklar. Komendant hany senem goshgularyny goreli! Adamyn bir matach sozi hosh sozdur, Hosh soz aydyn, depesine tach bolar. Dirilikde sylan, dirika aydyn, Kim bilip dur, bir yyldan son gich bolar. Gowa gowy diyin entek dirika, Gerek yerde yyly soz bir guych bolar. Hokman olerine garashyp durman, Kim bilip dur, bir aydan son gich bolar. Yagshy sozler gaynap yurekden chyksyn, Sho narseden barde chyksa hich bolar. Goldaberin bir-biregi soz bilen, Kim bilip dur, bir hepdeden gich bolar. Kalby choyun, alkysh alyn, adamlar, Alkyshlynyn ishi rowach bolar. Erte tapdyranok bu gun gorenin, Shu gun choyun, erte belki gich bolar. Sahabatsyz omur – gury bir tonne, Sahabatsyz omrun sony puch bolar. Sylan bir-birege wagtynyz barka, Mumkin, yene bir sagatdan gich bolar.(Berdinazar Hudaynazarow)
Goshgular
-
Harmandali
16 years ago
- shu shahyrymyzyn prezidentyn yygnagynda eden hayyshyna otkaz alany hich yadymdan chykanok. Shonda ayagy agyryan eken, yygnagyn sonunda zordan turdy, hasam beter hayyshyna yok diydi weli gaty sussy basyldy. Butun yurdyn shahyry, yashuly adam galybersede bir bitmez yaly zat hayysham etmandi.
-
Harmandali
16 years ago
- W. ŞEKSPIR “Sonetler”
Gözlerin ýyldyza deňär ýaly däl,
Dodaklary bolsa lagly-merjen däl.
Açyk gerdenleri ak gar ýaly däl,
Saçlarna-da artyk baha berjek däl.
Ýaňakda Damaskyň bägül yzy bar
diýip, öz göwnümi aldap bilmerin.
Teninde bir öz teniniň ysy bar,
Müşküni saçanok nepis gülleriň.
Üýtgeşik bir kämilligem tapmarsyň,
Alkymynda, maňlaýynda, ýüzünde,
Asman meleklerniň sallanyp barşyn
bilemok, men ýarym dünýäň düzünde
gadam urýar, ýalan söz bilen öwlen,
Meleklerden kem däl görmegem
G. BAÝRON
“ Ol günleri ýatdan çykaryp bilmen”
Ol günleri ýatdan çykaryp bilmen,
Tutuşlygna eýeläpdiň kalbymy.
Aýralyk, dag-hijran uzakda bizden,
Bitewidi ýüregmiziň ýangyny.
Şelaýyn dost, sen öz yşkyňy maňa,
bildiren şol bagtly günüňden başlap,
Çeken jebri-jepam aýan däl saňa,
Ýanyp ýaşadym men hem doňup,gagşap.
Ýöne şeýle çuňňur ejir ýok indi,
Öten söýgi hakda ýatlap ýörmeden,
Ýalan, boş mähriňi solan görmegňi,
unutman, gözüňi ýaşlap ýörmeden.
Birdenem neneň bagt! Diliňden ýaňy
bir kelam döküldi gyssagarada.
Geçen hoş günleriň ýatlamalarny
Ýüregiňde saklap ýörşüň barada.
Eý, zalym, sen maňa nähili eziz,
Yşk-söýgiň bireýýäm bolsa-da tamam.
Terk etmändir seni näziklik heniz
Ýürekde ýaşaýan bolsa ýatlamaň.
Ine, şu pikirden derdim ýeňleýär
gam-gyussa ýok, birazajyk solsamam.
Indi sen ömürlik meniňkisiň, ýar,
Elýeterden has uzakda bolsaňam.
I.W.GÝOTE
Sen aýala mydam geçirimli bol,
Egri gapyrgadan ýasalandyr ol.
Hudaý hem bilmändir ony göneldip.
Sen göneltjek bolup,
egäýseň eger,
Ol şarta döwüler.
El degirmän ýörseň,
hasam egreler,
Adam,
Hudaý eçilib-ä bilipdir,
Bize şeýle hüýr-melegi beripdir.
Egme-de, döwme-de,
aýtjak zadym şol:
Sen aýala mydam geçirimli bol!
D.GARAÇOPAN
“Toý”
Şagalaňly, şowhunly toý
Daňdana çen dowam etdi.
Toý sowuldy, bilmek gerek,
Ondan kime näme ýetdi?
Oňat meýlis –
Hemmelere.
Daýy-daýza, ýeňňelere.
Goňşulara kän hysyrdy
Hemem çoh derdeser ýetdi.
Gudalara törden orun –
Arzyly ýerden ýer ýetdi.
Kimselere halat serpaý –
Mata-marlyk, ýaglyk ýetdi.
Ejem jana
Şatlyk ýetdi.
Tansçylara – ýadawlyk hem
Keýpi-sapa birnemejik.
Tost aýdana – ýetdi çapak,
Gyjyt aldy gürlemedik.
Içýänlere meýli bulgur
Bir gezek däl, telim ýetdi.
Ýöne maňa – owadanja
Hem ýaşajyk GELIN ýetdi :))
Terjime eden: Atamyrat Atabaýew.
-
Harmandali
16 years ago
- Ata Köpekmergen
“Ilden öwrendim”
Däli derýa ýaly dolup-daşmagy
Dagdan güwläp gaýdan silden öwrendim.
Kötel gaýalardan, dagdan aşmagy
Azaply, hupbatly ýoldan öwrendim.
Käte gamgyn boldum, käte hoş boldum,
Käteler gar booldum, kä ýagyş boldum,
Käte bahar boldum, käte gyş boldum,
Ony dört pasyldan-ýyldan öwrendim.
Şahyr işi goşgy-gazal bolmaly,
Goşgular goşgudan gözel bolmaly.
Bu gözel durmuşa bezeg bolmagy
Owadan al-elwan gülden öwrendim.
Watan, seniň ýigitleriň gaýratly,
Yeňlişleriň ägirt, gadamyň batly.
Seni taryplasam, sözlerim datly,
Süýji sözlemegi baldan öwrendim.
Ýowuz kynçylyga garşy durmagy,
Ýör diýilse, ilki gadam urmagy,
Beýik-beýik desgalary gurmagy
Işläp, zähmetsöýer elden öwrendim.
Özüm goja, göwnüm ýigit çagymda,
Ýokdur ýüregimde derdi-dagym-da.
Watan, seniň hoş sapaly bagyňda
Saýramagy şat bilbilden öwrendim.
Gujurum köp, dag-daşlary owratdym,
Azaşany dogry ýola ugratdym.
Bir zat bilsem, ony ile öwretdim,
Çünki ozal menem ilden öwrendim!
Nobatguly Rejebow
“Bagt bilen duşuşyk”
Biri salam berip geldi gapydan,
Diýdi gama batyp, boýnuny burup:
-Geldim, kabul eýle, men seniň bagtyň!
-Hah-hah-ha! Otyrys keýp-sapa gurup,
Seret, göwün islän zadyň tapylýar.
Keýpem kök, pulam kök. Git, gardaş, ýer dar!
Şu mahal bagt meniň nämäme derkar!…
Ýene bir gün geldi şol bagt ýylgyryp:
-Geldim, kabul eýle, men seniň bagtyň!
-Hah-hah-ha! Saýlapsyň gelmeli wagtyň.
Döwranym sowuldy, dar maňa jahan.
Hesret kerebini gurýar daşyma.
Jyda düşdüm jenanymdan…. şu mahal
Men nä seni ýapaýynmy başyma?! :) :D
-
Harmandali
16 years ago
- Kasym Nurbadow
“Tapyşyk” (shu goshgy yaman gowy duzulipdirlay birhili okayan weli inin tikeneklap gidya. Asyl urush hakyndaky goshgular gowylay birhili yurekden chykyan goshgular yaly)
Goşun bölüminden Enäň adyna
Habar geldi: “Ogluň dereksiz ýitdi..!
Ene diýdi: “O nähili dreksiz?
Gidend-ä ol derek tutjak ýigitdi!..”
Ötdi urşuň gutaranna ençe ýyl,
Derek tapylmady oglundan onuň.
Garaşdy ogluna Ene şonça ýyl..
Bir gün ýola saldy bir körpe oglun
Nowbaharyň söweş guran ýerlerne
Hem garaşdy derek bilip gelerne.
Aýlandy inisi gözläp agasyn,
Berýozalaň, sosnalaryň arasyn,
Agasyndan ýaşy uly inisi
Köp ýer gezdi,
Sökdi ili-ulusy
Ýekän-ýekän barlap gubur arasyn,
Idäp
ahyr…
zordan tapdy agasyn –
Doganlyk mazardan tapdy agasyn..
Tapdy…
Indi begensinmi?
Aglasyn?!
-
Harmandali
16 years ago
- “Dileglerim kabul bolmaz”
Gam-gussalar gitmez boldy başymdan,
Şat bolup-da kalbym gülmez, nedendir?
Gije-gündiz ýalbararam Möwlama,
Dileglerim kabul bolmaz, nedendir?
Garşymyzda garly daglar dag bolar,
Çewre ýany reýhan güli bag bolar,
Eýi günde dosty-ýarlar çoh bolar,
Gamly günde dost tapylmaz nedendir?
Bu gezdigim Urummydyr, Şammydyr?
Başymdaky gussamydyr, gammydyr?
Kime eýgilik etsem, soňy kemmidir?
Bu gün salama-da gelmez, nedendir?
Garajoglan diýr, belaly başym,
Akdyrdym didämden gan bile ýaşym,
Gurbata çykamda ýamandyr işim,
Bu ömre gahr edip bolmaz, nedendir?
“Gara dälmi”
Gelin, maňa gara diýme,
Gaşlaryň gara dälmidir?
Dal gerdene düşer saçyň,
Saçlaryň gara dälmidir?
Hany Isa, hany Musa,
Şerbedi ezerer tasa,
Musadaky zeýtun hasa,
Destesi gara dälmidir?
Guzaý saçyň burma-burma,
Öldürdiň garşymda durma,
Gara göze gara sürme,
Çekilen gara dälmidir?
Garajoglan, biýr salamy,
Goýnunda Hakyň kelamy,
Ak kagyz üste galamy,
Ýöreden gara dälmidir?
(Garajoglan)
-
Harmandali
16 years ago
- OGULGURBAN ESENOWA
“Ykbal”
Ýene-de sen hakda ýazasym geldi
Ölçeresim geldi öçen odymy
Senden ýadygärlik ýatlama galdy
Ilkinji söýgimiň şowsyz ädimi
Arzuwly, armanly ýyllar geçipdir
Bendesi men geçip giden ýyllaryň.
Nätjek, ýyllar ak durna deý uçupdyr,
Eziz oglan, ýene saýrar dillerim.
Gykuwlap geçendir niçe durnalar,
Ýanan ýürek tüsseläpler öçüpdir.
Ýok, men ykbalymdan nalamok birjik,
Arman, aýlar-ýyllar sensiz geçipdir.
Sensiz aýralyga döz gelen ykbal,
Meni şu günlere getirdi ýykman.
-
agayunus
16 years ago
- menä erbet içim gysan wagty, özümi ýalňyz duýan wagtym magtymguly-atamyzyň şu setirlerini gaýtalap ýörýän
köňüller, ýürekler bir bolup başlar
tartsa ýygyn erär, topraklar daşlar
bir suprada taýýar kylynsa aşlar
göteriler ol ykbaly, türkmeniň
durmyşda beter kösenen wagtlamam şuny gaýtalaýan
gelse celalinden cefa, yahut cemalinden vefa. ikisi de cana safa, lutfun da hoş kahrin da hoş
-
ata
16 years ago
- Berdi Kerbaba, Kerim Gurbannepes we Magtymguly - şu üçüsini okadym men-ä köplenç. Hemmesi hem şeýle güýçli şahyrlar.
Berdi Kerbabaň "7 ýaprak"-y şeýle gowy kitap ekeni, çagakam okasamam ýatdan çykanok. "Taýmaz Baba" bn başlaýady öýdýän, bolsa-da dana goja ekeni. Ýanýoldaşy hem şeýle.
Mende häzir çeşme ýok, tapamda goýaryn-da azyrak bölekler.
-
CeriumOxide
16 years ago
- Mollanepes - HAÝRANA GALAR
Bag içine ýar sallanyp girende,
Bilbiller saýramaz, haýrana galar,
Keşt edip, serçemen üzre ýörende,
Ganatdan aýrylar, perwana galar.
Aý nurdan aýrylar, gün gökden uçup,
Ýyldyzlar kararsyz çar tarap göçüp,
Saky meý getirer, erenler içip,
Olar ah çekerler, zamana galar.
Şalar ýatabilmez, arzuwda gezer,
Öli balyk görse, jan berer, ýüzer,
Goly bagly gullar zynjyryn üzer,
Söýlemez ýüz düşse, diwana galar.
Gülüp baksa, ol garrylar batlanyp,
Öten günler, ýigit çaglar ýatlanyp,
Gök otlar saralyp, daraht otlanyp,
Asman jünbüş eýläp, lerzana galar.
Nepes, tarypladyň ýaryň jemalyn
Ýel degip, göterdi ýüzde desmalyn,
Hak bermiş ozalda oňa ykbalyň,
Şalar görsem diýip, armana galar.
-
CeriumOxide
16 years ago
- Gurbannazar Ezizow - Seni söýdim
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Ol ýeňles gylygma gazaply boldym
Öz durmuş ornyma indi düşünýän.
Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim
Kyn pursatym medet berdi kalbyma
Jadyly däl-seniň ynsan gözleriň
Kim men? Şu günlere çen
Seni söýüp kimdigimi bildim men
Ýeňil gopdym başymdaky öýme dek
Diýdim “Ejiz bu dünýäde söýmmedik”
Seni söýüp göz ýetirdim bir zada
Kynçylyk ýok
Ejizlik bar dünýäde.
______________________________________________
-
CeriumOxide
16 years ago
Kim men? Şu günlere çen
kim men? jogap tapman şu günlere çen
bolmaly!
-
ultimatum
16 years ago
- "ejiz bu dünýäde söýmedik" bolmaly dälmaý?
audiodaky "ejiz bu dünýäni söýmedik" diýýär. bu dünýäň namesini söýjek :D
-
Maxat
16 years ago
- Gurbannazar Ezizow - Razy Men Bu Dünýäden
Razy men bu dünýäden
Ömür boýy pikir edip
Diýjek sözum diýip gitsem
Watan duzun doly haklap
Beren duzyn iýip gitsem
Razy men bu dünýäden
Üşän wagty ojar bolup
Dostum üçin köyüp gitsem
Müň gözeli gowy görüp
Bir gözeli söyüp gitsem
Razy men bu dünýäden
Yamanlara diken bolup
Yüreklerine batyp gitsem
Al gül bolup ýagşylaryň
Toýlaryny tutup gitsem
Razy men bu dünýäden
Ajal bilen dikleşemde
Aglap dälde gülüp gitsem
Bu dünýäde artyk bolman
Kem boljagymy bilip gitsem
-
garabekewul
16 years ago
- biziň gapymyzdan daglar gorunyär
Şol daglañ hem öz ýüregniñ dagy bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniñ
Almaly, injirli gözel bagy bar.
Ugramakçy bolsam alys illere,
Şu daglardan pata alýan hoşlaşyp.
Galýar daglar meniñ dogduk ilimde,
Asmandaky bulutlara baş goşup.
Galýar daglar, galýar äpet bürgütler,
Gidýärin, alyslar garşylar meni.
Ýene daglar göz öñümde janlanýar,
Ýatlamda enemiñ aýdymlaryny.
”Bu daglañ gerşine näçe guş gondy,
Bu daglardan uçup gitdi näçe guş.
Näçe gezek bu daglarda buz doñup,
Näçe gezek ýuwdy gerşini ýagyş.
Öpdükä, gör, näçe ynsan aýagyn,
Bu daglañ göwsünde uzaýan ýollar?
Näçe gezek açyldyka gunçalap,
Sürçek gaýalarda ýylgyran güller”.
Gaýtalap enemiñ şu aýdymlaryn,
Bir wagtlar meñem ýumular gözüm.
Şonda daglar pata berer hoşlaşyp,
Asmandaky bulutlara baş goşup.
Biziñ gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglañ hem ýüreginiñ dagy bar.
Kä egninde paralanyp bulutlañ,
Däli derelerniñ joşýan çagy bar.
anasoltan kekilowa****:bizin gapymyzdan daglar gorunyar: gosgusy
-
garabekewul
16 years ago
ŞANYÑA ỲAZYLAN LIRIKI SETIRLER
I
Sen erkin bol.
Säher-säher saçyñ ỳaỳ.
Sen şat bolsañ, gözüñden nur saçylỳar.
Aç sen oñat kitaplaryñ sahabyn.
Bil ỳagşylyk, ỳamanlygyñ hasabyn.
Edepsiz sözüme öỳkele sen, ỳar,
(Käte size öỳkelemek ỳaraşỳar.)
Sen erkin bol.
Pikriñ, duỳgyñ, ezỳetiñ,
Ỳokarda ỳyldyzlar, ỳerde gözỳetim.
Hemmesi diñe bir özüñki bolsun,
Diñe bir, diñe bir özüñki bolsun.
Sen erkin bol,
Soñky günüñe çenli
Isle ỳigren, isle-de söỳ geçenñi.
Çünki birdir asman.
Milliarddyr asman.
Çünki erkli güni bagtlydyr ynsan.
Sen erkli bol,
Bir gün ỳaşama şowsuz.
(Hudaỳam bar bolsa, seni ỳalkasyn.)
Ỳöne mydam inçe biliñde bolsun,
Meniñ gollarymyñ mäkäm halkasy.
II
Bu zatlary oñarỳarsyñ neneñsi?
Ỳogsa pikriñ şeỳle bolmakda-da däl.
Jaỳa girseñ, jaỳyñ içi birgeñsi,
Çyksañ, oñat dunỳä, dünỳä däl – hyỳal!
Täsin sesiñ, gunça meñzeş sözleriñ,
Seniñ näzikligiñ çäksiz göwrümi,
Sürme çalynmadyk tämiz gözleriñ,
Mar saçlaryñ nagyş kimin örümi! –
Sen pikir edeñok bular barada,
Bular öz-özünden bolỳar-da gidỳär.
Ỳasama ỳüz, ỳasama söz arada
Gezemsoñ, bilỳärin gadryñy dildar!
Men seniñ sarpañy saklaỳan gaty,
Oñ üçin ỳigitler gyỳa bakmasyn,
Näziklik ỳönekeỳ bolan pursaty –
Hudaỳ saklasyn!
Özümden soraỳan: ”Neçün, nämüçin
Sözlemeli dälmiş ỳürek joşundan”
…Men şindem duỳgymy açardym weli,
Gorkỳan duşmadyklañ gözde ỳaşyndan…
III
Sen otyrkañ, gaşym çytaỳsam eger,
Saña ỳaman sözler diỳsem käỳarym,
Sen umytdan gaçyp, galmagyn derde,
Men juda söỳỳärin, juda söỳỳärin.
Vokzal diñe duşuşuklañ ỳeri däl,
Vokzal adamlaryñ aỳralyk ỳeri.
Giderin
Hem uzak aralyklardan
Aỳralykdan seni ỳeñip gelerin.
Iñrik ỳere çöküp, ỳakylsa çyra,
Saçyñ sypamaga degmese elim,
Seniñ özüñ düşünmeli ahyry
Meniñ başga yşga düşenmi gülüm.
Ỳürekde aỳdym kän.
Elde az olar,
Aỳdymym ỳok il ỳüzüne tutarlyk.
Seni unudỳaryn
Öwürme ỳüzüñ.
Düşüñỳärin – şunuñ özem ỳeterlik,
Ykbalyña aglama sen gijeler.
Şol yşkym baglapdyr sypabilemok.
Gülüm, düşülen ỳol agyrdyr-agyr,
Indem ondan asyl-asyl dönme ỳok.
Dönme ỳok şol yşkyñ keçjallygyndan,
Oñ ỳürege berỳän melamatyndan,
Iññe bolup bagra batan sözleriñ
Dünỳä çykyp etjek keramatyndan.
Gabanjañlyk etme asyl yşkyma,
Senem sakla şol yşkymyñ sarpasyn.
Häzir bolsa gije çene barypdyr,
Ownuk aladalañ unudup baryn.
Meniñ gaỳragoỳulmasyz işim bar,
Sen ỳatyber, özüm seni oỳaryn.
IY
Saña goşgularmy okap berỳärin,
Sen diỳỳäñ nazarñy dikip nazara!
”Ỳeri, nämä gerek şu zatlañ bary,
Başga zat kän ahyr ỳazyp-bozara”.
Söỳgi setirinden çemenlik ỳygyp –
Ỳazỳaryn. Men diñe şo bilen diri.
Bagtly bir özüdir öỳtmesin ỳigit,
Şahyrlaram bagtly bolỳar ahyry.
gurbannazar ezizowdan parcalar... bu sahyryn gosgularynyn hayrany mena hemise
-
ata
16 years ago
- Öň Feýajyk goýupdy "Gyzlar dübýäsi" atly eserini Berdi Kerbabaň, ynha, indi men goýmakçy, uzyndyr, alyp soň okap bilersiňiz:
TurkmenStudents.com - .: Turkmen Web Portal :.
GYZLAR DÜNÝÄSI Berdi Kerbaba
Goşgular
Posted by: mahmud atagözli
Posted on : 2007/6/7 23:50:00
GYZLAR DÜNÝÄSI ilkinji gezek 1927-nji ýylda Türkmenistan
gazetinde çap edilýär. şondan bir ýyl soñ özbaşdak kitap bolup çykýar. Poemanyñ teksti
Nurmuhammet Aşyrpuryñ 1980-nji ýylda Eýranyñ Kümmet-Kowus şäherinde çap edilen
kitabyndan alyndy. Arap-pars elipbiýinden latyn elipbiýine geçiren:
Alyýe şadman
GYZLAR DÜNÝÄSI
Öñ zamanlar bardy şeýle bir wagyr:
Añsadyna bakan aýal gyz dogyr
Bu pikir gelýärdi örän uzakdan,
Aýal-gyzy hiç çykarman duzakdan.
Diýseñ: Gyzy boldy planyñ, äheý!
Ola bolmandyr-ow ň diýerler ň päheý!
Gyz kişiniñ maşgalasy ahyry,
Adam hasap etmezler ol pahyry.
Gyz ýurt goramaz, busar oturar,
Abraý däl, käte ysnat getirer.
Gyzdan yurt eýesi ýa nesil bolmaz
Gyzly uzak gülmez, ogully ölmez!
Oguldyr atanyñ arka daýanjy,
Gyz dörän gününden alada, ynjyň
şeýle wagyzlardan gulak ganansoñ,
Erbet nysak hakykata dönensoñ,
Eşidende atasy göbek kes sözün
Igenç bilen aýdar: kesiñ bogazyn.
Ogul bolsa, derrew azan aýdarlar,
2007/6/29 0:27:26 / Page 1
Eşidenler ýör, toýa diýp gaýdarlar.
Gyz bolanda, azan-kamat aýdylmaz,
Toý-tomgy hiç, ynsandyram öýdülmez.
Müýnli bolar gyz doguran aýal hem,
Gaýtargy bermäge etmez hyýal hem.
Dogmasyndan ata göwni jaý bolmaz,
Gyz dogdy-dogmady parhyny bilmez.
Enesem gyzyna etmez kän geleñ,
Çem gelen ýerinde ýatar baş-ýalañ.
Açlykdan gyz pahyr aglasa ýekän
Diýerler: lal bol-da ýat-da ýer çeken!
Lak atanlar diýer: başyñ sogrulsyn!
Päheý, janyñ çyksyn! Boýnuñ oñrulsyn!
Ýylgyryp, bökjekläp gelse-de gola,
Ele almaz, diýer: jähennem bol-a!
Ogul ýaly gyz görülmez gowurak,
Mahlasy tutular saýak-sandyrak.
Gülüp-oýnamaga ýarap başlansoñ,
Özün bilip, hapalygy taşlansoñ,
Hajyk-hujuk, bir azajyk bakylar,
Monjuk, dagdan näzik boýna dakylar.
Bu nä başy kesilen! diýp taşlarlar,
Kem-kem welin, imirgenip başlarlar.
Alty-ýedi ýaşda bogup gulpagyn:
Iýeris ň diýrler ň munuñ ýagly çelpegin!
Tur-otura ýarandan soñ neýlärler?
Ýumuş buýrup, işe werziş eýlärler.
Enesi öwreder oturuş-turşun,
Gulpagyn goýberip, saçyn örüşin.
Birnäçe wagt gezer, bökejeklär towsup,
Gulpagyn tasadyp her ýana öwsüp.
Bagy üzülip, dökülmese hünjüsi,
Hiç bir zatdan bolmaz onuñ ünjüsi.
2007/6/29 0:27:26 / Page 2
şol wagt göýä bir açylýan gunça,
Oýun edip, degişerler kä ençe.
Çekinmezler ýalan-ýaşryk öwmeden,
Gandyrlar gulagny satyp-sowmadan.
Baý, bu gyz-a örän gymmat bahadyr!
El ýetmejek iñ ýokarky şahadyr!
Bermeris hiç kime, bolmasak belet,
Agalary geýer ýüpekden halat.
Salmarys gapydan her öñýeteni,
Ýeññelerne getirmese keteni.
Her gün şeýdip, köp degerler oýundan,
Gägirip doýarys ň diýp, - çelpek toýundan.
Kä agladyp, käte-käte söýerler,
Satylmany şol wagt boýna goýarlar.
Yhlas bilen iş öwreder ejesi,
Gündiz keşde, ik egirder gijesi.
Ýüñüñ gowsun darap, çüprek tüýtmesin,
Dokma ýüwrüp, gerip haly çitmesin.
Mahlasy birkemsiz ugradyp işe,
Öz gözünden salman, saklar hemişe.
Göze görnüp ýetişensoñ gyz halky,
Gülüp-oýnap gezmäge ýok hiç haky.
Adam barka geplemäge utanar,
Myhman gelse, derrew beýlesin döner.
Elek-çelek bakmaz, dört ýana garap,
Gabagyn galdyrman otyr sülmürap.
Dört tärim, el işi bir tenha özi,
Täleý-takdyr hakda diñlenmez sözi.
şeýleräk bolsa-da gyzyñ ykbaly,
Aýry bolar garyp, baýyñ ahwaly.
Barly ýerden: baýdan, beginden, handan,
Sawçy gelip başlar o ýan-bu ýandan.
Alandan soñ gelýänleriñ habaryn,
2007/6/29 0:27:26 / Page 3
Sorarlar düýplüje tanşy bar ýerin.
Diýerler: "Nesibäñ bolsa ýetersiñ,
Gaýdyp ýene-de bir habar tutarsyñ".
Derñärler, nähili kowmun-tiresin,
Iglik-gulluk, soñam boýun-göwresin.
Azajyk göz ýetse bir şikesine,
Gelme diýip, ýol taparlar dessine.
Göwün ýetse, bar zadyna ýerbe-ýer,
Güýjüñ bolsa, diýrler: durma, geliber!
Kesmek üçin gyzyñ malyny uly,
Ýygnanşyp gelerler dört-bäş ýaşuly.
Gyz atasy çagyr kowum-gardaşyn,
Ýaşuly, ýaşkiçi, ýakynyn, daşyn.
Ikiýan gerilşip çaý-paý içerler,
Ýüzden-ýüzden gyz galyñyn biçerler.
Sanarlar ummasyz beterden beter
Ýükçi bolsañ, - dirler - bes indi göter!
Güýçsüz bolsa, çak ýetmez diýp aýdarlar,
Ýuwaş-ýuwaş pessaý urup, gaýdarlar.
Ýükçi bolsa, hiç darykman bakarlar,
Bir-birine yuwaş çawyş çakarlar.
Diýerler: Eşitdik gyzyñ bahasyn,
Hany, mundan aýyrýañyz näçesin?
Aýtdyk biz hemmeje bahañ çen-çakyn,
Indi siz aýdaýyñ näçe boljagyn!"
Ikiýandan çekeleşip başlarlar,
Tüýs keýpden çykyp, göwün hoşlarlar.
Gelenler kem-kemden ýokary süýner,
Gyz taýy howlukman pessaýlap iner.
Bir ýany diýr: o bolmasyn, bu bolsun!
Ýok, o bolmaz, o bolmasyn, bu bolsun!
Ertirden agşama ikiýan tartyp,
Barlyşyk ýasarlar bir çene eltip.
2007/6/29 0:27:26 / Page 4
Agzaşarlar hemme halat-serpaýyn,
Goýun, tüwi, baryn gandyny-çaýyn.
Mal geçirmek üçin sähedin belläp,
Gaýdarlar bar zadyn ýerbe-ýer telläp.
Gyz otyr daş çykman başga bir öýde,
Gaýgyly, hasratly, muñ hili köýde.
Käýinip bir özi örtenip-bişer,
Güýçli üýşýän ynjy ýüregne düşer.
Atam-enem meniñ işim görýärler,
Tanalmaýan bir ýat ýere berýärler.
Men pahyr bir boýny bagly goýun-la!
Satyljagma dogaly gün boýun-la!
Ýokmy maña öz obamda hyrydar?
Bagtym gara däldir, özüm bir myrdar?
Aýtsalardy Annamyrada gel-äň
Meni aljak oñat ýigit ýok däl-ä.
Razymy, razy däl? - menden sorýan ýok!
Söwda eýýäm bişdi, gutardy bir çäk!
Ýamanlygy ýokdur atam-enemiñ,
Dymmakdan başga ýok alajym meniñ!
Hyýal eden barmy gyz göçürmäge,
Ýygnanşyp gelerler mal geçirmäge.
Gyz atasy ýygnar ýene kowmuny,
Sanap almak üçin gyzyñ malyny.
Ýigit taýy sanar başdan gyrany,
Çekip ýygnar gyz taýynda durany.
Utanjyndan gyz galdyrman kirpigin,
Ýeññesi tarp edip, ýapar serpigin.
Gelin utansa-da, uýalyp gaçmaz,
Hakyn bermeseler, serpigin açmaz.
Pul alansoñ, durman o taýdan gaçar,
Syryk bilen dürtüp, serpigin açar.
Bäşden-bäşden gyran sanýan dogrulap,
2007/6/29 0:27:26 / Page 5
Käbirjigin alyp galar ogurlap...
Sanalansoñ puly halta jaýlarlar,
Gyz pahyryñ suýjüligni paýlarlar.
Gelinaljynyñ günün belli ederler,
Işi bitdi diýip, öwüp giderler.
Çykjak gyzyñ gyzlar üýşüp daşyna,
Gülüp, oýnap, timar berler başyna.
Hersi bir zat tapyp jykyrdar olar,
Alnyñ hak açdy diýp degişer, guler.
Bu gyzlara gelip gaty gahary,
Gyşa döner onuñ alabahary.
Içinden käýinip, ot alyp ýanar,
Her sagady aýa, ýyllara döner.
Ýer çeken, bedibagt, maña dözenler,
Meñ günüme düşüñ, gedaý gezenler!
Gelinaljynyñ geljek pursaty ýeter,
Uzyn gije aglap hasratda ýatar.
Ertir irden turar gamly, gaýgyly,
Alar gyzgyn demin uludan uly.
Söwüş goýnuñ birnäçesin öldürler,
Kimi agladarlar, kimi güldirler.
Obadaşlar häzirlener ýygnanyp,
Oglanlar taýynlar kesek, begenip.
Atbaşçylar topar tutup gelýändir,
Oglanlar urmaga öñün alýandyr.
Salarlar kesegi dazyrt-da-dazyrt,
Atbaşçylar goýbär dabyrt-da-dabyrt.
Atbaşçylar atyp tüpeñ pagtabent,
Gorkuzsa-da, keseklärler bolmaz pent.
Kä oglany kowalap, öýe dykarlar,
Käbirini ýabysyndan ýykarlar.
Hatar tutup, geler gelinalyjy,
Gyz-gelinler taýýar geýim ýolujy.
2007/6/29 0:27:26 / Page 6
Oba ýetmän düýelerden düşerler,
Hemmesi bir çogdamlanşyp üýşerler.
Topbak tutup, gerler öýuñ işigne,
Garanjaklap, ykjamlanyp eşigine.
Üýşüp duran gyzlar gapyda hatar,
Her haýsy biriniñ geýminden tutar.
Töwerekden galdap gelinaljyñ daşyn,
Ahmal edip, açar käbirniñ başyn.
Heý, siziñ bir! - söze gyzlar dagaşar,
Gelinaljylar öýe girip ýerleşer.
Ur-tut biýrler gantly çaýdyr palawy,
Göreş tutar kelpeñiräk kelewi.
Gelnalyjylar käse hakyn alansoñ,
Ownuk-uşak ogurlap jübä salansoñ,
Ugrarlar gapydan ýekeden çykyp,
Gyzlar eşik ýyrtar, ahmalna bakyp.
Gyzyñ bu wagt böküp durar ýüregi,
Geçmez bokurdakdan çeýnän çöregi.
Bilmez neneñsikä oña boljak är,
Ýüregi dyngysyz towsyp, tarsyldar.
Bütin dünýä ömür boýy ýoldaşy,
Ganymat bir ýigit bolsa ne ýagşy.
Nega saz bolmasa, onki synasy,
Dat gününe daralar oñ dünýesi.
Gapa baryp öý hakyny tölärler,
Gyz pahyry köne dona dolarlar.
Getirler göterip palas üstüne,
Ýeññeleri üýşer ýanna dessine.
Tur diýseler, diýrler: Ber palas hakym!
Bermeseñiz, turara ýok hiç çakym!
Süýrärler palasy göter-hä, göter!
şol wagt biri idip, bir düýe getir.
“Mün! ň diýerler, soñ geline ň dessine!
2007/6/29 0:27:26 / Page 7
Göterip mündirler düýäñ üstüne.
Ugramakçy borlar, gallap daşyny,
Tutarlar pul ber diýp, düýäñ başyny.
Berip, berip, düýe başyn sypdyrlar,
Haýt, janawar, ýör yzyñy tap diýrler.
Alyp gyzy, saýlanarlar obadan,
Gelýändir bu adat ata-babadan.
Gyz adyny taşlap, gelin dakarlar,
Her kim bir zat diýip için ýakarlar.
Meselem, biri diýr ýigdimiz kel, kör,
Gelne bakyp aýdar: anha, ony gör!
Gözmonjygy ýaly, Aýyñ bölegi!
Ýazgydy ters, duş bolmandyr dilegi!
Ýalandan janygyp, uzadyp elin:
Mynasypmy? diýer, - şuña şu gelin?!
Gör nirlere seniñ nesibäñ çeken?
Heý, biçäre - diýär,- bagtyñ pes eken!
Barar gelin bürenjegne ýapyşyp,
Atbaşçylar hezil eder çapyşyp.
Gelnaljy geçäýse oba duşundan,
Aklyk diýp tutarlar düýe başyndan.
Gyz-gelin ýygnanyp, öñden çykarlar,
Gelin görmek üçin düýe çökärler.
Tüweleme, tuf! - diýerler - Aý ýaly!
Mañlaýy giñ , gaşy misli ýaý ýaly!
Obanyñ gyrasy çala görnenden,
Ýa-da uzagrakda bir menzil çenden,
şonça baýrak berjek diýip bellärler,
Öñatlyny - öñbaraga ýollarlar.
Oba adamsy iç-daşary çykyşyp,
Wagty boldy diýip, ýola bakyşyp,
Anha, gelýär öñürdikläp öñatly
Ýyndam atlar biri-birinden batly.
2007/6/29 0:27:26 / Page 8
Eñişip atlylar tozan turuzýar,
Gelýa sözi hemme adamy örüzýär.
Oba öñünden geçerler okkesdirme,
Biri-birne diýip: adam basdyrma!
Diýseñ: gelin alýanyñ öýi bu taýy,
Atdan düşüp, gelip alar toý paýy.
Atbaşçylar geler pagtabent atyp,
Gelnalyjylar geler bir ýandan ýetip.
Gelin-gyzlar üýşüp çykar öñüñden,
Düşürip düýeden, tutup ýeñiñden.
Getirler geliniñ daşyny gallap,
Bir aýal pişmeli saçagyn elläp,
Penjeläp, gelin üste seçer pişmesin,
Dagadar owunjak gyzlañ üýşmesin.
Ýere düşen pişmeleri çöplärler,
Toýdan- topukça diýp, iýip geplärler.
Üýşmek tutup, gelni getirler gapa,
Hetdiñ bolsa, göreýin sen ýol tap-a!
Ýaglyk almak üçin gapy saklarlar,
Sanap görüp, näçedigni çaklarlar.
Her birine ýaglyk berip sowarlar,
Bulary gapydan şeýdip kowarlar.
Idekläp ol gelni, meñzedip köre,
Girdirip gapydan, geçirler töre.
Gelnalyjy, atbaşça gant bilen çaýy,
Toý eýesi ile paýlar toý paýy.
Gözüñ aýdyñ, how! diýp jarçy gygyrar,
Baýrak diýp mergenler hatara durar.
Almyt isleýän kändir, her dürli ýygyn,
Sorarlar ýigitler ýüzük baýragyn.
Her haýsyna berler baýragy telläp,
Oturandyr ýigit bir öýde pallap.
Uludan-uludan alyp demini,
2007/6/29 0:27:26 / Page 9
Oýlanyp gelin ýanyna barmañ çemini.
Tizräk bir habar bilmäñ kastynda,
Munuñ-da ýüregi suwuñ üstünde.
Bilenok getirlen niçik-neneñsi?
Bir birinde bihabarlyk bir geñsi!
Nämüçin bu gelni ozal görmändir?
Alsamdym diýp, oña göwün bermändir.
Çagyrlar mollany nika gyýmaga,
Ikisin bir- birine boýun goýmaga
Yhhym diýip molla geler ardynyp,
Garyp-gasar daşda gezer derdinip.
Olañ ýeri çetde ojak başydyr,
Galan-gaçan, artan hörek aşydyr.
Girer öýe çişip, bäş-on ýaşuly,
Seretseñ abatdyr olaryñ july.
Bellärler iki adam pyýada kazy,
Giden bolar gyzdan almaga sözi.
Salam berip, ol sowfyny sanarlar,
Jogap üçin gelni biraz ýanarlar.
Gyssarlar birnäçe adam görkezip,
Nika wekilligiñ kime berdiñ?diýp.
Gaýtalarlar şunça razy bolynça,
Pylana diýip, açyk jogap berinçä.
Jogaby tabşyrlar gelip märekä,
Mundan soñ giderler ýigide baka.
Pyýada kazylar gelip otyrlar,
Iki ýanyñ wekilligin getirler.
Nika suwy ortadadyr ezilgi,
Üstüne pulluja ýaglyk ýazylgy.
Okar molla Abolbaşar hutbasyn,
Wekiller jogap biýr razylyk sesin.
Nika wagty elindedir synnysy,
Öýüñ artbaşyna geçip ýeññesi.
2007/6/29 0:27:26 / Page 10
Açypbagşylaryñ serin-sepini,
şatdyk-şatdyk edip, keser ýüpüni.
Hutbadan soñ nika suwun aýlarlar,
Her adama bir ýuwdumjyk paýlarlar.
Kazylara berler pully ýaglygy,
Gidip-gelen ýerne diýip aklygy.
Getirler ýigidi gelniñ üstüne,
Ýeññesi-de elleşdirer dessine.
Ak-gök geýdirme diýp, berer nesihat,
Aýdar: gelniñ bilen maksadyña ýet!
Ýigit ýöne otyr öñki ýerinde,
Jahyllar ýygnanyp, töwereginde.
Täzeden dartañrak edip geýdirip,
Guşarlar guşagyn müñ düwün edip,
Gelin pahyr galar güman içinde,
Äşgär zat ýok ň galar duman içinde.
Ünjä goýan bir zat bolar gelini,
Ýat ýigide tutdurarlar elini.
Götergiläp ýañky ýigdi getirler,
Gütüledip gelin ýanynda ýatyrlar.
Çykar diýer ýigit ädigin uzadyp,
Aýagyn gaýşardyp, goýar dyzadyp.
Bir diýende gelin asmasa gulak,
Gütüledip, depip goýberşi telek.
Çykarmaga gelin ädigin çeker,
Çekdikçe aýagyn gaýşardar ýeser.
Aýal-erkek syn ederler üýşüşip,
Çykarmany oñaranok diýişip.
Ädikden soñ guşagyna ýapyşar,
Iki bela üst-üstüne sepişer.
Guşagyny çözjek bolup dyrmanyp,
Ujun tapman, azar görer sermenip.
Ýigidiñ eline gamçy tutdyrlar,
2007/6/29 0:27:26 / Page 11
Eliñde bar edeniñi et diýrler.
Ýigit urup, gelin-gyzy gamçylap,
Ura-ura çykar, gamçysyn bulap.
Ýeke galyp iki ýatlar bir öýde,
Her haýsynyñ göwni başga bir köýde.
Pessaý-pessaý ýigit gelne söz goşup,
Gyşararlar bir ýassyga baş goşup.
Ýuwaş-ýuwaş bir-birine ýanaşar,
Iki ýatlar ýuwaş-ýuwaş tanyşar.
Ýigit ýakyp çöpün, janyny barlar,
Ýüzün görkezmejek bolsa-da, dyzar.
Aýyr eliñ diýer, bakman sözüne,
Gelin utanyp, elin tutar ýüzüne.
Ýigit aýrar gelniñ elin zor edip,
Barlar janyn kemallyja seredip.
Göwne ýaksa, elin salar boýnundan,
Ykjam saklar, hiç goýbermez goýnundan.
Gelin ýigde seretmäge uýalyp,
Jany aram tapsa, goltugna dolup,
Gujaklaşyp, bir-birine gysyşar,
Mähri-şypa ikarada ösüşer!
Deñ bolsalar, biri-birin halaşyp,
Uzak gije dañ atyrlar dalaşyp.
şatlyk bilen gijelerni geçirler,
Ikaradan gaýgy-gamy göçürler.
Ertirden soñ gelin añyrsyn bakyp,
Düýpde oturar, iññe-sapagyn dakyp.
Ýigidiñ ýanyna üýşüp deñ-duşy,
Tapar gelin üçin bir topar işi.
Biri çekip, ýigdiñ bagjygyn ýolar,
Ýene biri oña kömekçi bolar.
Bagjyk dakdyr ýigit bulañ gaşynda,
Bürenjek sümre bor geliniñ başynda.
2007/6/29 0:27:26 / Page 12
Ondan soñ diýerler: görkez gelniñi!
Gelin-de ýygrylyp, gizlär özüni.
Ýigit turup, gelni pugta gujaklap,
Zor bilen başyny dönderer dolap.
Bürenjegin serpip, ýüzün görkezer,
Her kim gelse, şeýdip, bu gelne dyzar.
Gurby ýeten berer ullakan baýrak,
şaýyn tutup, çykyp obadan gaýrak.
Uly- kiçi toýa baka ýörärler,
Iki ýanlaýyn durup, ýaryş gurarlar.
Ikibirden goşup, köp at çapdyrlar,
Märekäñ gözüne tozan gapdyrlar.
Tegelek ortada guralyp göreş,
Baýrakdan soñ oba ederler ýöriş.
Gyzlar gelni käte çykar meýdana,
Kapaslandyr, seýl etsin ň diýp, - jahana
Görjek aýal gelip, ýüzüni açar,
şonlyk bilen ýene iki-üç gün geçer.
***
Baş salmaga aýal-gyzlar üýşerler,
Haýbat atyp, bir-birine çişerler.
Gyz-gelinler tutar gelin tarapyn,
Aýallar bir ýanda düzeder sapyn.
Iki arada bolar ullakan göreş,
Isleseñ göreşdir, isleseñ ýaryş.
Aýallar bir dony alyp eline,
Ýapjak bolup topularlar geline.
Gyz-gelinler ýapdyrmaga goýmazlar,
Uzak gün dalaşyp keýpden doýmazlar.
Bir gelin, bir aýal çykyp arada,
Göreşip synanşar ýeñmek barada.
Topulşyp iki ýan bütin garyşar,
Bir-birine arslan kimin daryşar.
2007/6/29 0:27:26 / Page 13
Bulaşyp saçlary, galam-gaşlary,
Börük gaçyp, açyk galar başlary.
Ahyrynda ökde gelip aýallar,
Don büräp, geliniñ daşyny gallar.
Gutarlar bu oýny gelne baş salyp,
Bererler bir gyza tahýasyn alyp.
Gelin bilen ýigit ýaşar birigip,
Barar şeýdip, bäş-on güne syrygyp.
Gyz taýyndan geler bir gün çagyrjy,
Ýigit gizlenmeli, ýokdur iki ujy.
Olar munda bir gün bolup gaýdarlar,
Elteris gelni, pylan gün diýp aýdarlar.
Bir aýdan soñ çelpek ýapmaly bolar,
Gyz-gelin ýygnanyp, şol öýe geler.
Oturup hamyrdan çelpek ýaparlar,
Bir ýandan bişirip, birlaý doýarlar.
Birdenkä gapydan ýaş-ýeleñ girip,
Gaçarlar gazanyñ çelpegin syryp.
Atasy öýne indi gelni gaýtarlar,
Söwüş-serpaý bilen eltip gaýdarlar.
Öýlerinde gelin iki-uç ýyl gezer,
Haly, çuwal-parça sepini düzer.
Taýynlar şaý-sepin, harç edip ençe,
Gaýtarmazlar tä bahasyn üzünçä.
Ýigit barar ogryn gelin yzyndan,
Enesi hiç ahmal däldir gyzyndan.
Çörek berip barar, ite duýdurman,
Ýa hudaý! diýp çeker arzuw hem arman.
Sandyraklap, ýuwaş girip gapydan,
Pessaý basyp barar gelniñ çepinden.
Garanjaklap, ýakyp otly çöpüni,
Razy eder tapyp gelniñ gepini.
Boýun burup, ýalbar, gelnin çykarar,
2007/6/29 0:27:26 / Page 14
Çöle çykyp, ondan hal-ahwal sorar.
Işlemese ýigdiñ bagty bu ýerde,
Başagaýlyk bilen galar köp derde.
Ahmallykda birden gapy takyrdar,
Aýagy ilip ýa-da bedre şakyrdar.
Ýigdiñ gelenini derrew duýarlar,
Aýt derrew, ahaw kimsiñ? diýerler.
Çäre tapman, ýigit diýer tanalýa,
Garañ görünmesin, diýerlar bolýa.
Gaharjañrak bolsa gyzyñ atasy,
Uruñ! diýip, çasly cykarar sesi.
Dümly-duşdan turup, muny kowlarlar,
Işi gaýtsa, hökman tutup urarlar.
Iderler howutlap haýt, çüw edip,
Ýada berk urarlar, tultuk suw edip.
Zordan sypyp, ýigit zeýrenip gaýdar,
Bolan işi gelip öýlerne aýdar.
Munuñ üçin iki arada bolmaz jeñ,
Çünki bu iş aýyp däldir hemde geñ.
Gelin geler ençe wagtdan soñ gaýdyp,
Ýigit azar bermez, urulşyn aýdyp.
Öy içiniñ ygtyýary gelinde,
Ýüpek atlaz, pürçük bar zat elinde.
Onda-da är sözi ökde aýala,
Deñlik sözün getirmezler hyýala.
Razydyr kemligine aýal ärinden,
Mydam bazar eýläp gezer baryndan.
Bu dogurda bir gep ýokdyr diýesi,
Uzak çekmez bular oglan eýesi.
Käte çanak çakyşsa-da öýünde,
Ýalaýsa-da sögünç, taýak teýinde.
Içinden diýr: är-aýalyñ uruşy -
Geler, geçer ýaz gününiñ ýagyşy.
2007/6/29 0:27:26 / Page 15
Bu barada şeýle diýmek hem gerek:
Barly ýerleñ aglabasy şeýleräk.
Kändi o döwürde garyp ýaşýanlar,
Durmuş gämisini zordan daşýanlar.
Garyplaryñ garyplygy geñ däldi,
Ýeri eliñ aýtymyndan giñ däldi.
Hordy zähmet çekseler-de ärlerçe,
Ýazgytlarna ynanýardy körlerçe.
Diýrdiler: Bagtym pes, emgegim zaýa,
Baýam baýa berýa, hydaýam baýa!
Kyndy olañ datly tagam datmasy,
Öýe aýlanmazdy maýryk çatmasy.
Garyp gyzlañ ters gelýärdy täleýi,
Bolýanlary kändi murdar heleýi.
Garyplyk durmuşa awy gatýardy,
Ne gözeli dula, goja çatýardy.
Aç gyrmazlyk üçin çülpe çagasyn,
şatmaga mejburdy gözel balasyn.
Garyp gyzyn berse bir aç gallaja,
Gurplanmak hyýaly çykýardy puja.
Bir garyba berse deñ-duşy diýip,
Syna sagdyn, akyl-huşy bar diýip.
Ömür boýy aç-ýalañaç galjakdyr,
Maýryk çatma oña zyndan boljakdyr.
Mydam ýüzer agyr oýlañ küýünde,
Ýugurlyk un ýokdyr onuñ öýünde.
Pul, elbet, ýapýardy köp aýyplary,
Gyz satyn alýardy baý maýyplary.
Pul köre göz biýrdi, lala saýrak dil,
Puluñ penjesinde soldy ençe gül.
Emma gyzy pula bermek bir hili,
Gyzyñ satyp ömür sürmek bir hili.
Muña çäre gözläp garyp hem gallaç,
2007/6/29 0:27:26 / Page 16
Gyzyna dözmese, tapmady alaç.
Pul bolsa ýamasy bitjek ýalydyr,
Maksad-myradyna ýetjek ýalydyr.
şeýdip garyp gyzlar örän harlandy,
Zulum, sutem, gamçy astynda horlandy.
Bu hakda-da birki agyz aýdaly,
Ilki duşan ýerlerinden gaýdaly.
Baý garyby hiç özüne deñ saýmaz,
Duşan günden harlamany geñ saýmaz.
Getirlende ilki gelniñ ýanyna,
Gaty çişip, sygman geler donuna.
Üýşmeleñde öz-özünden ýel alar,
Epeýlenip, bolup bilenin bolar.
Turuwbaşdan çişip gelniñ üstüne,
Derrew girer gorkyzmanyñ kastyna.
Ädik çykar diýip, ony hürseklär,
Ýersiz-ýere biçäräni tirseklär.
Öz bolşuny görenlere göz eder,
Çykar diýip, aýagyny uzadar.
Gelin heniz aýlanmanka bärsine,
Bilgeşländen tutan bolar tersine.
Hütüledip deper ýatan ýerinden,
Gyzyñ ilki almytydyr ärinden.
Gyzyñ dert üstüne derdi sepişer,
Alaç tapman ädigine ýapyşar.
Gül ýaly jenany horlar ol, arman,
Dyzyndyryp goýar, ädigin bermän.
Añsat däldir çözmek çigşen guşagy,
Köşedäýmek kyndyr kelpeñ eşegi.
Tüweleme diýer, çyksa synçylar,
Ýüzden derin sylyp biraz dynç alar.
Öýde ýeke galar diñe iki ýat,
Gyz içinden çeker dat bilen perýat.
2007/6/29 0:27:26 / Page 17
Ýigit birje hoş söz aýtman geline,
Näme ilse, salyp goýbär goluna.
Ýüreginde ýaman niýetin beklär,
Näzijek bedenden burar, çümmüklär.
Elden gelen zulmun eder geline,
Aýdyp goýbär näme gelse diline.
Göýä gyrgy penjesindedir gelin,
Hiç hossary ýokdur aýdara halyn.
Zarynlar hiç ýerden bolmaz bir jogap,
Ata-enesinden ýüregi awap.
Aýdar öz içinden:Eý, enem-atam,
şunça zulm etdiñiz, nämedi hatam?
Naýynsap taganna gazan ataryp,
Eñterdiñiz meni, aşak iterip.
Baý malyna gyzyp, meni satdyñyz,
Teññesini sanap, jübä atdyñyz.
Seljermän kimdigin maña är boljak,
Berdiñiz doñuza taşlandy ýaljak.
Ene-ata perzendini şeýdermi?
şeýle zulmy heý-de ynsan edermi?
Men balañyz dälmi eýse bu geñle,
Garagñyz gapdymy jyññyrdan teññe?
Gezerdim men torguş kimin bakjaklap,
Boz sähranyñ jereni dek bökjekläp.
Arman, geçip gitdi menden o döwran,
Ýok-la mende golaý-goltum, dost-ýaran.
Näýynsap eline geldim-de düşdüm,
Wah, arman nädeýin, ýandym-da bişdim.
Men bir ejiz, ol üstüme gygyrýar,
Gitdigiçe beter çişip gabarýar.
Garyp gyzy bolmagym meñ aýypmyş,
Meniñ oña duşmagym-da haýypmyş.
Dişini syrtardyp, dalýar ýyrtyjy,
2007/6/29 0:27:26 / Page 18
Elimde erkim ýok, tenimde ň gamçy.
Ertir turup ýeñsesini tüññerdip,
Gepleşmän, telpegin geýer zoññardyp.
Deñ-duşlary gelse onuñ ýanyna,
Edermenlik edip, sygman donuna,
Ahaý! - ysnat getirme sen äriñe,
Aç ýüzüñi, dolan derrew bäriñe!
Oýlanman soñunyñ näm boljagyny,
Gazap bilen dartar bürenjegini.
şaýly börük töre bakan myçylar,
Gelniñ ýüzi-ha däl, başam açylar.
Günde azar berip geçir bir aýyn,
Keýp eder bu bolşa bolgusyz gaýyn.
Gije-gündiz ýaşly bolup gözleri,
Ak ýuwha dek bolar gelniñ ýüzleri.
Gaýtarlansoñ käte baryp yzyndan,
Gaýynlarny bizar eder gyzyndan.
Utanmaz ýaman iş, ýüz garalykdan,
Çekinmez her hili masgaralykdan.
Keser serpik bagyn, taýyn dokmasyn,
Edermenlik biler ýanlyk dökmesin.
Gaýny bilen ýersiz ýere sögüşer,
Bolýa-da! diýp gelniñ üstüne çiser.
Bolýa-da sözünden galyp kän derde,
Gelin pahyr aglap galar bu ýerde.
Ah nädeýin, gara mañlaý, şum bagtym,
Ölüp gitsem gowy dälmikä gaýtam?
Ýadymdan çykmandy öñki azary,
Ýene gelip gurdy köne bazary.
Il içinde barmy, kesýän dokmany?
Kişilikden bilýän gatyk dökmäni?
Etjegini edip, diýýär bolýa-da,
Bolýa-dadan ýürekde dert galýa-daň
2007/6/29 0:27:26 / Page 19
Ýuregim ot alyp ýanýar-la bagrym,
Meniñ günäm näme, eý uly Tañrym?
Ýazygym näm boldy, bagtym garaltdyñ?
Bir zalym ajdaryñ agzyna atdyñ!
Käşgi ýetmän ol zalymyñ destine,
Girsemdim men gara ýeriñ astyna!
Meni mal ornunda görýär ol zalym,
Ah, bilemok, niçik bolarka halym?
Bir özüm diýp, düşünmeýär biçäre,
Müñläp garyp gyzy duşýar şeýle äre.
Gelin gaýynlarna gaýdyp gelensoñ,
Gyrgyñ penjesinden sypman galansoñ.
Doluşan gunçasyn gülüp açmanka,
Saralar-da solar zaman geçmänkä.
Äri her gün turşardar-da ýüzüni,
Pälin bozup, alardar-da gözüni.
Zat ýok ýerden geçip gelniñ daşyna,
Bigünäniñ oýun getir başyna.
Ýersiz ýere bu pahyry taýaklar,
Kä göwrede gezer gödek aýaklarň
Ýokdur gelniñ haky garşy durmaga,
Haklydyr är halan wagty urmaga.
Otursa: tur tursa diýer: gel otur!
Berse, äkit diýer, äkitse: getir!
Buzdan tozan, tozandan-da buz arar,
Häli-şindi kän yrsarar, kän darar.
Garyp gyzy gara görner gözüne,
Asyl-ha mynasyp saýmaz özüne.
Diýer: edep-terbiýäni bileñok,
Akylyñ ýok, berilse-de alañok.
Heleý däldir belki seni doguran,
Arwah-jyndyr palçygyñy ýuguran.
Seniñ bilen ýaşap bilmesem gerek,
2007/6/29 0:27:26 / Page 20
Öldürsem ganyñdan soralmaz derek.
Täze heleý alaryn men üstüñe,
Iýjek nanyñ döwüp berer destine.
Kir ýuwarsyñ, kül süpürer-atarsyñ,
Itiñ ýatýan ýatagynda ýatarsyñ!
Aýal-gyzy hak-hukukdan kesen kim?
Uran, ýenjen, öldüren hem asan kim?
Ruhany, namalar dälmi baglanlar,
Näzeninleñ ýureklerin daglanlar.
Aýal-erkek bir däl diýip Kuranda,
Ýarym hak belledi kokun-gurbanda.
şaýatlykda bir är ýerne - iki aýal,
Gulagy ker, gözleri kör, dili lal,
Mirasdan-da gyzyñ haky ýarym paý,
Dört aýal almaga hakly bir bet baý.
Satyn alan malyň ursun, öldürsin,
Maşgalada är ärligin bildirsin.
Baýlar şol kanuny doga edinip,
Aýal garşysynda arslana dönüp,
Guýruklarny bulap, arlap gezdiler,
Aýallary asyrlarça ezdiler.
Din zynjyry aýal-gyzy torlapdy,
Baýlar ejizleri niçik horlapdy!
Baý ýerde har bolar garybyñ gyzy,
Gaýnenesi, gaýyn ata, baldyzy,
Hemmejesi uçdantutma baýardyr,
Urup harlamaga mydam taýýardyr.
Her haýsysy bir ýanynda lagyrdar,
Näm etjegin bilmän, gelin zagyrdar.
Gaýgydan, hasratdan egilip başy,
Gije-gündiz dynman akar gözyaşy.
Dula bakyp, başyn çümre bürenip,
Perýat eder durmuşyndan zeýrenip.
Garyplykdan köýdüm, eý atam, enem,
Muñlerçe gyzlar dek çüýredim menem!
Tutmaga elim ýok, gaçmaga aýak,
Iñ ýakyn hossarym - tenimde taýak.
Janym eje, bir mähriban ýok maña,
Aglap ölýän ilkagşamdan tä daña.
Eý hudaýym, meni betbagt ýaratdyñ,
Ýaratdyñ-da, doñ ýürege ýal etdiñ!
Ýa-da sen hem para-peşgeş aldyñmy?
Teññesini goltuguña saldyñmy?
Baýlygy nämüçin berýäsiñ baýa?
Basgylatmak adyllykmy hudaýa?
Gylaw berýar oña altyn teññesi,
Ýene birin alaý diýer ýeññesi.
Goý, jahennem, alsyn ýene ikisin,
Menden elin çeksin, kessin dessesin.
Hiç bir ynsan çekip bilmez bu zulmy,
Bu ömürden añsat görjek ölümiň
Ýa bir düýpsüz guýa eýse özümi
Başşak zyñaýynmy, ýumup gözümi?
Ýa bir ýurda gideýinmi baş alyp,
Ýigrenji durmuşdan aramy bölüp?
Ýagşy, çykdym gitdim nirä baraýyn?
Kimden haraý, kimden kömek soraýyn?
Yzymdan at salyp hökman ýeterler,
Saçymdan ýapyşyp, süýräp getirler.
Öñküden aýylganç zulma başlarlar,
Belki el-aýagym güýlüp taşlarlar.
şum bagtymyñ heý çyrasy ýanmazmy?
Durmuş üýtgäp, maña döwür dönmezmi?
Jan jellady zyndandan bir çyksamdym,
Giñ jahana höwes bilen baksamdym.
Ah, nädeýin, gara boldy mañlaýym,
2007/6/29 0:27:26 / Page 22
Ýaýa döndi çybyk ýaly dik boýum.
Gije-gündiz dynman çekip endişe,
Tä ölünçä şu boluşdyr hemişe.
Pul döküp, mal berip, etmezden haýal,
Baý ogly ýene-de alar bir aýal.
Birden sulhy alsa eger soñkyny,
Itden beter dalar gezer öñküni.
şeýdip baýlañ hiç galmazdy armany,
Garyp gyzlar bordy zulmuñ gurbany.
Bedasyllañ nemunasy ne ýaman,
Gyz pahyra berýan zulmy, eý aman!
Göwnümiñ guwanjy türkmen gyzlary,
Öten zaman kän horlady sizleri.
Zalym baýlar berip goýun, pul, düýe,
Iki-üçüñiz ýygyp, dykdy bir öýe.
Ygtyýary eliñizden aldylar,
Deñlik bermän, bürenjege saldylar.
Urup-ýenjip maksatlarna ýetdiler,
El-aýagñyz maýyp-müjrüp etdiler.
Kä biriñi ýersiz-ýere öldürip,
Gara ýeri gyzyl gandan dolduryp,
Kimiñi kesdiler, kimi asdylar,
Mähirsiz zalymlar guma basdylar.
Gara gözler, güler ýüzler, ýaý gaşlar,
Hünärli barmaklar, döküldi dişler.
Emma indi geçdi senden ol zaman,
Eý gözel gyz, töweregñe bir garan!
Öñki zulum, öñki jebir hem jepa,
Başyn alyp gitdi, gelmesiz gapa.
Partiýamyz seniñ bagtyñy açdy,
Oktýabryñ dañy sönmez nur saçdy.
Tiz tur indi, gal ýeriñden ýaýdanman,
Talap eýle hakyñ deñ-duşdan galman!
2007/6/29 0:27:26 / Page 23
Bilim alyp, azatlyga tut ýüzüñ,
Kem tutma ärlerden hiç wagt özüñ.
Deñlik size ärler bilen her işde,
Täze bir durmuş gur, ýürekden joş-da.
Halyñ öwşün atsyn, ösdür sen käriñ,
Dünýäni bezesin meşhur hünäriñ!
Azap ýok, zulum ýok, rähnet seniñki,
Erkana söz, azat zähmet seniñki.
Ykjam ýapyş, kän iş bagly aýala,
Bu azat durmuşda ornuñ eýele!
Solmarsyñ sen, täze açylan gülsüñ,
Saýra watan bähbidine bilbilsiñ!
Alynan ýeri:
http://gunesh.org/turkmen/kerbaba_gyzlardun.htm
2007/6/29 0:27:26 / Page 24
-
jigit
16 years ago
- Sanma shahim herkesi sen sadikane yar olur
Herkesi sen dostmu sandin belki ol agyar olur
Sadikane belki ol alemde bir dildar olur
yar olur,agyar olur,dildar olur,serdar olur
vertical ve horizontal okasan den gelyar
-
agayunus
16 years ago
- Magtymguly-pyragy
"Alan ýagşydyr"
Adam ogly, bu dünýäden ötünçäň,
at bilen abyraý alan ýagşydyr,
gulatynyň saýasynda ýatynçaň,
bürgüt penjesinde ölen ýagşydyr.
Binamaz elinden tagam iýmäňler,
islenmegen ýerde güftar açmaňlar,
hergiz namart köprüsinden geçmäňler,
gark bolup, derýada galan ýagşydyr.
hataryň görküdir maýalar, nerler,
ilimiň kuwwaty merdana ärler,
ýalançy Alla`nyň duşmany diýrler,
emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr.
magtymguly, diýer sözüm dag aşmaz,
namart adam ýoldaşyna garaşmaz,
ýas hana ýerinde gülmek ýaraşmaz,
toýuň meýlisinde gülen ýagşydyr.
"Zor bolar"
ýagşylykda ile özün tanadan-
alkyş alyp, derejesi zor bolar,
ýaman bolup, ýagşylygy unudan-
öz yzzatyn gidir, itden hor bolar.
muňly bolar myradyna ýetmeýen,
müýnli bolar hak emrini tutmaýan,
öz ryzkyna hiç kanagat etmeýen,
gözün diker, kişi aşyna zar bolar.
her kim ýamanlasa deňi-duşyny,
özi müşgül eder asan işini,
kim dargatsa akyl bilen huşyny,
eden işin bilmez, sermisar bolar.
zehini keç bolar bady ýaňylan,
biygtyýar bolar goly daňylan,
göreşde ýykylan, jeňde ýeňilen,
içi doly namys bilen ar bolar.
gaýraty kem bolar gahyry azyň,
depgini pes bolar matamda sazyň,
öýüne barsaňyz, bir binyýazyň,
göwresi gysylar, köňli dar bolar.
kim belany satyn alsa başyna,
reşk edip, rakyplar geçer daşyna,
tokuş etse kim başarmaz işine,
söwdasyndan gelebilse är bolar.
soňun toba etmez ýaňyşyp ýazan,
ot ýaksaň gaýnamaz bir gury gazan,
pähm ediň, her ýerde bir päli azan,
ýowuz musallata sezewar bolar.
hazana dönüpdir ömrüm ter güli,
nazaryn pes tutar ilden, bergili,
biykbal, ýazykly, ýaman görgüli,
uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar.
öňde yzda görseň her kes gulamyň,
ondan aýamagyn taňry salamyn,
kim okyp unutsa hakyň kelamyn,
kyýamat gün iki gözi kör bolar.
haly müşgil bolar köýüp-ýananyň,
imany şikest tapar haram iýeniň,
kastdan roza, namazyny goýanyň,
özi kapyr, biliň, jaýy dar bolar.
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
taraşlap, şaglatgyn köňle geleniň,
senden soňkylara ýadygär bolar!
-
agayunus
16 years ago
- harmandali, sahypaň üçin minnetdar!
goşgylar dünýäsi bir başgalaý...
-
guler_yuzli
16 years ago
- yalňyz bolsan yetisherin yanyna
seni yeke goyman diyen sozun bar
yatlamalan anyrsyndan cykda gel
alyslardan alyslarda galan yar!
tapysan yerinde yer bilen gogun
hergun sana garasharyn intizar
gun doganda gun içinden cykda gel
uzak daglan anyrsynda galan yar!
-
Harmandali
16 years ago
Berdi Kerbabaň "7 ýaprak"-y şeýle gowy kitap ekeni
“7 yaprak” kitap Kerim agan kitaby bolmaly. “Taymaz baba” hem onunky. kitapda 7 hekaya bar: Taymaz baba, Ayal bagshy, Ata we ogul, Gumdan tapylan yurek, Namys, Yurek poemasy yene-de biri bolmaly yadyma dushenok.
B.Kerbabaewyn “gyzlar dunyasi” goshgusyny men hem shol sahypadan okapdym gowy goshgy.
-
Harmandali
16 years ago
- Bashim Atayew
“Ulygyz”
Sena ulugyzdyn zulplerin towly,
Menem bir mashgalan korpeje ogly.
Mena “Soyyan” diyip sayran bolardym,
Senem moncha bolup aynan bolardyn.
Hemishe gizlenip goz bilen dilden,
Bileje yorardik gumaksy yoldan.
Ir saherden baryp atyzly pele,
Ak pagta yygardyk ikimiz bile.
Kop sorag bererdim, sebap uludyn,
Gul ulkamde gozellerin guludin.
Degiship diyerdin: “Basym yigit bolarsyn,
Oylenmekchi bolsan meni alarsyn?!”
Kyndy bu sowalyn jogap tapardan,
Oylanyanym gorup, gozun gypardyn.
Kop pikir ederdim bolup haly ten,
Diyrdin: “Jogap ber-da sowalyma men!”.
“Jady gozlen ashygy men, ashygy,
Yone neyley chapraz gelen yashymy?
Tayyn baky owrulmage guluna,
Arman, lalam, yashyn menden ulu-da!
Men yigit chykyancham, ynanay, gulum,
Sen bolarsyn enche chagaly gelin!”
Bu sozlerme goz astynda gulerdin,
Shonda has owadan, ajap bolardyn.
Son diyerdin: “Omrum ahyryna chen
Garasharyn meni aljagyn bilsem.
Emma bu durmush-da etsenem gowun,
Hasyl bolayanok ahli arzuwyn.
Ate soyen soymedige chatylyar,
Ykbal aty bizden bidin chapylyar.
Ayra dushsek, hergiz gownun galmasyn,
Bir dilegim - guler yuzun solmasyn.
Omur salyn shat durmushda kurekle,
Hem soygimiz baky sakla yurekde”…
Sheydip, bezedin sen ozgan toruni,
Son asla gormedik birek-biregi.
Bir wagt owrulenson gowun shadyma,
Ynha, bu gun dushdun yene yadyma.
Mena bir mashgalan korpeje ogly,
Senem ulygyzdyn zulpleri towly.
(Shuny okap ozum yadyma dushup gitdi :) Kichi chaga gorsem hemishe menem sheyle diyyan yone oyun edip diyyan. Son ejeleri bashlaya “men oglum ulalyancha sen garrayan..” diyip ay menem “meni aljagynyz chynynyz bolsa garashayaryn gyssanyan yerim yok.. :)” diyyan. Hehe sheydip bellan oglanjyklarym kop)
Hemra Shirow
“Yalnyzlyk adasy”
Yalnyz okeanda yalnyz ada bar
Yalnyz oy bar ortasynda adanyn.
Yalnyz oyde yalnyz adam yashayar,
Yalnyz pishigi bar yalnyz adamyn.
Yalnyz adam yalnyz pishigi bilen,
Yalnyz adadaky yalnyz oyunde,
Yalnyz yashamakdan halys bez bolan
Yalnyz kishi hakda hinlenyar gunde.
Yalnyz gami baryar yalnyz yelkenli,
Yalnyz ada yalnyz gaminin ugry.
Yalnyz adam bulap yalnyz telpegni,
Yalnyz halasgarin chagyryar: “Bari”
Yalnyz denizchi bar yalnyz gamide
Yalnyz yolbeledi yalnyz adanyn.
Yalnyz yenipdir ol tupan-gomy-da,
Yalnyz dosty, chunki yalnyz adamyn .
Yalnyz adam alyp yalnyz pishigin
Yalnyz dosty – yalnyz denizchi bilen,
Yalnyz oyun yapyp, yalnyz ishigin,
Yalnyz gama munyar, yzyndan gelen.
Yalnyz ada donyar yalnyz nokada,
Yalnyz gami barha aldykcha bady..
Yalnyz okean yok, yok oy, yok ada,
Yalnyz wagtym tosladym beyle zady :)
“Tas…”
Tas bir gezek mashynyn ashagyna dushupdim.
Tas bir gezek jennelde mojek iyipdi meni.
Tas bir gezek yykylyp, manlayymy deshipdim.
Tas bir gezek tuykesme ogry soyupdy meni.
Tas bir gezek deryada girdaba gark bolupdym.
Tas bir gezek at depip, chykarypdy gozumi.
Tas bir gezek sahrada suwsyzlykdan olupdim
Tas bir gezek yylana chakdyrypdym ozumi…
Tas kop yerde goldapdyr, edip otursam pikir,
Tas henizem goldayar, Tas -yn baryna shukur!
Tas bolmadyk bolsa, men hem diri gezmezdim
Tas hakdaky ynha shu shygrymy-da yazmazdym.
-
Harmandali
16 years ago
- Döwlet Annamyradow
“Ýene söýgi bolar…”
.. Ýene söýgi bolar goja barlykda,
Şatlyk-gussa, gaýgy-hasrat çekiler.
Belentdir ol şazadalyk-şalykdan-
Göz öňünde ýene dyza çöküler.
Ýazlar ýene güle dolar beslene,
Söýen güýzleň reňki saralar, öçer.
Yşkyň zaryn aýdymy deý seslene,
Ak durnalar gökde pel-pelläp uçar.
Söýgi bolar dagda, düzde, derýada,
Leýlisaçlar gamgyn yrar başlaryn
Hem öz ýaryn baky munda öpmedik
Aşyklaň gujagna döker saçlaryn…
Ýene söýgi bolar,
Ýene gam bolar,
Köňüllerde galar süýji ýatlama.
…Kimdir biri ýene men bolup söýer-
Gadym yşgyň üstün açyp şatlanar…
**
“Durmuş derýasynda”
Ýüzüp ýörkäň durmuş atly derýada
Kenarynyň bardygyny unutsaň,
Per bermeseň, gussa, ahy-perýada,
Şatlyk bolup ýagyp dursa bulutlar.
Gulagňy gandyryp elwan gülleriň
Ýuwaşja hiňlenýär aýdymlaryndan,
Depäňde göterip asman gümmezin,
Ýitseň sähralaryň ýaşyl ýolunda.
Gökde ganat ýaýsa guşlaň aýdymy,
Ömre bezeg berse ygşyldan baglar,
Kalbyňy dörseler pyşyrdan baglar,
Bolmasa hiç ýaşaýyşdan doýdumyň.
Güýzler garrar.
Baglaň ömri soňlanmaz –
Dökülýän ýapraklar däl ölme sebäp.
Ömür bolup ýazlar ýene doglanda,
Tebigata dirilik suw sepeläp,
Ýok, güller däl, sen gül bolup açylsaň,
Dideleriň nury galsa her ýazda.
Ak gyşlaryň ruhy bolup saçylsaň-
Gark bolmasaň durmuş atly derýada…
**
“Öň hem soň”
O günlermiz jebir bolup ötendir,
Pursatlar ömürlik ýatdan çykmazlar:
Gor, seniň öňüňde neneň kösendim,
Aýdara söz tapman duşuşyklarda.
Ömürlik däl eken ýaşlyk ýyllary,
O günler hoşlaşman geçip gidipdir.
Bizi duşuşyga elten ýollarda
Galan aýagyzlar öçüp gidipdir.
Boldum dilewer hem biraz öwünjeň,
Birwagtkym deý duramok hiç sakynyp.
Öň diýmäge söz tapmazdym öňüňde
Indi söz tapýan-da, seni tapamok…
**
Bir kiçijik umyt bilen seni gözlär ýörerin,
Bilmez hiç kes ýoluňda ellerimi serenim.
Kä asmandan, käte ýerden köňle karar taparyn,
Kä ahwallar goýsa derde, meni yşgyň aparar.
Ýanaryn men, ýaňagyndan sowlan elwan bahara,
Örtenerin, nazaryňdan kowlan şowhun-dabara.
Gitdigiçe öwrülersiň sen hyýaly jenana,
Synlap aýkamat jemalyň, diň salaryn sedaňa.
Ýüregimde şalyk sürer seniň şazada keşbiň,
Şo didara bendiligmi bilmersiň sen aýlanyp.
(Eger şeýtmek mümkin bolsa!?) kalbymda etseň düşleg,
Öz-özüňi tanaman sen, şo gözelden haýykma!…
-
Harmandali
16 years ago
- Annaberdi Agabaýew
“Halanmazlyk aňsat…”
Halanmazlyk aňsat. Halanmaklyk kyn.
Sylanmazlyk aňsat. Sylanmaklyk kyn.
Böwrüňi diňledýän sowally işe
Synanmazlyk aňsat. Synanmaklyk kyn.
Halanman,
Sylanman,
Çyn işlere synanman,
Gezip ýörseň, bu ahwala gynanman,
Seniň ýolugyňa ynanmak mümkin,
Ýöne barlygyňa ynanmaklyk kyn.
***********
“Dogan” (Ejemiň adyndan merhum daýyma bagyşlaýaryn) (Shu goshgyny 7 klas jigim yazdy ozuma haladym dayysy yogalanynda onun ejesi gaty erbet yagdayda boldy shonda yazypdy ejesinin adyndan)
Gara dogan, arka dagym
Sag golumdyň eziz dogan
Sag golumy sogrup alyp
Ýere saldy Ajal dogan
Görüp ýumuk gözleriňi
Ynanmady bu gözlerim
Yrap oýadasy geldi
Meniň bu iki ellerim
Gyrmyz donuň çykaryp
Oradylar kepen dona
Salyp seni gara ýere,
Bürediler toprak dona
Ir sogurdy Beýik Taňry,
Aramyzdan seni dogan
Iň bir uly doganmyzdyň
At-abraýly oglumyzdyň
Adyň bardy obamyzda
Käriň bardy iň bir sada.
Gelip bu gün Ölüm bela
Aldy gitdi seni dogan
-
Harmandali
16 years ago
- Allaýar Çüriýew
“Ýeňiş goşgusy”
“Watan!” diýip, janyn beren gerçekleň,
Aglaýarys şu güne çen agysyn.
Bu gün altmyş ýaşly şahyr ýatlaýar,
Urşda galan ýigrim ýaşly agasyn.
Ömür perzent garsyny görmedik,
Gelin indi bu gün segsen bäşinde.
Agyr boldy urşuň salan ýarasy,
Ýaşlyk galdy kyrk biriniň gyşynda.
Watany gorady döşlerin gerip,
Iwan, Mustaý, Musa, Gurban Durdylar.
Annagylyç Ata, Aýdogdy Tahyr…
Sarsmaz polat gala bolup durdular.
Şeýdip duşman sürenine dykyldy.
Hem Ýeňiş Baýdagy belent dikildi.
Topragyny gorap, topraga siňen,
Watan gerçeginiň ömri zyýatdyr.
Asyrlar aýlanyp, asyr geçse-de
Olar diri, Muňa taryh şaýatdyr.
Türkmen bedewine atlanan Marşal,
Kyrk bäşde gutlapdy Ýeňiş paradyn.
Şöhratyň hiç öçmez, adyň taryhda,
Arap atly hem gaýratly ak atym.
Şöhratyň hiç öçmez türkmen esgeri,
Şöhrat saňa atalaryň adyndan.
Nusgasy sen dosta wepadarlygyň,
Çykarmaz Rus seni ömür ýadyndan.
Öz ömründen kertip, ýaşasyn diýdiň,
Adamzadyň ömür goşduň ömrüne.
Ýaşa sen, eý, Azatlygyň esgeri,
Böwet bolduň faşizmiň howruna.
Watany gorady döşlerin gerip,
Iwan, Mustaý, Musa, Gurban Durdylar.
Annagylyç Ata, Aýdogdy Tahyr…
Sarsmaz polat gala bolup durdular.
“Gelnejeme” (Söýün Amandurdyýew)
Seniň mertligiňe başymy egýän,
Saçlary çalaran! Eziz gelnejem.
Gör, niçe ýyl garaşýansyň gerçege,
Dönüpler gursagyň gyzaran peje.
Güň yşkyna lowurdaýar çal başyň,
Ir agardy ýüpek saçlaň tarlary.
Uruş näçe gelni ýalňyz goýandyr,
Gara ýere duwlap söwer ýarlary
Güler ýüz ýigitler, eziz ýigitler
Gezmelidi giň sahrada at salyp.
Ah, nädeli ýar dyzyna ýaplanman,
Ýatyr olar aýralygy ýassanyp.
Jeňde her birisi şir bolup eňdi,
Mertlikden döräpdi olaryň asly.
Ýowuz günde “bukuldymda” ýatmaýar,
Göroglydyr Keýmir körleriň nesli!
Şeýdip jeňde gurban boldy merdanlar,
Söweşleň ýeňişi düşmeýär arzan.
Diýýäň: “Gelsediler yza dolanyp,
Hatar gurap gelişi dek ak durnaň”.
Olar ýeňiş bolup gaýdyp geldiler.
Merdiň güýji ýagylardan rüstemdir.
Taryh gören däldir beýle mertligi,
Watanyň özüne döndi esgerler.
Gurbandurdy Gurbansahedow.
"Ene"
Soranmysh bir wagyt Ay gune bakyp:
“Dunyanin gorki na? aydyp bersene?”
Gun hem diyenmishin nuryny dokup:
“Dunyanin bar gorki enedir ene”
Soranmysh bir wagyt yel suwa bakyp:
“Dunyanin berki na? Aydyp bersene?”
Suw hem diyenmishin sharlayyp akyp:
“Dunyanin bar berki enedir ene”
Soranmysh boz gulan bir ata bakyp:
“Dunyanin orki na? aydyp bersene?”
At hem diyenmishin julgeler sokup:
“Dunyanin bar orki enedir ene”
Soranmysh bir Ene shahyra bakyp:
“Dunyanin durky na? aydyp bersene!”
Shahyr hem diyenmishin dyzyna chokup:
“Dunyanin bar durky Ene sen Ene!”
GAŞY SÜRMELI
Güller gözelligi senden öwrener‚
Göz degmesin‚ gülüm‚ gül çagyň seniň.
Agşamyň şapagy solak görüner‚
Säheriň şapagy ýaňagyň seniň.
Gözleriňe baka bilmen bakaňda‚
Baksam ýürek aýdym aýdýar hakyňda‚
Gül göwsüňe gülýakaňy dakaňda‚
Baglar gözlerimi bentnagyň seniň.
Dogaňda dogupsuň gaşy sürmeli‚
Zülpleriňi ogşap-ogşap örmeli‚
Bagty görmek islän seni görmeli‚
Düşümlidir‚gülüm‚ aýagyň seniň.
Görsem ýüregimde bir tupan turar‚
Görmesem ýüregim mydam ah urar‚
Alkymyňdan atyr ysy bark urar‚
Gülabyň gaýmagy dodagyň seniň.
Ölmez‚ güljahanym‚ saňa ýer bolan‚
Gülmez‚ güljahanym‚ saňa zar bolan‚
Körpejekä saňa hyrydar bolan‚
Şahyr ýüregimde soragyň seniň.
(Gara Seyliyew)
-
Mollanepes
14 years ago
- Nahili ajayyp goshgular!!! Halayan-da sheyle goshgulary...In gowy setir: Indi begensinmi? Aglasyn?!
Harmandali 16 years ago- shu shahyrymyzyn prezidentyn yygnagynda eden hayyshyna otkaz alany hich yadymdan chykanok. Shonda ayagy agyryan eken, yygnagyn sonunda zordan turdy, hasam beter hayyshyna yok diydi weli gaty sussy basyldy. Butun yurdyn shahyry, yashuly adam galybersede bir bitmez yaly zat hayysham etmandi.