Dünýe juda mätäç merde,
Derman bolup ýara derde.
Alkyş, sogap ýatmaz ýerde,
Kasas galmaz kyýamata.

Guly bolma men-menligiň,
Ýokdur diýme, bardyr kemiň.
Dag ýarýanam bolsa demiň
Mätäçsiň sen hemaýata.

Gadryn bilgin ataň barka,
Gizlemegin hataň barka.
Sakla ony sarpaň barka,
Gulak salma mahabata.

Aç gözüň, saýgararsyň,
Ejizleme, eýgerersiň.
Ýük çekmegi öwrenersiň —
Gyýa bakma garamata.

Her obada duşar telpek,
Her ilde-de bar bir tentek.
Halk diýmegem bolmaz entek
Bir oýnatgy jemagata.

Ýene-de bir diýjek zadym,
Hak sylasyn öz zürýadyn.
Sena edin Allaň adyn,
Dil ýetirme keramata.

Rowaçlansyn haýyr-yhsan,
Eý, gudraty güýçli Subhan!
Bu dünýäde haýwan, yhsan
Göz dikip dur sahawata.

Agyr ýükler çekdi gerden,
Haka sygnyp gezdim her dem.
Eý takdyrym, gora şerden,
Duçar etme peläkete.

Azmasaň, aýp däldir meslik,
Bar beýiklik, bardyr peslik.
Geňlemeýän binamyslyk
Meňzeýär bir alamata.

Müzzerilme, çytma gaşy,
Düşse bir gün ömrüň gyşy.
Amanatdyr hemmäň başy —
Heý, şek barmy Adalata!

B.Hudaýnazarow.

Mowzugy halasaňyz (+), halamasaňyz (-) bilen gollap durmagyňyzy haýyş edýän. Goşgy barada garaýşyňyzy teswirlerde beýan etmegiňizi haýyş edýän!

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir